Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan koronawirus çäklendirmeleri saklaýar, saglyk gününi çäreler bilen belleýär


Saglyk gününe taýýarlyk, Türkmenabat (arhiw suraty)
Saglyk gününe taýýarlyk, Türkmenabat (arhiw suraty)

Türkmenistanyň ilaty Saglyk güni mynasybetli dürli çärelere gatnaşmagyny dowam etdirýär. Halkara saglyk gününiň senesi 7-nji apreldir, ýöne Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda ornaşan däbe görä, dürli seneleri birnäçe hepdeläp belleýär we ilaty köpçülikleýin çärelere çekýär.

Ýurduň gündogaryndaky Türkmenabad şäheri Saglyk gününe üç günläp işjeň taýýarlandy. Ýerli okuw jaýlarynyň okuwçylary. Hususan-da, Seýitnazar Seýdi adyndaky institutyň we Maliýe kollejiniň talyplary şäher stadionynda birnäçe günläp repetisiýa etdiler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň habar bermegine görä, repetisiýa 10 000 tomaşaçy üçin niýetlenen şäheriň merkezi sport toplumynda geçirildi.

Baýramçylyga taýýarlyk görmekde häkimiýetleriň aýratyn ünsi töwerekdäki abadançylyk işlerine hem berildi.

Stadiondan Amyderýanyň köprüsine tarap barýan merkezi awtoulag ýoly abadanlaşdyryldy, arassalandy we binalaryň köçe taraplary ak reňk bilen boýaldy. Kämilleşdirmek işleri oý dolandyryş we ýylylyk üpjünçiligi edaralarynyň işgärleri ýaly birnäçe jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri tarapyndan ýerine ýetirildi.

Amyderýanyň üstündäki köprüden barýan Puşkin köçesinde iki gatly ýaşaýyş jaýlaryň fasadlary ak reňk we derwezeleri ýaşyl reňk bilen boýaldy. Awtoulag köprüsindäki haýatlar hem boýaldy.

Puşkin köçesi Bitarap Türkmenistan köçesine barýar, soňra 7 kilometrlik ýol Türkmenabadyň Merkezi stadionyna eltýär. Bu ýol Saglyk güni mynasybetli welosiped ýörişi üçin niýetlenipdir.

Köprüden stadiona çenli 15 kilometrlik marşrut sagdyn durmuş ýörelgesini we welosiped sürmegiň mahabatyny öňe sürýän bildirişler bilen bezelipdir.

Saglyk güni mynasybetli köpçülikleýn çäreler ýurtda şu ýylyň ýanwar aýyndan bäri saklanýan koronawirus çäklendirmeleriniň fonunda geçirilýär. Şol bir wagtyň özünde, ýurduň häkimiýetleri koronawirusyň bardygyny resmi taýdan ykrar etmediler.

Däp bolşy ýaly, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň häkimiýetleri 7-nji aprel Halkara saglyk gününi uly çäreler bilen belläp geldiler. Öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Halkara saglyk güni tutuş bir aýlyk çärelere öwrülipdi.

Prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçenden soň, bu gezek öňki ýyllardan tapawutlylykda Saglyk gününe bagyşlanan çäreler daşky gurşaw çäresi hökmünde geçirilýär. Döwlet metbugatynyň habaryna görä, Aşgabatda bu çäräni geçirmek inisiatiwasy bilen häkimlik we şäheriň jemgyýetçilik guramalary çykyş edipdir. Kampaniýanyň çäginde 4-nji aprelden 11-nji aprel aralygynda paýtagtyň köçeleri diňe ilata hyzmat edýän jemgyýetçilik ulaglary üçin açyk bolar.

Hünär boýunça lukman Gurbanguly Berdimuhamedow, döwlet başyndaky 15 ýyllyk döwründe sagdyn durmuş ýörelgesini we welosiped sürmegi wagyz edip geldi, şeýle hem diňe Türkmenistanda bellenilýän Halkara welosiped gününiň döredilmegini gazandy.

Öz territoriýasynda koronawirusyň bardygyny henizem ykrar etmeýän, emma ýurduň ilatynyň syýahatyny çäklendirmek ýaly berk koronawirus çäklendirmelerini saklaýan Türkmenistan, müňlerçe raýatyň gatnaşmagyna mejbur edip, yzygiderli köpçülikleýin dabaralary geçirýär. Çäreler we baýramçylyk eşikleri üçin ilatdan yzygiderli pul ýygnalýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG