Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan Pekiniň esasy gaz üpjünçisi bolup galýar


Galkynyş gaz ýatagynda gurnalan çärä gatnaşýan işçiler. Arhiw suraty

Hytaýa geçirijiler arkaly iberýän tebigy gazynyň umumy bahasynyň 1,44 milliard dollara (1,47 esse ýokarlanmagy) bilen, Türkmenistan bu ýurda gaz eksport edýän ýurtlaryň arasynda birinji ýerde durmagyny dowam etdirýär. Şu aralykda Hytaýyň Russiýadan import edýän gazynyň möçberi ýanwar-fewral aralygynda 2.86 esse köpeldi.

TASS habar gullugynyň Hytaýyň gümrük gullugyna salgylanyp ýazmagyna görä, Russiýanyň Hytaýa iberýän tebigy gazynyň möçberi 2022-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 2,86 esse artyp, 526,9 million tonnadan gowrak boldy. Emma muňa garamazdan, Hytaýyň geçirijiler arkaly alýan gazynyň fiziki mukdary barada maglumat berilmedi.

Türkmenistan Pekiniň gaz geçirijisi boýunça alýan tebigy gazynyň üpjünçileriniň arasynda birinji şindi hem orunda durýar we gürrüňi edilýän döwürde Aşgabadyň Pekine iberen gazynyň umumy bahasy 1,44 milliard dollar (1,47 esse ýokarlandy) boldy. Ikinji orunda Russiýa, ondan soň orunda Mýanma (224,6 million dollar), Gazagystan (105,1 million dollar) we Özbegistan (48,4 million dollar) Hytaýyň esasy gaz üpjünçileri bolup durýar.

Awstraliýa şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Hytaýa iberýän suwuklandyrylan tebigy gazynyň (LNG) mukdary boýunça öňdebaryjy boldy (bahasy 3,57 milliard dollar, 4,24 million tonna), ondan soň Katar (bahasy 2,32 milliard dollar, 3,53 million tonna), Malaýziýa (1,77 million tonna, bahasy 1,87 milliard dollar) ), Indoneziýa (749 million dollar, 789,000 tonna) we Russiýa (503 million dollar, 664,000 tonna).

ABŞ Hytaýa suwuklandyrylan gaz ibermekde Russiýadan soň altynjy orunda durýar (665 million dollar, 517,000 tonna).

Resmi maglumatlara görä, Russiýanyň Hytaýa gaz geçirijisi arkaly iberýän gazynyň mukdary geçen ýyl 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende takmynan 2,54 esse ýokarlanyp, 7,53 million tonna boldy.

Hytaýyň Russiýadan satyn alýan gazynyň umumy bahasy 12 aýyň içinde 1,51 milliard dollara ýetdi (2.37 esse ýokarlandy). Emma suwuklandyrylan gazyň (LNG) iberilişi 4,53 million tonna (10% azalyp) bolup, onuň bahasy 2,77 milliard dollar (60% ýokarlandy) boldy.

Türkmenistan Hytaýa we beýleki ýurtlara import edýän energiýa serişdeleriniň möçberi, olardan gelýän girdejiniň mukdary baradaky maglumatlary köplenç wagtly-wagtynda çap etmekden saklanýar.

Şeýle-de, Aşgabatdaky hökümet söwda edýän ýurtlary bilen arada gaz bahalarynyň ýa tölegleriniň üstünde turan dawalar, olaryň çözgüdi hakynda ýerli ilata maglumat bermegi zerur hasaplamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG