Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebabyň ýag kärhanasy öz işini togtatdy. Hünärmenler ýag gytçylygynyň boljakdygyny duýdurýar


"Ahal" pagta ýagy. Illýustrasiýa suraty
"Ahal" pagta ýagy. Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynda ýag önümçiligine degişli pagta çigidiginiň gytçylygy sebäpli ýerli ösümlik ýag kärhanasy öz işini togtatdy. Kärhananyň işgärleriniň ýarysy tölegsiz zähmet rugsadyna iberildi. Hünärmenler munuň ýurtda pagta ýagynyň gytçylygyna sebäp boljakdygyny duýdurýarlar. Bu aralykda, ýerli daýhanlar sebitiň bugdaý we gowaça meýdanlaryndaky ýiti suw ýetmezçiligi barada habar berýärler.

Azatlyk Radiosynyň biri-birinden garaşsyz iki habarçysynyň maglumatlaryna görä, 2-nji aprelde welaýatyň administratiw merkezi Türkmenabat şäherinde pagta çigidinden ösümlik ýagyny öndürýän kärhana öz işini togtatdy.

"Kärhanada bir müňden gowrak adam zähmet çekýärdi. Olaryň ýarysy tölegsiz zähmet rugsadyna iberildi. Olara bäş aý hak tölenmez. Kärhana sentýabr aýyna çenli, ýagny täze gowaça hasyly alynýança işe girişmez" diýip, ýagdaýdan habarly hünärmen 22-nji aprelde gürrüň berdi.

Ýag kärhanasynyň öz işgärlerini köpçülikleýin tölegsiz rugsada ugratmagy, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we işsizligiň arasynda, welaýatlardan paýtagta baryp işleýän içerki migrantlaryň Aşgabatdan çykarylýan we gözellik salonlarynyň ýapylmagynyň fonunda, müňlerçe adamyň gazanç çeşmesini ýitirýän pursadyna gabat gelýär.

Lebaply hünärmenleriň we kärhananyň birnäçe işgäriniň aýtmagyna görä, ýag önümçiliginiň togtamagyna önümçilige degişli pagta çigidiniň gytçylygy, has takygy kärhananyň özündäki çigit gorunyň beýleki welaýatlara iberilmegi sebäp bolupdyr.

"Kärhananyň bäş aý öz işini togtatmagy ýag önümçiligine ýaramaz täsir ýetirip, ýurtda ösümlik ýagynyň gytçylygy has-da ýitileşer" diýip, hünärmen belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Lebap welaýat häkimliginden we agzalýan ýag kärhanasyndan goşmaça maglumat ýa kommenatirýa alyp bilmedi.

Türkmenabadyň ösümlik ýag kärhanasy çigit ýetmezçiligi sebäpli geçen ýyl hem öz işini wagtlaýyn togtadypdy. Şonda habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolan kärhananyň hünärmenleri çig malyň ýokdugyny we işgärleriň 60 göteriminiň tölegsiz zähmet rugsadyna goýberilendigini gürrüň beripdiler.

Bu aralykda, lebaply habarçylarymyz sebitde pagta çigidiniň ýetmezçiliginiň gowaça ekişine hem ýaramaz täsir ýetirýändigini aýdyp, pagtaçy daýhanlaryň tohum bilen üpjünçiliginiň pesdigini hem habar berýärler.

Mundan başga-da, habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolan kärendeçi daýhanlar sebitiň bugdaý we gowaça meýdanlaryndaky ýiti suw ýetmezçiliginiň özleriniň ekinlerine ýaramaz täsir ýetirýändigini aýdýarlar.

"Bugdaý meýdanlaryna suw ýetmeýär. Amyderýanyň suwy pesligi sebäpli ýaplara suw has çäkli mukdarda gelýär. Bugdaý ekilen meýdanlary zeý suw akabalaryndan nasos arkaly suwarýarlar. Gowaça ekişi hem pes derejede dowam edýär. Suw ýetmezçiligi bu ýerde hem duýulýar. Şeýle-de, tehnika azlygy sebäpli ekiş ýuwaş alnyp barylýar" diýip, lebaply daýhan anonimlik şertinde 22-nji aprelde aýtdy.

Lebaply kärendeçileriň ýüzbe-ýüz bolýan suw ýetmezçiligi, Balkan welaýatynyň Serdar, Magtymguly we Bereket etraplarynda bugdaý eken daýhanlaryň, bugdaý meýdanlaryndaky ýiti suw ýetmezçiligi zerarly, ekiniň 60 göterimden gowrak hasylyny ýitirendigini aýtmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Geçen aý habarçylarymyz, birnäçe günläp dyngysyz ýagan ýagyşlar zerarly, Balkanyň Bereket etrabynyň käbir obalaryna gelen sil suwlarynyň ekerançylyk ýerlerine, şol sanda bugdaý meýdanlaryna ýaramaz täsir ýetirendigini hem habar beripdiler.

Türkmen häkimiýetleri we metbugaty ne pagta çigidiginiň gytçylygy, ne onuň ýag önümçiligine we pagtaçy daýhanlara ýetirýän täsirleri, ne artyk ýagan ýagyş, ne sil suwlarynyň gelmegi, ne-de suw ýetmezçiligi barada habar berýärler.

18-nji aprelde prezident hökümet başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary we welaýat häkimleri bilen "möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyny” ara alyp maslahatlaşdy. Emma adat bolşy ýaly bu hökümet mejlisinde-de ýokarda aýdylan problemalaryň hiç biri aç-açan agzalmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG