Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda PÝGG ‘açyk ýagdaýda’ para talap edýär


Polisiýa sürüjiniň dokumentlerini barlaýar (arhiw suraty)
Polisiýa sürüjiniň dokumentlerini barlaýar (arhiw suraty)

Türkmenistanyň dürli künjeklerinde ozaldan hem azlyk etmeýändigi aýdylan köçe parahorlygynyň geriminiň bu günler, hususanda Lebap welaýatynda has hem möwjeýändigi bellenilýär. Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan sürüjiler ýol polisiýasynyň (PÝGG) gatnawly köçelerde hususy ulaglary saklap, dürli bahanalary arap, tas açyk ýagdaýda para soraýandyklaryny aýdýarlar.

“Polisiýanyň 4-5 işgäri Türkmenabatdan Çärjew etrabynyň obalaryna barýan uly ýoluň ugrunda jemlenişip durýar. Olar esasan-da adamlaryň işden çykýan wagty, ýagny ikindin sagat 19 töweregi köçelere çykýarlar” diýip, bu ýagdaýlary ençeme gezek başdan geçiren türkmenabatly hususy awtoulag eýesi 22-nji martda habarçymyza gürrüň berdi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň üýtgedilip Didar diýlip tutulmagyny soran 40 ýaşlaryndaky söhbetdeşimiz polisiýanyň uly ýoluň ugry bilen barýan tas ähli ulagy saklap, dokument barlagy bahanasy bilen para tamakin bolýandyklaryny aýtdy.

“Polisiýa ilki bilen raýatyň sürüjilik şahadatnamasyny we ulagynyň guratlyk hatyny soraýar. Soňra bolsa, ‘ulagyň hapa, çyrasy pes ýanýar...’ ýaly bahanalar bilen jerime ýazjakdygy bilen haýbat atýar we ‘özara ylalaşmagy’ teklip edýär. Bu para soramagyň özboluşly bir görnüşi. Ortaça 20 manat möçberinde pul soralýar” diýip, onsuz hem ykdysady krizis sebäpli maliýe ýetmezçiliginden kösenýändigini aýdýan Didar belledi.

Ol bu ýagdaýlardan habarly käbir sürüjileriň polisiýanyň entek kemçilikleri gözläp başlamagyndan has ozal, dokumentleri bilen 10 manat möçberinde para berýändiklerini hem sözüne goşdy.

“Polisiýa görnüşinden bahana gözläp wagtyny sarp etmegiň deregine, göni 10 manady alanyny gowy görýär. Sürüjiler hem has uly jerimeden, sürüjilik şahadatnamasynyň alynmagyndan ýa-da iň beteri ulaglarynyň jerime duralgasyna äkidilmeginden howatyr edip, para bermegi saýlap alýarlar. Sebäbi polisiýa garşy şikaýat edip, häkimiýetlere arzyňy eşitdirip biljegiň gümana” diýip, Didar belledi.

Azatlyk geçen aý Maryda awtoulag sürüjileriniň onlarçasynyň ýol polisiýasynyň dürli bahanalary tapyp, özlerine yzygiderli jerime salýandygyndan şikaýat edip, welaýat prokuraturasyna arza ýazandygy barada habar beripdi. Şol pursat, prokuraturanyň öz meseleleri bilen gelen raýatlary iki sagat garaşdyryp, netijede diňe birini kabul edip, arzalary boýunça hem oňaýly hiç zat aýtmandygy bellenipdi.

Mundan başga-da, habarçylarymyz jerime duralgasyna eltilen ulaglaryň ençeme günläp, käte hepdeläp eýelerine gowşurylmaýandygyny, ulaglary yzyna almak isleýän sürüjilerden ýüzlerçe manat möçberinde para talap edilýändigini hem gürrüň beripdiler.

Lebaply habarçymyz bu günler welaýatyň dolandyryş merkezi Türkmenabadyň özünde hem Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň göz-görtele köpelendigini aýdýarlar.

“Türkmenabatda polisiýa ulagyň tizligi çäklendirilen ýollaryň ugrundaky jaýlaryň burçunda eli radarly gizlenip durýar. Özleri-de indi diňe birtaraply ýollaryň ugrunda gizlenýärler. Sebäbi, adatça, sürüjiler raýdaşlyk görkezip, garşy tarapdan gelýän ulaglara polisiýanyň durandygy barada çyralary bilen yşarat edýärler” diýip, söhbetdeşimiz Didar aýtdy.

Azatlyk Radiosyna ýokarda beýan edilýän ýagdaýlar boýunça Içeri işler ministrligiň Lebap welaýaty boýunça bölüminden, şol sanda Polisiýanyň Ýol gözegçilik gullugyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak başartmady.

Türkmen häkimiýetleri, şol sanda ýurduň Içeri işler ministrligi polisiýa işgärleriniň gatnaşmagyndaky alym-berim faktlary, köçe-ýol hadysalary hakynda-da gürrüň etmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG