Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabat bilen Pekin harby hyzmatdaşlygy berkidýär. Näme üçin?


Hytaý harbylary (arhiw suraty)

Hytaý Türkmenistan bilen harby hyzmatdaşlygy berkitjekdigini aýdýar. 25-nji martda bu barada habar beren hytaý mediasynyň maglumatyna görä, Hytaýyň döwlet geňeşçisi we goranmak ministri Wei Fenghe bu barada özüniň türkmenistanly kärdeşi Begenç Gündogdyýew bilen geçiren wideo söhbetdeşliginde aýdypdyr.

Hytaý Türkmenistan bilen strategiki aragatnaşygy mundan beýläk-de ösdürmek, dürli ugurlarda amaly harby hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we iki ýurduň arasynda umumy gelejege gönükdirilen has ýakyn jemgyýet gurmakda edilýän bilelikdäki tagallalara goşant goşmaga taýýar diýip, hytaý mediasy Weiniň sözlerini getirýär.

Ol soňky ýyllarda ikitaraplaýyn harby hyzmatdaşlygyň çäginde ýokary derejelerdäki aragatnaşyk, hünär tejribelerini alyşmak we tälim beriş ugurlary boýunça gazanylan ilerlemeleri gözden geçirdi diýip, habarda bellenýär.

Hytaý resmisiniň sözlerine görä, Pekin Türkmenistan bilen gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýär we, halkara ýagdaýlarynyň üýtgemegine garamazdan, merkezi aziýa ýurdunyň ýakyn dosty we ygtybarly hyzmatdaşy bolup galar.

Eýse, Hytaýyň ýokary derejeli harby resmisiniň “halkara ýagdaýlarynyň üýtgemegine garamazdan” diýen aňlatmany ulanyp, bu beýanaty ýaýratmagynyň nähili mümkin sebäpleri bolup biler? Azatlyk Radiosynyň Hytaý boýunça bilermeni Reýd Standiş (Reid Standish) muny Russiýanyň esassyz Ukraina çozmagy we Türkmenistanyň özündäki häkimiýet çalyşygy bilen baglanyşdyrdy.

Reýd Standiş
Reýd Standiş

“Häzir dünýäde bolup geçýän ähli ýagdaýlaryň bu ýa-da ol derejede Ukraina bilen ilteşigi bar. [Ukrainadaky konflikt] Günbatar Ýewropadan Merkezi Aziýa çenli, tutuş Ýewraziýa yklymyna täsirini ýetirýär. Meniň şahsy özüm, muny ýakynda Türkmenistanyň ýurtbaştutanynyň täzelenmegi bilen hem baglanyşdyrýaryn” diýip, Standiş belledi.

Ýatlatsak, Hytaý Türkmenistanyň esasy energiýa hyzmatdaşy bolup dur. Geçen hepde Hytaýyň gümrük gullugynyň beren maglumatyna görä, Hytaýa geçirijiler arkaly iberýän tebigy gazynyň umumy bahasynyň 1,44 milliard dollara (1,47 esse ýokarlanmagy) bilen, Türkmenistan bu ýurda gaz eksport edýän ýurtlaryň arasynda birinji ýerde durmagyny dowam etdirýär.

Hytaý boýunça ekspert Standiş bu ýagdaýlara hem ünsi çekip, iki ýurduň arasyndaky goranmak pudagynda öňden hem hyzmatdaşlygyň bardygyny belledi.

“Türkmenistan Pekini esasan energiýa serişdeleri bilen gyzyklandyrýar. Emma goranmak pudagynda hem hyzmatdaşlyk bar. Ýatlatsak, Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda, ilkinji uly mukdardaky ýarag söwdasyny Türkmenistan bilen etdi. Şonda, türkmen häkimiýetleri Hytaýyň howa hüjüminden goranyş ulgamlaryny satyn alypdy. Her niçikde bolsa, Moskwanyň Ukraina çozmagy Russiýa bilen goňşy döwletlerde, şol sanda Merkezi Aziýada hem käbir aladalary döredendigini çaklasa bolýar. Bu sebäpli, gürrüňi gidýän döwletler bar bolan beýleki mümkinçilikleriniň çäginde başga ugurlar boýunça hem hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrjak bolýarlar. Türkmenistanyň ýagdaýynda, bu esasan diňe Hytaý bolup dur” diýip, bilermen belledi, şeýle-de Hytaýyň Ukrainadaky konfliktden ozalam, Merkezi Aziýada hem ykdysady, hem-de howpsuzlyk jähtinden täsirini artdyrmak ugrunda tagalla edip gelýändigini ýatlatdy.

Bilermen Türkmenistanyň Hytaý bilen harby hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirmeginiň sebäbini Owganystandan abanyp biljek howpsuzlyk wehimlerinde görýändigini hem sözüne goşdy.

Şol bir wagtda, Standiş Hytaýyň Merkezi Aziýa howpsuzlyk jähtinden hem aralaşmagyna garamazdan, şeýle-de Ukrainadaky urşuň Russiýanyň harby kuwwady barada käbir soraglary döredendigine hem garamazdan, Moskwanyň Merkezi Aziýada entegem degişlilikde täsiriniň uludygyny aýtdy.

“Her nähilem bolsa, Russiýanyň harbylary gowy enjamlaşdyrylan. Hytaýa garanyňda ruslaryň harby tejribesi hem köp. Russiýanyň hakyky söweşlerde tejribesiniň bolandygy sebäpli, hytaýlylar olar bilen bilelikde harby türgenleşikleri geçirýärler. Meniň pikirimçe, häzirki pursat howpsuzlyk babatynda Hytaýyň Russiýanyň ornuny tutup başladygy baradaky netijä gelmek nädürs bolar” diýip, Azatlyk Radiosynyň Hytaý boýunça bilermeni Reýd Standiş nygtady we, umuman aýdylanda, Türkmenistanyň özüni dünýäden üzňeleşdirmek boýunça alyp baran syýasaty netijesinde, Aşgabadyň halkara gatnaşyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda Pekinden başga ýolunyň hem galmandygyny sözüne goşdy.

Türkmenistanyň döwletiň gözegçiligindäki mediasy türkmen goranmak ministriniň hytaýly kärdeşi bilen geçiren söhbetdeşligi barada habar bermedi.

Hytaý mediasynyň habarynda Gündogdyýewyň kärdeşini Pekiniň 2022-nji ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynda we paralimpiýa oýunlarynda gazanan üstünlikleri bilen gutlandygy; Türkmenistanyň Hytaý bilen dostlukly hyzmatdaşlygyna ygrarly boljakdygyny, ikitaraplaýyn ykdysady we söwda alyş-çalyşlaryny, goranyş meselelerindäki hyzmatdaşlygy, iki ýurduň we olaryň harby güýçleriniň arasyndaky gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmak tagallalaryny dowam etdirjekdigini aýdandygy bellenýär.

Galyberse-de, Pekin bilen ýakyn ykdysady gatnaşyklary saklaýan Türkmenistan geçen ýyl BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 47-nji sessiýasynda Hytaý hökümetiniň Sinjiang we Hong Kong babatyndaky pozisiýasyny goldaýandygyny beýan etdi. Musulman ilatly ýurtlar Hytaýyň Sinijangdaky hukuk kemsitmelerini ýazgarmazlykda tankyt edilýär. Aktiwistler we BMG-niň hukuk hünärmenleri azyndan 1 million uýgur we beýleki musulman azlyklarynyň Sinjiaň lagerlerinde bendilikde saklanandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG