Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze hasabat: Türkmen häkimiýetleri krizisleri gizlemek syýasatyny dowam etdirýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän iki topar Türkmenistanda söz, Internet, birleşmek we parahatçylykly ýygnanyşmak azatlyklarynyň bozulmagy barada bilelikde hasabat ýaýratdy.

"Adam hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasy" ("Türkmenistanyň hronikasy" neşiri) we "Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlyk" toparlarynyň soňky hasabatynda 2021-nji ýylyň sentýabryndan 2022-nji ýylyň ýanwaryna çenli wagt aralygyna syn berilýär.

"Gazagystanda 2022-nji ýylyň ýanwarynda bolan wakalardan soň, prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda, täze repressiw çäreler" diýlip atlandyrylýan hasabatda türkmen häkimiýetleriniň krizisleri gizlemek syýasatyny dowam etdirendigi aýdylýar.

"Türkmenistanyň häkimiýetleri, ýurtdaky maglumat akymyna gözegçilik etmek ugrundaky tagallalarynyň bir bölegi hökmünde, hökümete ýaramaz täsir edip biljek wakalary yzygiderli inkär edýärler we gizleýärler" diýlip, hasabatda bellenilýär.

Şeýle-de, syn berlen döwürde häkimiýetleriň global pandemiýanyň Türkmenistanda hasaba alynmandygyny tekrarlap, COVID-19-y inkär etmek syýasatyny dowam etdirendigi, ýöne garaşsyz çeşmelerden alnan habarlaryň pandemiýanyň ýurda çynlakaý täsir edendigini görkezýändigi hem bellenilýär.

Mundan başga-da, hasabatda raýatlaryň Internetden peýdalanmak hukugynyň hem çynlakaý çäklendirilendigine üns çekilýär.

"Türkmenistandaky ýagdaýlar barada habar berýän garaşsyz websaýtlar, sosial media ulgamlary, messenjerler we beýleki Internet çeşmeleri esassyz petiklendi. Olar diňe VPN ýaly Internet senzurasyny böwüsýän gurallaryň kömegi bilen elýeterlidir. Şol bir wagtda, häkimiýetler VPN-i yzygiderli petikledi we bu guraldan peýdalanyp, häkimiýetleri tankytlaýan maglumatlary görkezýän saýtlara giren adamlara basyş etdi" diýlip, hasabatda VPN gurallaryny gurnap berýän ussalaryň we hünärmenleriň tussag edilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň hem bolandygy bellenilýär.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlar Gazagystanda şu ýylyň ýanwarynda bolup geçen wakalaryň Türkmenistanda Internete gözegçilik etmek tagallalarynyň täzelenmegine sebäp bolandygyny hem aýtdylar. Bular Türkmenistanyň şol döwürdäki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji ýanwarda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirip, ýurtda dürli Internet çeşmelerine gözegçiligi berk çäklendirmek barada beren tabşyrygy bilen esaslandyryldy.

Ýatlasak, ýanwaryň başlarynda Gazagystanda suwuklandyrylan gazyň bahasynyň ýokarlanmagy bilen tutaşan protestler soňy bilen zorlukly gozgalaňa öwrüldi we gazak häkimiýetleri öz ilatynyň nägileligini basyp ýatyrmak üçin Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasyndan harby ýardam sorady.

"Adam hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasy" toparyna görä, bu wakalardan soň, döwlet eýeçiligindäki ýeke-täk Internet prowaýderi öz müşderileri üçin "girmäge rugsat berilýän" Internet saýtlarynyň sanawyny hem ýaýratdy.

"Täze sanawda görkezilmedik ähli Internet çeşmeleri petiklenýär" diýlip, hasabatda prezidentiň MHM-ne köpçülikleýin bidüzgünçilikleriň we jemgyýetçilik howpsuzlygynyň howplarynyň öňüni almak üçin tagallalary güýçlendirmegi tabşyrandygy hem bellenilýär.

Hasabatda, häkimiýetleriň bu tagallalaryna garamazdan, ýurtda birnäçe köpçülikleýin protest çäreleriniň bolandygy aýdylyp, bu ýanwaryň başynda Lebap welaýatynyň Farap etrabynda 200-e golaý adamyň häkimligiň öňünde üýşendigi barada Azatlygyň çap eden maglumatlary bilen delillendirilýär.

"Türkmenistanyň hökümeti sosial ulgamlarda hökümetiň tankytlarynyň artmagyna we daşary ýurtlarda nägilelik hereketiniň döremegine jogap edip, başgaça pikirlenýänlere çäre görmegiň gerimini hem giňeltdi. Bu basyşyň çäginde häkimiýetler ýurduň içindäki we daşyndaky aktiwistleri, olaryň dogan-garyndaşlaryny nyşana aldy. Türkmenistanda ýaşaýan birnäçe adam jenaýat jogapkärçiligine çekildi. Olardan özleriniň raýat işjeňligi we özlerini gyzyklandyrýan meseleler boýunça çykyş edendikleri üçin ar alnandygyna ynanylýar" diýlip, hasabatda muňa ýurduň içinde lukman Hursanaý Ismatullaýewanyň we Türkiýede türkmen aktiwistleriniň tussag edilmegi mysal getirilýär.

Türkmenistan demokratiýa, ynsan hukuklary, söz we Internet azatlygynyň ýagdaýy boýunça halkara hasabatlarda ýyllarboýy yzdaky orunlary eýeleýär. Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň adam hukuklary boýunça 12-nji aprelde çap eden hasabatynda Türkmenistanda giň ýaýran hukuk bozulmalarynyň, şol sanda syýasy-ykdysady, medeni we jynsy hukuk bozulmalarynyň dowam etdirilýändigi aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG