Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Farapda hususy awtohyzmat kärhanalary näbelli möhlete çenli ýapyldy


Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň häkimiýetleri sebitdäki hususy awtohyzmat kärhanalarynyň tas ählisini näbelli möhlete çenli ýapdylar. Ýerli häkimiýetler bu çäräniň ýurduň täze içeri işler ministriniň buýrugy bilen amal edilýändigini aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy habar berýär.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, 5-nji iýulda Farabyň polisiýa, ýangyn we salgyt gulluklarynyň işgärleri awtoulag ussahanalaryna we ulag ýuwýan merkezlere aýlandylar.

Olar bu iş ýerlerini dessine ýapyp, olaryň gapylaryna möhür goýdular. Resmiler 15 çemesi kärhananyň eýelerine bu çäräniň täze içeri işler ministriniň buýrugy esasynda berjaý edilýändigini hem aýtdylar.

"Täze ministr bu çäräniň esasynda gizlin hereket edýän telekeçileriň işini togtatmagy we ýangyn howpsuzlygy baradaky talaplara laýyk gelmeýän obýektleri anyklamagy maksat edinýär" diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny soran ýerli telekeçileriň biri 5-nji iýulda habarçymyza gürrüň berdi.

1-nji iýulda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň içeri işler ministri Mämmethan Çakyýewiň “başga işe geçýändigini" aýdyp, ony eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde ýurduň täze içeri işler ministri wezipesine Öwezdurdy Hojanyýazow bellendi. Şol güni prezidentiň beýleki buýrugy bilen oňa polisiýanyň polkownigi çini hem berildi. Hojanyýazow mundan öň içeri işler minstriň orunbasary wezipesini eýeleýärdi.

Bellemeli ýeri, IIM-niň ýolbaşçylary ýygy-ýygydan, köplenç açyk aýdylmaýan "kemçilikleri" sebäpli täzelenip durýar. Täze wezipä bellenen resmileriň öz ýolbaşçylyk edýän pudagyna gözegçiligi birbada güýçlendirýändigi barada maglumatlar gelip gowuşýar.

Ýatlatsak, 2019-njy ýylda Çakyýewyň ministrlige bellenen döwri edara-kärhanalara baryp, barlaglary geçirýändigi habar berildi. Şeýle-de, polisiýa işgärleriniň para almakdan çekinýändigi barada maglumatlar hem gelip gowuşdy. Emma habarçylar soň parahorlugyň ýene ozalkylary ýaly dowam etdirilendigini habar berdiler.

Azatlyk Radiosy ýapylan awtoulag ussahanalarynyň we ulag ýuwýan merkezleriň ençeme işgäri bilen söhbetdeş boldy. Ol awtoulag ussahanalaryna we ulag ýuwýan merkezlere garşy alnyp barylýan täze çäräniň işgärleriň arasynda nägilelik döredendigini hem aýtdy.

"Biziň ähli resminalarymyz düzüw bolsa-da, iş ýerlerimizi ýapdylar. Soňky iki ýylyň dowamynda ykdysady kynçylyklar we koronawirus çäklendirmeleri sebäpli köp adam işini ýitirdi. Bu adamlaryň köpüsi ussaçylykdan zordan güzeran ekleýär" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Perhat diýlip tutulmagyny soran ýerli ussalaryň biri aýtdy.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, agzalýan kärhanalaryň işiniň togtadylmagy onlarça adamyň işsiz we gazançsyz galmagyna getirdi.

Häzirki wagtda işsiz galan azyndan 30 ussa we 70-den gowrak ussa kömekçisi ýerli resmilere arz-şikaýat bilen ýüzlenýärler. Ýöne resmiler olara "munuň ýokardan berlen buýrukdygyny" aýtmak bilen çaklenýärler.

Galyberse-de, Türkmenistanda awtoulagy hapa sürüjilere 300 manada çenli jerime salynýar. Awtoulagy hapa bolany sebäpli soňky alty aýyň dowamynda üç gezek jerime salnan sürüjileriň bir ýyla çenli sürüjilik şahadatnamasynyň elinden alynýan ýagdaýy-da bolýar.

Bu aralykda, Farapda hususy awtohyzmat kärhanalarynyň haçan işläp başlajakdygy ýa-da olaryň deregine nähilidir bir alternatiwalaryň hödürlenjekdigi barada maglumat hem berilmeýär.

Azatlyk Radiosynyň Farap etrap häkimligi, polisiýasy we salgyt edarasy bilen habarlaşyp, bu barada maglumat almak synanyşyklary hem häzirlikçe netije bermeýär.

Türkmenistanda hususy awtoulag ussahanalaryna we ulag ýuwýan merkezlere gözegçilikler 2016-njy ýyldan başlap güýçlendirildi.

2017-nji ýylyň 24-nji aprelinde geçirilen hökümet maslahatynda prezident paýtagtda we onuň töwereklerinde awtoulaglara hyzmat edýän kärhanalaryň bikanun hereket edýän ýerleriniň bardygyny aýtdy. Şonda Berdimuhamedow bu kärhanalarda agyz suwunyň hem bikanun ulanylýandygyny belledi.

Bu tankytdan soň ýurtda hususy awtohyzmat kärhanalarynyň müňlerçesi ýapylsa-da, soňky ýyllarda olara garşy görülýän çäreler belli bir derejede gowşapdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG