Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Putine minnetdarlyk bildirdi: Aşgabat Kremliň saýasyna dolanýarmy?


 Wladimir Putin türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gürleşýär. Aşgabat. 2-nji oktýabr, 2017 ý.
Wladimir Putin türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gürleşýär. Aşgabat. 2-nji oktýabr, 2017 ý.

Ýerli synçy Kremliň Aşgabady gaýtadan öz orbitasyna getirmek üçin diňe gaz söwdasyny, Berdimuhamedowy we onuň atasyny götergilemek usulyny däl, eýsem gorkuzmak, türkmen ýolbaşçylaryny sebitdäki terrorçylyk howpuna göz ýummakda aýyplamak usullaryny hem ulanýandygyny öňe sürdi.

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow rus kärdeşi Wladimir Putin bilen telefonda gürleşip, oňa atasy Berdimuhammet Annaýewiň söweşen 2-nji Ukrain frontunyň 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagyny iberendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle-de ol Aşgabatda bellenen Ýeňiş baýramçylygyna ýokary derejeli rus delegasiýasynyň gatnaşmagyndan hoşallygyny bildirdi.

Berdimuhamedow "bu belent sarpa türkmen halkynyň ýokary baha berendigini" aýtdy.

Emma synçylar, şol sanda hökümet tankytçylary Türkmenistanyň soňky ýyllarda daşary syýasatyny üýtgedip, barha kän Orsýete garaşly bolýandygyny, munuň ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, şeýle-de hökümet başlygyna bolan ynamyň azalmagy bilen baglydygyny öňe sürýärler. Resmi Aşgabat


“Argumenty Nedeli” neşiriniň 2016-njy ýylyň dekabrynda “Hatda Türkmenistan hem pul sorap başlady” diýen at bilen çap eden makalasynda nygtalmagyna görä, prezident G. Berdimuhamedow 1-nji noýabrda Soçide Putin bilen duşuşanda rus kärdeşinden karz pul hem sorady.

Bu gepleşikler ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirildi. Şondan soňky ýyl türkmen prezidenti rus kärdeşini doglan güni bilen gutlanda, oňa "Wepaly" atly alabaý güjügini sowgat berdi.

Aşgabat 1941-945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyny, koronowirus pandemiýasy sebäpli bu çäreden saklanan Moskwadan tapawutlylykda, uly dabara we harby parad bilen belledi. Şol bir wagtda Aşgabat, ýurduň ilkinji prezidentiniň karary bilen bellenýän Hatyra gününi 12-nji ýanwardan aýryp, ýer yranan gününe geçirdi.


Hökümete ýakyn ynamdar çeşmäniň sözlerine görä, Türkmenistanyň rus patyşasy tarapyndan basylyp alnan gününde bellenen Hatyra güni Kremliň "öňki sowet giňişliginde ikinji Ukrainanyň döremegini islemezligi sebäpli" ýatyryldy.

Soňky uruşda Türkmenistandan 104 adam Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen at bilen sylaglandy, olaryň arasynda prezidentiň kakasy ýok. Emma muňa garamazdan, S.Nyýazow döwründe ýurtda ilkinji orunda duran uruş we tyl gahrymanlary öňki prezidentiň kakasy we ejesi bolan bolsa, Berdimuhamedow döwründe onuň atasy öňe çykaryldy, 2018-nji ýylda, türkmen kärdeşiniň doglan gününde Putin onuň atasyny uruşda görkezen batyrlygy we gaýduwsyzlygy üçin “Edermenlik” medaly bilen sylaglady.

Ondan öň, 2017-nji ýylda W.Putin Berdimuhamedowy Orsýetiň Aleksandr Newskiý ordeni bilen sylaglady. Aleksandr Newskiý ordeni şondan öň 1941-45-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan 6 türkmene berlipdi.

Şol bir wagtda, Türkmenistanda uruşda çekilen agyr pidalar, sowet liderleriniň 42 milliona golaý adam ýitgisine getiren taryhy ýalňyşlyklary hakynda açyk gürrüň gozgalmaýar, rus dilinde çykan maglumatlar terjime edilmeýär.

Şu aralykda synçylar resmi Aşgabadyň Moskwa bilen arada bozulan we öňki derejelerinde dikeldilip bilinmedik gaz söwdasynyň fonunda, barha kän rus awtoulaglaryny satyn almaga ýykgyn edýändigini, munuň S.Nyýazow döwrüniň dünýä bazarynda has abraýly önüm öndürijiler bilen gatnaşygy giňeltmek syýasatyna garşy gelýändigini belleýärler.

"Türkmen häkimiýetleriniň öz regionlaryndaky tebigy hadysadan ejir çekenlere kömek etmän, özünden has uly we güýçli döwlete ynsanperwer kömegini ibermegi hem kän sorag döredýär" diýip, anonimlik şertinde gürleşen 60 ýaşyndaky synçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Owganystana iberen kömegini "ynsanperwer kömegi" diýip atlandyrýan Aşgabadyň Astrahan sebitine iberen 1000 tonna golaý kömegini "gumanitar kömek" diýip atlandyrmakdan çekinmegi bu gatnaşygyň deň derejeli, iki taraplaýyn sylanyşyk esasynda däldigini yşarat edýär.


Şeýle-de synçy Kremliň Aşgabady gaýtadan öz orbitasyna getirmek üçin diňe gaz söwdasyny, Berdimuhamedowy we onuň atasyny götergilemek usulyny däl, eýsem gorkuzmak, türkmen ýolbaşçylaryny sebitdäki terrorçylyk howpuna göz ýummakda aýyplamak usullaryny hem ulanýandygyny öňe sürdi.

Ýatlatsak, 2016-njy ýylyň iýun aýynda Aşgabatda Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen prezident Berdimuhamedowyň arasynda geçirilen gepleşiklerde Kremliň sebitdäki terrorçylyk howpuna göz ýumup bilmejekdigi aýdyldy.

Şonda Türkmenistan Orsýetiň öz bitaraplygyny ykrar eden ilkinji ýurtlaryň biri bolandygyny ýatlatdy. Emma muňa garamazdan, Orsýetiň "Nowosti" habar gullugynyň maglumatyna görä, rus ministri türkmen kärdeşi bilen hem duşuşyp, iki ýuduň harby pudakdaky hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak, Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerini berkitmegiň anyk çäreleri barada hem ylalaşyga geldi.

Şondan öň rus metbugatynda türkmen goşunynyň owgan serhedi tarapdan abanýan howpa garşy durmak mümkinçiliginiň çäklidigi, eger Aşgabat ýüz tutsa, Orsýetiň kömege taýýardygy barada edilen beýanatlar çykypdy.

XS
SM
MD
LG