Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Remezan aýynyň golaýlamagy bilen azyklaryň bahalary ýokarlanýar


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda musulmanlar üçin mukaddes hasaplanýan Remezan aýynyň öňýany, ýurtdaky ykdysady çökgünligiň dowam edýän wagty, onsuz hem dowamly gymmatlaýan azyk harytlarynyň bahalary hasam ýokarlanyp başlady.

“Oraza aýynyň golaýlamagy bilen, Türkmenabadyň bazarlarynda azyklaryň, hususanda, agzaçar sadakalarynda ulanylýan iýmit önümleriniň bahalary ýokarlandy. Palawa gerek bolan tüwiniň 1 kg bahasy mundan on gün 10-11 manat aralygynda bolan bolsa, häzir ol 18-20 manatdan bahalanýar. Süýji kökeleriň bahasy hem ortaça 10 manat galyp, 50-60 manatdan satylýar” diýip, lebaply ýaşaýjylaryň biri 29-njy martda ýerli habarçymyza gürrüň berdi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli şahsyýetini aýan etmezligi soran söhbetdeşimiz soňky günler kiçi şahly mallaryň, şeýle-de et önümleriniň bahalarynyň hem ýokarlanandygyny belledi.

“Mal bazarlarynda häzir bir goýun ortaça 2 müň manatdan satylýar. Bazarlarda iri şahly mal etiniň 1 kg bahasy 60 manada, towuk aýagynyň 1 kg hem 40 manada çykdy. Sebitiň ýaşaýjylarynyň adatça agzaçar saçaklarynda hödür-kerem edip goýýan balygynyň 1 kg bahasy hem 70 manada çenli ýokarlandy. Bu ozal görlüp eşidilmedik nyrhlar” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy, şeýle-de nyrhlaryň ‘keýgiň şahyna çykmagynyň’ netijesinde köp hojalygyň agzaçar sadakasyny bermek meýlinden el çekýändigini sözüne goşdy.

Aşgabatdaky habarçymyz hem soňky üç günüň dowamyna bazarlarda azyklaryň bahalarynyň gymmatlaýandygyny aýtdy.

“8 manatdan satylan apelsiniň 1 kg bahasy häzir 11 manatdan satylýar. Bananyň 1 kg 20 manat bolan bolsa, ol häzir 25 manada ýetdi” diýip, habarçymyz paýtagtyň bazarlaryndaky soňky nyrhlar barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň müftüsi Remezan aýynyň 2-nji aprelde başlanýandygyny yglan etdi.

Remezan aýynyň dowamynda dini kadalary berjaý edýän musulmanlar günüň dogmagyndan tä onuň ýaşmagyna çenli iýmekden, içmekden, çilim çekmekden we jynsy gatnaşyklardan saklanýarlar. Bu aýda agyz beklenýär, doga-dileg edilýär we haýyr-sahawat berilýär.

Şol bir wagtda Remezanda, adatça, adamlar agzaçar, metjitlerdäki namaz üçin köpçülik bolup jemlenýärler.

Şu ýyl Remezan aýynyň öňüsyrasy koronawirus çäklendirmeleri sebäpli ýapylan metjitler hem gaýtadan gapylaryny açdy. Azatlygyň bu barada geçen hepde beren habaryny, 28-nji martda hökümetçi ýarym-resmi neşirler hem tassykladylar.

Maglumata görä, 29-njy martdan başlap adamlara ‘arassaçylyk-epidemiologiki şertlerini’ berk berjaý eden halatynda, metjitlerde köpçülik bolup namaza durmaga mümkinçilik berler. Emma talap edilýän şertleriň jikme-jikleri barada maglumat berilmeýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri geçen ýyl hem metjitleriň gaýtadan açylýandygyny yglan edipdiler. Emma geçen döwrüň dowamynda ýurduň dürli sebitlerinde adamlaryň köpçülikleýin metjitlerden kowulýan halatlary hem bolupdy.

Türkmenistan dünýäde raýatlaryň esasy azatlyklaryny, şol sanda din-wyždan azatlygyny berk çäklendirmekde tankytlanaýar. ABŞ-nyň Döwlet departamenti eýýäm birnäçe ýyl bäri Türkmenistany din azatlygy boýunça aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň sanawyna girizip gelýär.

Galyberse-de, türkmenleriň Oraza däplerinde çagalar musulmanlar üçin mukaddes hasaplanýan aýyň öňüsyrasynda öýlere aýlanyp, “Ýa remezan” aýdýarlar we adamlar olara süýji-köke ýa-da başga ir-iýmiş hödürleýär.

Türkmenistanda soňky birnäçe ýylyň dowamynda ilatyň ykdysady şertleri barha ýaramazlaşýar, döwlet dükanlarynyň un we çörek üpjünçiligi bilen bagly problemalary ýitileşýär. Muňa garamazdan, döwlet media serişdeleri ýurtda “bagtyýarlyk we berkararlyk” zamanasynyň höküm sürýändigini öňe sürmekden el çekmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG