Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Moskwadan raýatlaryny getirer


Türkmen uçary
Türkmen uçary

Türkmenistan ýakyn günlerde koronawirus çäklendirmeleri sebäpli daşarda galan raýatlarynyň ýene bir tapgyryny ýurda getirmek üçin, Moskwadan ýörite uçuşy amala aşyrar. Bu aralykda, ýurtda COVID-a garşy waksinalaryň gutarandygy baradaky maglumatlaryň fonunda, geçen aý giň gerimde başladylan üçünji, ýagny buster sanjymlaryny urmak kampaniýasynyň hem gerimi haýallady. Şeýle-de, ýurduň çäginde koronawirusyň ýeke ýagdaýyny hem resmi taýdan hasaba almadyk türkmen häkimiýetleri, käbir COVID çäklendirmelerini gowşadyp başladylar.

“Türkmen häkimiýetleri martdan başlap daşarda galan raýatlaryny ýurda getirmek üçin ýörite uçar gatnawlaryny gaýtadan gurnap başlar. Soňky gezek türkmen raýatlary ýanwarda Türkiýeden getirilipdi, fewralda bolsa bu ugurda hiç hili uçuş amala aşyrylmandy. 9-njy martda Moskwadan ýörite uçaryň gelmegine garaşylýar” diýip, Azatlygyň Türkmenabadyň aeroportundaky çeşmesi 7-nji martda ýerli habarçymyza gürrüň berdi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli atlandyrylmasyzlygyny soran çeşmämiz 15-nji marta çenli Moskwadan türkmen raýatlarynyň ýene bir tapgyrynyň getiriljekdigini aýtdy.

Ýatlatsak, Türkmenistan koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň martynda ähli halkara uçuşlary ýatyranyndan soň, dürli ýurtlarda ‘agyr ýagdaýda galandygyny' aýdýan müňlerçe türkmen raýaty watanyna dolanyp bilmän kösenýär.

Türkmenistana käwagt barýan uçarlara münmek üçin düzülýän resmi sanawlara goşulmak işi käbirler üçin aýlara, beýlekiler üçin bir ýyldan hem köp wagta çekýär. Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylar bu uçarlardan peýdalanyp bilmek üçin daşary ýurtlardaky türkmen resmileriniň 1 müňden 3 müň dollar aralygynda para soraýandyklaryny hem gürrüň berýärler.

Bu barada, şeýle-de ýola goýulýan ýörite uçar gatnawlary boýunça “Türkmenhowoýallary” gullugyndan resmi maglumat alyp bolmady. Mundan başga-da, daşarda galan türkmenistanlylary getirmek ugrundaky uçar gatnawlarynyň ýola goýulmagynyň Russiýanyň sebäpsiz Ukraina çozmagyndan soň dörän gumanitar krizis bilen hem bagly bolup-bolmadygyny anyklamak başartmady.

Bu aralykda, Türkmenistandan adamlary Russiýa çykarmak üçin gurnalan ýörite çarter uçuşlary hem indi rus S7 kompaniýasynyň deregine, “Türkmenhowoýollary” gullugynyň uçarlary bilen amala aşyrylar. Bu barada garaşsyz turkmen.news neşiri öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär. Ol munuň rus kompaniýasyna Russiýanyň Ukraina hüjüm etmegi netijesinde girizilen sanksiýalar bilen ilteşiklidigini hem nygtaýar.

Azatlyk bu maglumaty häzirlikçe resmi wekillere we öz çeşmelerine ne tassykladyp, ne-de inkär etdirip bildi.

Şol bir wagtda, Lebaply habarçylarymyz sebitde ilatyň arasynda grip-dümew alamatly keselleýänleriň köpelmegi bilen, giň gerimde covid testleriniň geçirilýändigini aýdýarlar.

“Sebitde dümew alamatlar bilen keselleýänler köpeldi. Bu sebäpli Türkmenabatda we beýleki etraplarda hassahanalara, maşgala lukmanlaryna hem ýüz tutýanlar artdy. Olardan dessine COVID testi alynýar. Çärjew etrabynda maşgala lukmanlarynyň özleri gapyma-gapy aýlanyp test alýarlar. Olaryň aglabasy ‘negatiw’ netije görkezýär” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmelerimiziň biri habarçymyza aýtdy.

Ol häzir welaýatda koronawirusa garşy waksinalaryň gutarandygy sebäpli üçünji, buster waksina sanjymlaryny urmak işleriniň geriminiň hem göz-görtele haýallandygyny aýtdy. Mundan öň, habarçylarymyz ilata esasan Russiýada we Hytaýda öndürilen waksinalaryň urulýandygyny belläpdiler.

“Türkmenabadyň hiç bir saglyk öýünde waksina galmady” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz nygtady.

Türkmenistan şu wagta çenli öz çäginde resmi taýdan hiç hili koronawirus hadysasyny hasaba almady, ýöne pandemiýanyň dowamynda hökmany maska režimi, sebitara hereket çäklendirmeleri ýaly mejbury düzgünleri ornaşdyrdy. Mundan başga-da, dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň birinden syzyp çykýan maglumatlarda, wirusa ýolguýanlaryň, ondan heläk bolýanlaryň hem köpdügi nygtalýar.

Lebapdaky habarçylarymyz türkmen resmileriniň 12-nji marta bellenen irki prezidentlik saýlawlaryna gabat şu aýdan başlap käbir çäklendirmeleriň gowşadylyp başlanjakdygyny näresmi ýagdaýda ýaňzatmagyndan soň, sebitde ozal gapylaryna gulp asylan egin-eşik, ulaglaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satýan dükanlaryň gaýtadan işläp başlandygyny aýdýarlar. Emma toý mekanlary, restorandyr kafeler henizem ýapyk saklanýar.

Ýokarda beýan edilen ýagdaýlar dogrusynda ýurduň Saglyk ministrliginden we degişli sebitleriň häkimliklerinden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak başartmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG