Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Zelenski Türkiýede geçiriljek gepleşikleriň öňünden 'toprak eglişigini' etmejekdigini gaýtalady


Wolodymyr Zelenski

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski şu hepde Russiýa bilen Türkiýede geçiriljek gepleşiklerden ozal öz ýurdunyň territorial bitewiligi meselesinde eglişik etmejekdigini aýtdy. Gepleşiklerde Ukrainanyň ileri tutýan ugurlary "özygtyýarlylyk we territorial bitewilik" bolar diýip, Zelenskiý 27-nji mart agşamy öz halkyna eden ýüzlenmesinde aýtdy.

"Biz, hakykatdanam, haýal etmän parahatçylyk gazanmaga çalyşýarys" diýip, ol aýtdy. "Munuň üçin indi Türkiýede ýüzbe-ýüz duşuşmaga mümkinçilik we zerurlyk bar" diýip, ukrain prezidenti sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 27-nji martda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen geçirilen söhbetdeşlikde Moskwa bilen Kiýewiň arasynda geçiriljek gepleşiklere Ankaranyň beýemçilik etmegine razylyk berdi we atyşygy togtatmaga, ynsanperwer koridorlary üçin has gowy şert döretmäge çagyrdy diýip, prezident edarasy aýtdy.

Ukrain we rus gepleşikçileri gepleşikleriň ýüzbe-ýüz geçiriljekdigini tassykladylar, ýöne bu duşuşygyň 28-nji martda ýa-da 29-njy martda başlajakdygy belli däl.

Esas ýok ýerinden goňşy ýurda goşun süren Russiýa dört hepdeden gowrak wagt içinde Ukrainanyň hiç bir uly şäherini basyp alyp bilmedi we 25-nji martda Moskwa tarapyndan goldanýan separatistleriň soňky sekiz ýylda ukrain güýçleri bilen söweşýän ýerlerine, Donbas sebitine berýän goldawyny güýçlendirmek niýetlerini yşarat etdi.

Britaniýanyň harby aňtaw gullugynyň 28-nji martda beren habaryna görä, Ukrainadaky rus güýçleriniň ýerleşişinde soňky 24 sagadyň dowamynda uly bir üýtgeşiklik görünmedi.

Emma muňa garamazdan, strategiki porty ele geçirmek tagallalarynyň çäginde, Russiýa günortada, Mariupolyň töwereginde has köp ýer alana meňzedi diýip, habarda aýdylýar.

Mariupolyň häkimi Wadym Boýçenko Azow deňziniň kenaryndaky şäheriň gumanitar betbagtçylygyň bosagasynda durýandygyny we onuň ilatynyň haýal etmän, doly ewakuasiýa edilmelidigini aýtdy.

Boýçenko şäherde takmynan 160,000 parahat ýaşaýjynyň elektriksiz, gabaw astynda galandygyny aýtdy.

28-nji martda parahat ilaty ewakuasiýa etmek üçin 26 awtobus getirildi, ýöne rus güýçleri olara ygtybarly geçelge döretmäge razy bolmadylar.

"Russiýa Federasiýasy biz bilen oýun oýnaýar" diýip, ol aýtdy.

Russiýa ýurduň beýleki birnäçe ýerinde hem Ukrainanyň esasy infrastruktura nyşanalaryny bombalamagy dowam etdirýär.

27-nji mart güni giçlik demirgazyk-günbatardaky Wolin sebitinde bir nebit bazasyna raketa zarbasy uruldy diýip, AP habar gullugy habar berdi.

Ukrainanyň harby aňtaw gullugynyň başlygy Kirilo Budanow Russiýany Ukrainany Demirgazyk we Günorta Koreýa ýaly iki bölege bölmek synanyşygynda aýyplady.

"Basyp alyjylar basyp alnan ýerleri ýeke-täk döwlet gurluşyna getirmäge we ony garaşsyz Ukraina garşy goýmaga synanyşarlar" diýip, Budanow 27-nji martda Goranmak ministrliginiň ýaýradan beýanatynda aýtdy. Ol ukrainalylar tarapyndan ýaýbaňlandyryljak partizançylyk söweşleriniň bu hili meýilnamalary puja çykarjakdygyny hem sözüne goşdy.

Luhanskdaky separatist lideri 27-nji martda bu sebitiň ýakyn wagtda Russiýa goşulmak boýunça referendum geçirmeginiň ähtimaldygyny aýtdy. Bu Russiýanyň 2014-nji ýylyň martynda Krymy basyp alanyndan soň geçiren referendumyna meňzeş ses berişlik geçirmek niýetinden habar berýär.

"Wagtlaýyn basylyp alnan sebitlerdäki galp referendumlaryň ählisi boş we manysyz, olaryň kanuny güýji bolmaz" diýip, Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Oleh Nikolenko aýtdy.

Ukrain prezidenti Zelenski 27-nji martda rus žurnalistleri bilen söhbetdeş bolanda, öz hökümetiniň bitaraplygy yglan etmek we Russiýa howpsuzlyk kepilligini hödürlemek barada oýlanjakdygyny aýdyp, öň hem aýdan sözlerini gaýtalady. Bu Ukrainanyň ýadro ýaragsyz bolup galmagyny hem öz içine alar diýip, ukrain lideri aýtdy.

Ol žurnalistlere bitaraplyk meselesiniň we NATO-dan çeke durmak baradaky ylalaşygyň rus goşunlary yza çekilenden soň gurnaljak referendumda, ukrain saýlawçylarynyň garamagynda goýulmalydygyny we bu ses berişligiň goşun çykyp gideninden soňky birnäçe aýyň içinde bolup biljekdigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG