Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Lwowa raketalary atýar, Ýaponiýa we Awstraliýa täze sanksiýalary girizýär


Lwowdaky partlama
Lwowdaky partlama

Ukrainanyň günbataryndaky Lwowyň häkimi 18-nji martda Russiýanyň raketalarynyň şäheriň golaýyndaky aeroportuň hyzmat ediş desgasyny urandygyny aýtdy. Bu aralykda, Ýaponiýa we Awstraliýa Russiýanyň gurluşlaryna täze tapgyr sanskiýalary girizdiler. Mundan başga, ABŞ prezidenti Jo Baýden Moskwanyň sebäpsiz Ukraina çozmagy boýunça Pekiniň pozisiýasyny maslahat etmek üçin, Hytaýyň prezidenti Şi Jinping bilen gepleşer.

Lwowyň häkimi Andriý Sadowiýiň 18-nji martda beren maglumatyna görä, ençeme raketa harby uçarlary abatlamak üçin niýetlenen desga gelip düşdi. Hüjümde awtobuslary bejerýän topluma hem zeper ýetdi. Adam ýitgileri barada bada-bat maglumat elýeterli däl.

Ukrainanyň içeri işler ministriniň orunbasary Anton Heraşçenko mundan öň ir bilen Lwowyň ençeme sebitinde birnäçe partlamanyň bolandygyny aýtdy.

“Ir sagat 6:30-da Lwowda partlamalar boldy. Şäheriň eteginde ot ýalynlaryny görse bolýar” diýip, ol Telegram kanalynda ýazgy galdyrdy.

Russiýanyň güýçleri Ukrainanyň beýleki şäherlerine, şol sanda paýtagt Kiýewe hem hüjümlerini ýaýbaňlandyrdylar. Kiýewiň eteginde ok atyşyklaryň barýandygy barada hem maglumat gowuşýar.

Lwowa raketalar Gara Deňizden atyldy diýip, Ukrainanyň howa güýçleriniň günbatar dolandyryş merkezi Facebook-da mälim etdi. Ol şähere tarap atylan alty raketanyň urulandygyny hem sözüne goşdy.

Dünýä liderleri Kremliň raýat obýektlerine, şol sanda mekdeplere, keselhanalara we ýaşaýyş sebitlerine edýän dowamly hüjümleriniň derňelmegi ugrunda basyş edýärler.

Mariupolda halas ediş işgärleri Russiýanyň howa hüjümi netijesinde ýer-ýegsan edilen teatrda başpena tapan ýaşaýjylaryň arasyndan aman galanlaryň gözlegini dowam etdirýärler.

16-njy martda Russiýanyň teatra amala aşyran hüjümi wagtynda, ol ýerde parahat ilatyň arasyndan ýüzlerçe adam gizlenýärdi. Hüjümden bäri bir günüň geçmegi bilen, harabalyklaryň arasyndan aman çykan adamlar, şeýle-de hüjümde heläk bolanlar barada maglumat ýok.

18-nji martda Ýaponiýa we Awstraliýa Russiýanyň Ukraina hüjümine jogap edip, rus şahsyýetlerine we guramalaryna garşy aýratynlykda sanksiýalary girizdiler.

Ýaponiýa 15 rus şahsyýetine we dokuz guramasyna, şol sanda goranmak resmilerine we döwletiň eýeçiligindäki ýarag eskportýory Rosoboroneksport kärhanasyna hem gadagançylyklary girizdi.

Serişdeleriň hem doňdurylmagyny göz öňünde tutýan bu sanksiýalar Ýaponiýanyň Russiýanyň Ukraina garşy hüjümine jogap edip girizen soňky tapgyr gadagançylyklary boldy.

Ýaponiýanyň Maliýe ministrliginiň maglumatyna görä, ýurt häzire çenli 72 şahsyýete, ýedi banka we Russiýadaky beýleki 12 gurama garşy sanksiýalary girizdi.

Awstraliýa magdan senagaty bilen ilteşikli iki rus milliarderine, ýagny Oleg Deripaska we Wiktor Wekselberge hem garşy sanksiýalary girizdi.

Daşary işler ministri Marise Paýne Awstraliýanyň halkara hyzmatdaşlary bilen birlikde rus prezidenti Wladimir Putiniň töweregindäki oligarhlara garşy gadagançylyklary artdyrmak ugrunda tagalla edýändigini mälim etdi.

Paýniň sözlerine görä, mundan öň Awstraliýa 41 oligarha we olaryň ýakyn garyndaşlaryna maliýe we syýahat gadagançylyklaryny göz öňünde tutýan sanksiýalary girizipdir.

ABŞ-nyň Pekiniň “Russiýany Ukrainada ulanyp biljek harby serişdeler bilen üpjün etmegi seljerýändigi” baradaky howatyrlanmalarynyň fonunda, prezident Baýden Şi bilen gepleşikleri geçirer diýip, döwlet sekretary Antoni Blinken aýtdy.

Blinkeniň sözlerine görä, Baýden Pekiniň “Russiýanyň agressiýany goldamak ugrunda etjek islendik hemaýatyna jogapkärçilik çekjekdigini” duýdurar.

Hytaý Russiýanyň Ukrainadaky hereketlerini ýazgarmakdan, şeýle-de muny ‘çozuş’ diýip atlandyrmakdan ýüz öwürdi. OL Ukrainanyň özygtyýarlylygyny goldaýandygyny, emma şol bir wagtda Russiýanyň kanuny howpsuzlyk aladalaryna hem üns berilmelidigini aýdýar.

17-nji martda Russiýa bilen Ukrainanyň wekilleri tapgyr dördünji gün gepleşikleri geçirdiler. Emma Kreml ylalaşyga gelerden entek irdigini aýdýar.

BMG-niň Ženewadaky Adam hukuklary boýunça edarasynyň maglumatyna görä, Ukrainada parahat ilatyň arasyndan 780 adam öldürilipdir, 1 müň 252-si hem ýaralanypdyr.

BMG Ukrainadan 3,2 million töweregi bosgunyň goňşy ýurtlara geçendigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG