Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýa esasy söweş gämisini ýitireninden bir gün soň, Kiýewdäki hüjümlerini güýçlendirjekdigini aýtdy


"Moskwa" uzak aralyga ýetýän ganatly raketalaryň 16 sanysyny göterip bilýärdi.

Rus Goranmak ministrligi 15-nji aprelde Ukrainany Russiýanyň serhetýaka şäherlerini nyşana almakda aýyplandan soň, ukrain paýtagty Kiýew şäherine hüjümlerini güýçlendirjekdigini duýdurdy.

Bu beýanat, Russiýanyň Gara deňiz flotundaky baş gämisini ýitirip, simwoliki ýeňlişe sezewar bolmagy bilen, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiýniň öz halkyny fewral aýynda başlanan rus çozuşyndan bäri “öz ömürlerinde gelen iň möhüm kararlaryna – söweşmek kararyna” gelmekde görkezen aýgytlylyklary üçin öwmeginden bir gün soňa gabat geldi.

Zelenskiý 14-nji aprelde ukrainalylara ýüzlenip, basybalyjylar “köp bolanda bize bäş gün möhlet bereninden” soň, olaryň rus çozuşyna 50 gün hötde gelip bilendiklerine buýsanmalydygyny aýtdy.

Zelenskiý Russiýanyň Gara deňiz flotundaky baş gämisiniň, raketa kreýseri “Moskwanyň” jedelli ýagdaýda agyr zyýan çekip, suwa batmagyny nazara alyp, “olaryň Russiýanyň uruş gämileriniň aňyrrakda ýüzmelidigini, hatda deňziň düýbüne gitmelidigini görkezip bilendigini” nygtady.

Russiýanyň Goranmak ministrligi içinde dörän ýangyndan agyr zyýan çeken gäminiň gaý-tupan içinde porta tarap çekilýän wagtynda suwa batandygyny aýtdy. Ukrain resmileri öz güýçleriniň bu gämini bir gün öň gämä garşy ulanylýan “Neptun” raketalary bilen urandygyny aýtdylar.

Birleşen Ştatlar Russiýanyň "Moskwa" raketa kreýserine raketa urlandygyny ýa urulmandygyny anyklamak boýunça özünde ýeterlik maglumatyň ýokdugyny aýtdy.

Gämi ýitgisi Russiýanyň deňiz flotunyň ukrain şäherlerini Gara deňizde duran ýerlerinden, bu ýurda garşy başlanan çozuşyň çäginde, tas 50 gün bäri bombalamagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Ýerli metbugatyň habaryna görä, 15-nji aprelde Kiýewde güýçli partlamalar eşidildi we gündogardaky söweşler güýçlendi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi 14-nji aprelde deňizden atylýan we uzak aralyga niýetlenen "Kalibr" kysymly raketalary ulanyp, rus goşunlarynyň Kiýewiň daşyndaky "harby" zawody urandygyny aýtdy.

Ukrainanyň prezident edarasy paýtagtyň daşyndaky Wasilkiw sebitinde partlamalaryň eşidilendigini mälim etdi.

Şeýle-de, rus ministrligi özüniň S-400 raketa ulgamynyň "14-nji aprelde Brýansk oblastynyň Klimowo sebitinde asuda ilata hüjüm eden" Ukrainanyň Mi-8 dikuçaryny urup, ýere gaçyrandygyny hem aýtdy.

14-nji aprelde Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we goranmak geňeşi (RNBO) Russiýanyň aýyplamalaryny ret etdi we olary "Russiýada Ukraina garşy dowly tutaşdyrmak synanyşygy" diýip atlandyrdy.

15-nji aprelde günortadaky Harkow şäherinde, Ukrainanyň günbataryndaky Iwano-Frankiwskde, günortadaky Kerson şäherinde-de partlamalar eşidildi.

Ukrain häkimiýetleri rus güýçleriniň ýakyn wagtda ýurduň gündogar böleginde has gerimli hüjüme geçmegine garaşýar.

Häzirki wagtda rus güýçleri Luhansk sebitindäki Popasna we Rubižne şäherlerini basyp almak üçin gündogar Ukrainadaky hüjümlerine ünsi jemleýär diýip, ukrain harbylarynyň 15-nji apreldäki hasabatynda aýdylýar.

Muňa garamazdan, Ukrainanyň Baş ştabynyň harby ýagdaý baradaky hasabatyna görä, olar üstünlik gazanyp bilmediler.

Bu aralykda, ukrain resmisi Russiýa 24-nji fewralda Ukraina sebäpsiz çozaly bäri ýurduň gündogar Harkow sebitinde azyndan 503 parahat ýaşaýjynyň öldürilendigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG