Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatdan Lebaba baran ýörite topar ýol polisiýasynyň işini derňeýär


Illýustrasiýa suraty

Aşgabatdan Lebap welaýatyna duýdansyz toparlaýyn barlagçylar gelip, sebitiň köçe-ýol hereketiniň düzgünlerine gözegçilik edýän edaralarda barlag geçirýärler. Aşa ýokary tizlik bilen saklanan sürüjiler bir ýyldan iki ýyla çenli sürüjilik şahadatnamasyndan mahrum edilýär. Sürüjilerden para alandygy aýdylýan ýerli ýolbaşçylar wezipesinden boşadylýar. Bu waka Içeri işler ministrliginiň başlygy täzelenenden soň, ýurduň dürli künjeginde ýol hereketine gözegçiligiň güýçlendirilen mahalyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysynyň maglumatlaryna görä, geçen hepdäniň ahyrynda sebite baran barlagçylaryň düzüminde ýurduň Baş prokuraturasynyň we Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň wekilleri bar. Olar welaýatyň tas ähli şäherdir etraplarynda, hususan-da, Farap, Dänew, Darganata we Çärjew etraplarynda barlaglary geçirýärler.

"Bu barlagçylar Lebap polisiýasynyň ýol hereketi boýunça soňky iki aýyň dowamynda hasaba alan foto-radar maglumatlaryny we sürüjilere salnan ýol jerimelerini seljerýärler. Şeýle-de, olar welaýatyň ýol polisiýasynyň edaralarynda sürüjilere ýazylan jerimeleri, girdeji kassalaryndan alnan kwitansiýalary hem ýeke-ýeke barlaýarlar" diýip, ýagdaýdan habarly bir çeşmämiz 13-nji aprelde habarçymyza gürrüň berdi.

Barlaglaryň dowamynda aşa ýokary tizlik bilen saklanyp, jerime salnan sürüjileriň işleri hem gaýtadan seljerilýär we olar bir ýyldan iki ýyla çenli sürüjilik şahadatnamasyndan mahum edilýär.

"Men mundan 10 gün çemesi ozal Seýdi şäheriniň daşyndan geçýän ýolda ulagymy sagatda 90 kilometr tizlikde sürmäge rugsat edilen ýerlerde 161 kilometr tizlikde sürüp, radara düşdüm. Şondan soň men pul jerimesini töländigime garamazdan, gelen barlagçylar meniň radar suratymy we tölän jerimämi gaýtadan derňäp, meniň işimi suda geçirdiler" diýip, efirde adynyň Ysmaýyl diýip tutulmagyny soran lebaply sürüji aýtdy.

Sebitdäki çeşmämiz ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmagy bilen bagly şeýle wakalar ýüze çykarylan etraplarda ýol polisiýasynyň birnäçe ýolbaşçysynyň wezipeden boşadylandygyny hem habar berýär.

"Bu ýolbaşçylar düzgün bozan sürüjileriň işini suda geçirmegiň deregine olardan para almakda aýyplanýar" diýip, çeşmämiz belledi.

Lebapdaky barlaglaryň haçana çenli dowam etjekdigi barada anyk maglumat ýok. Bu barlaglar barada ýurduň resmi metbugatynda, şeýle-de IIM-niň websaýtynda hem haýsydyr bir maglumat berilmeýär.

Ýöne bu waka Içeri işler ministrliginiň başlygy täzelenenden soň, ýurduň dürli künjeginde ýol hereketine gözegçiligiň güýçlendirilen mahalyna gabat geldi.

Ýatlatsak, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 6-njy aprelde howpsuzlyk mejlisini geçirip, öňki içeri işler ministri Öwezdurdy Hojanyýazowy wezipesinden boşadyp, onuň ornuna Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň başlygy Muhammet Hydyrowy belledi.

TDH-nyň habaryna görä, prezident öňki ministriň işden kowulmagyny onuň bu wezipede işlän döwründe goýberen kemçilikleri üçin alan berk käýinçleri we duýduryşlary bilen esaslandyrdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň dowamynda beýleki howpsuzlyk meseleleri bilen bir hatarda köçe ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmagy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýokary tizlikde ele salnandygy aýdylýan 30-dan gowrak sürüjiniň jogapkärçilige çekilendigi aýdyldy.

Bu wakadan soň, 8-nji aprelde habarçylarymyz Aşgabat şäherinde, Mary we Lebap welaýatlarynda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilşine gözegçiligi ozal görlüp-eşidilmedik derejede güýçlendirendigini habar berdiler. Şonda habarçylarymyz paýtagtda düzgün bozan sürüjileriň käbirine 15 güne çenli türme tussaglygynyň göz öňünde tutulýandygyny hem aýdypdylar.

Türkmenistanda IIM-niň ýolbaşçylary ýygy-ýygydan, köplenç açyk aýdylmaýan "kemçilikleri" sebäpli täzelenip durýar. Täze wezipä bellenen resmileriň öz ýolbaşçylyk edýän pudagyna gözegçiligi birbada güýçlendirýändigi barada maglumatlar gelip gowuşýar. Emma habarçylarymyz aradan bir salym wagt geçensoň parahorlugyň ýene ozalkylary ýaly dowam etdirilýändigini habar berýärler.

Türkmenistan halkara guramalarynyň korrupsiýa hasabatlarynda ýylyň-ýylyna iň yzdaky orunlary eýeleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG