Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Guterrişiň sapary wagtynda Kiýewe howa zarbasy uruldy


Kiýewde partlamanyň bolan ýerinde arassaçylyk işlerini geçirmäge taýýarlyk görülýär. 29-njy aprel.

Russiýa 28-nji aprelde, BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterrişiň Ukraina sapar edýän wagtynda Kiýewi iki gezek howa zarbasy bilen nyşana aldy. Ukrain ýolbaşçylary bu çäräni "ýigrenji wagşyçylykly hereket" hökmünde häsiýetlendirdi.

Bu zarbalar Şewçenkiýski etrabyna uruldy diýip, Kiýewiň häkimi Witaliý Kliçko telegramda aýtdy.

Pidalar barada maglumat berilmedi, ýöne Guterrişiň ýakyn kömekçisi žurnalistlere özleriniň aman-esen galandygyny tassyklaýan habar iberdi.

Ukrain resmileri birnäçe hepde mundan ozal rus güýçleriniň Kiýewiň töwereginden yza çekileni bäri amala aşyran iň agyr zarbalaryň birine Twitterde jogap berdiler.

Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski Guterriş bilen geçiren gepleşikleriniň edil yz ýany urlan zarbalary Russiýanyň “BMG-ni we bu guramanyň ähli manysyny kemsitmek synanyşygy” atlandyrdy.

“Russiýa bu aýylganç wagşyçylyk bilen Ukraina, Ýewropa we dünýä bolan garaýşyny ýene bir gezek görkezýär” diýip, daşary işler ministri Dmytro Kuleba aýtdy.

Russiýanyň harby metbugat sekretary Moskwanyň goşunynyň 38 harby nyşana garşy howa hüjümini amala aşyrandygyny aýtdy, ýöne Kiýewi ýa-da onuň töweregini dessine agzamady.

Zelenskiniň ýokary derejeli geňeşçisi Mihaýlo Podolýak Guterrişiň şu hepde Moskwa sapar edendigini we rus prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşandygyny belledi.

“Bir gün ozal, ol Kremlde uzyn stoluň başynda otyrdy, bu gün bolsa biziň depämizde partlamalar bolup geçýär” diýip, Podolýak aýtdy.

Guterriş Moskwanyň Ukrainadaky urşunyň “manysyzlygyny” ýazgardy. Russiýa çozuşdan iki aý gowrak soň, ýurduň gündogarynda giň gerimli hüjümleri ýygjamlaşdyrýar.

BMG-niň başlygy Kiýewiň etegindäki birnäçe şäherçä, şol sanda Buça we Borodýanka şäherçelerine baryp gördi. Şu aýyň başlarynda rus goşunlary ol ýerlerden yza çekilenden soň, käbiriniň üstünde gynama alamatlary bolan raýat jesetleri tapylypdy.

Wagşyçylygyň görnetin subutnamasy birnäçe ýurdy, galyberse-de BMG-ni we Halkara jenaýat kazyýetini uruş jenaýatlarynyň edilip-edilmändigini anyklamak üçin derňew geçirilmegi barada çagyryş etmäge iterdi.

“Men Halkara jenaýat kazyýetini doly goldaýaryn we Russiýa Federasiýasyny Halkara jenaýat kazyýetini kabul etmäge we kazyýet bilen hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýaryn” diýip, Guterriş bu iki ýere eden saparyndan soň aýtdy. “Ýöne biz uruş jenaýatlary barada gürrüň edenimizde bir zady ýatdan çykarmaly däl, jenaýatlaryň iň ýamany urşuň özi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ukrainanyň baş prokuraturasy 28-nji aprelde 10 rus esgerini “parahat adamlaryň gynalmagyna gatnaşmakda” aýyplady.

Podolýak 28-nji aprelde Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugy bilen söhbetdeşlikde Buçada we Kiýewiň golaýyndaky beýleki şäherçelerde rus goşunlary tarapyndan edilen uruş jenaýatlarynyň parahatçylyk gepleşikleriniň togtadylmagynyň sebäpleriniň biri bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de, Podolýak Zelenski bilen Putiniň arasynda gepleşik geçirilmek ähtimallygyna o diýen ähmiýet bermän, Ukrainanyň şeýle duşuşyga “haçan-da kanuny pozisiýalar laýyk bolanda” taýýar boljakdygyny ýöne munuň bu golaýda başa barmajakdygyny aýtdy.

“Gynansak-da, biz biraz garaşmaly” diýip, ol aýtdy.

Russiýa 28-nji aprelde gündogar we günorta Ukrainada hüjümi ýygjamlaşdyryp, Ukrainanyň iň iri ikinji şäheri Herson bilen Russiýanyň golastyndaky Izýum şäherini baglanyşdyrýan strategiki magistralyň ugry boýunça hüjüm amala aşyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG