Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski Günbatara sagbol aýtdy, ýöne görlen çäreleriň 'biraz giç' bolandygyny belledi


Ukrainanyň demirgazyndaky Žytomyr şäherinde bir oglan weýran edilen mekdebiň golaýyndan geçip barýar. 23-nji mart
Ukrainanyň demirgazyndaky Žytomyr şäherinde bir oglan weýran edilen mekdebiň golaýyndan geçip barýar. 23-nji mart

25-nji martda Russiýanyň Ukraina garşy başlan sebäpsiz urşy ikinji aýyna girdi. Bu aralykda, söweşleriň möwjemegi bilen, günbatar ýaranlary Kiýewe has köp harby goldaw wada berip, Moskwa garşy ýene bir topar sanksiýa girizdi.

Prezident Wolodymyr Zelenski Ukrainany goldamakda we Russiýa garşy sanksiýa girizmekde bilelikde işlänligi üçin NATO hem-de Ýewropa Bileleşigine minnetdarlyk bildirdi, ýöne ol bu çäreleriň biraz öň görülmändigini, eger şeýdilen bolsa, Russiýanyň goňşy ýurda goşun sürmezinden öň mazaly oýlanmaly bolmagynyň ähtimaldygyny belledi.

NATO-nyň 30 ýurdunyň, dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleriniň G-7 toparynyň we Ýewropa Bileleşiginiň 27 ýurdunyň ýolbaşçylary 24-nji martda Brýusselde geçiren görlüp-eşidilmedik sammitlerinde Russiýa garşy täze sanksiýalar toplumyny we Ukraina beriljek goşmaça kömekleri yglan etdiler.

25-nji martda ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýen şu ýyl Ýewropa Bileleşigine Birleşen Ştatlaryň azyndan 15 milliard m3 suwuklandyrylan gazy iberjekdigi barada gelnen täze ylalaşygy yglan etdiler.

Bu ylalaşyk, Russiýanyň Ukraina çozmagyndan soň, Ýewropanyň Russiýanyň energiýa serişdelerine bolan garaşlylygyny peseltmek üçin täze döredilen transatlantik iş toparynyň amal eden ilkinji ädimi boldy.

Mundan bir gün öň, Ukraina üçin 1 milliard dollarlyk kömek bukjasyny yglan eden Baýden 25-nji martda Polşanyň ýolbaşçylary bilen energiýa we bosgun meseleleri boýunça gepleşik geçirmek üçin Warşawa sapar eder.

Şeýle-de, Baýden polýak-ukrain serhediniň golaýyndaky Rzeszow şäherine syýahat eder. Bu şäher Ukrainadan 80 km uzaklykda ýerleşýär.

Uruş sebäpli parahat ilatyň arasyndan 4 million golaý adamy ýurdy terk etmäge mejbur boldy. Şeýle-de 10 müňlerçe adam jemagat hyzmatlary togtadylan şäherlerde gabawda galýar.

Ukrainanyň günortasyndaky, daşy gabalan Mariupolda müňlerçe adam çäkli mukdardaky suw, iýmit, däri-derman we elektrik togy bilen ýerzeminlerde bolmagynda galýar. Mariupol Russiýanyň basyp alan Krym ýarymadasy bilen, Moskwa tarapyndan goldanylýan separatistleriň gözegçiligindäki ýurduň gündogar sebitleriniň arasynda ýerleşýär.

Ukraina 25-nji martda Mariupolda galan parahat ilaty hususy ulaglarda ewakuasiýa etmek üçin ygtybarly koridor açmaga umyt baglaýar diýip, wise-premýeriň orunbasary Irina Wereşçuk aýtdy. Şäheriň resmileri geçen hepde Russiýanyň adamlaryň gaçybatalga hökmünde ulanan teatryna eden zarbasynda ölenleriň sanynyň 300-e ýetýän bolmagynyň mümkindigini aýtdylar.

Ukrain güýçleri söweşde rus goşunlaryny Kiýewiň töweregindäki sebitleriň käbirinden yza serpikdirendigini, Mariupolyň golaýynda, Azow deňzinde ýerleşýän rus transport gämisine üstünlikli zarba urandygyny aýdýar.

Britaniýanyň Goranmak ministrligi, 25-nji martda beren maglumatynda, Ukrain güýçleriniň Kiýewiň 35 km gündogar ugry boýunça şäherleri we goranyş pozisiýalaryny gaýtadan eýeländigini tassyklady.

Ministrlik ukrain güýçleriniň “uly ähtimallyk bilen Russiýanyň goşunlaryny Kiýewiň demirgazygyndaky Gostomel howa bazasyna yza tesdirmegini dowam etdirjekdigini” hem belledi.

Ministrlik “logistika bilen bagly meseleleriň, şeýle-de ukrainlaryň garşy durmagynyň netijesinde” Russiýanyň günorta şäheri Mykolaýiwden sowa geçip, port şäheri Odessa aralaşmak tagallalarynyň hem haýallandygyny nygtady.

24-nji martda giçlik Russiýanyň güýçleri Ukrainanyň dördünji uly şäheri Dneprdäki ukrain harby birikmesine garşy iki raketa atdy. Bu barada ýerli Adatdan daşary ýagdaýlar gullugy maglumat berdi.

Zarbalaryň netijesinde iki bina weýran edildi. Hüjümde ölenleriň we ýaralananlaryň sany entegem anyklanýar.

Regional häkim Walentyn Reznyçenko özüniň sosial ulgamlarynda hüjümleriň “uly weýrançylyklary döredendigini” aýtdy.

Dnepr 2014-nji ýyldan bäri Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistleriň gözegçilik edýän territoriýalaryna ýakyn sebitde ýerleşýär.

Mundan bir gün öň, Zelenski Ýewropa Bileleşigine we NATO eden aýry-aýry ýüzlenmelerinde, ÝB-niň liderlerine Russiýa garşy sanksiýalary girizmegine, şol sanda Demirgazyk Akym-2 geçirijisinden gaz almagyny togtadan Germaniýa minnetdarlygyny bildirdi.

Emma ol Russiýanyň hüjüminiň öňüni almak üçin bu ädimleriň “biraz giç” bolandygyny hem belledi.

Zelenskiniň Putiniň himiki hüjümi amala aşyryp biljekdigi baradaky duýduryşyndan soň, Baýden NATO-nyň muňa jogap berjekdigini aýtdy. Emma ol anyk jikme-jikleri aýan etmän, jogabyň “ulanylan serişdäniň häsiýetine bagly boljakdygyny” aýtdy.

Baýden Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Ukraina hüjüm etmezinden ozal Günbataryň bu ýurdy goldamakdaky aýgytlylygyna kembaha garandygyny we Günbatar döwletleriniň Moskwa garşy sanksiýa girizmekde, ukrain goşunyna harby goldaw bermek meselesinde beýle jebis bolup biljekdigini hasaba almandygyny aýtdy.

“NATO hiç wagt şu günki ýaly jebisleşen ýagdaýda bolmandy. Putin Ukraina goşun sürmek bilen niýetini diken zadyna derek düýpden başga zat alýar” diýip, prezident Baýden NATO liderleri bilen duşuşanyndan soň aýtdy.

XS
SM
MD
LG