Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Mariupol ewakuasiýasy togtady. Jonsonyň täze beriljek harby kömegi yglan etmegine garaşylýar


Russiýanyň “Azowstal” şäherine urýan zarbalaryny dikeltmegi sebäpli, 2-nji maýda asuda ilaty şäherden göçürmek tagallalary togtadyldy.

Britan premýer-ministri Boris Jonsonyň 3-nji maýda Kiýewdäki parlamente ýüzlenip, Ukraina beriljek goşmaça harby kömegi yglan etmegine garaşylýar, bu daşary ýurt lideriniň Moskwanyň sebäbpsiz başlan urşy döwründe ukrain parlamentine eden ilkinji ýüzlenmesi bolar. Şu aralykda rus güýçleriniň, gabalan port şäherinden ewakuasiýa edilen nobatdaky topardan bir gün soň, Mariupoly topa tutmagy dowam etdirendigi habar berilýär.

Wideo baglanyşygy arkaly kanun çykaryjy organa ýüzlenmek bilen, Jonson Ukrainanyň garşylygyny onuň ‘iň ajaýyp döwri” hökmünde gutlar we Angliýanyň Kiýewe ýene 300 million funt (376 million dollar) harby kömek berjekdigini aýdýar diýip, onuň edarasy aýtdy.

Angliýa Ukraina mundan öň, raketa we raketa atyjy enjamlary goşmak bilen, bir topar harby enjam iberdi. Täze kömek radio-elektron söweş enjamlaryndan, batareýa radar ulgamyndan, GPS päsgelçiligi enjamlaryndan we müňlerçe gijeki görüş enjamlaryndan ybarat bolar.

Jonson öz çykyşynda Ikinji jahan urşy döwrüniň britan lideri Winston Çerçiliň Angliýa nasist Germaniýanyň agressiýasy bilen ýüzbe-ýüz bolanynda, 1940-njy ýylda eden çykyşyna salgylanar.

“Iňlis halky şeýle bir agzybirlik we aýgytlylyk görkezensoň, biz özümiziň iň uly howp-hatar gören pursatymyzy iň gowy döwrümiz ýaly ýatlaýarys. Bu Ukrainanyň hem iň ajaýyp pursady, siziň milli kyssaňyzyň epiki bölümi bolup, geljek nesiller üçin ýatlama bolar” diýip, Jonson aýdar.

Şu aralykda, resmileriň aýtmaklaryna görä, Ýewropa Komissiýasy täze çäreler toplumyny, şol sanda Russiýanyň nebitine embargo goýulmagyny hem teklip eder.

Täze giriziljek sanksiýalar, SWIFT global bank aragatnaşyk ulgamyndan çykaryljak ýurduň iň uly bankyny, Sberbanky hem nyşana alar diýip, ady aýdylmadyk diplomatlar aýdypdyr.

Şäher häkimi Wadim Boýçenkonyň 3-nji maýda aýtmagyna görä, Ukrainanyň gabawa düşen Mariupol portundaky “Azowstal” zawodynda ýene 200-den gowrak parahat ýaşaýjy howpsuz ýere çykarylmagyna garaşýar.

Boýçenko Russiýanyň çozuşyndan ozal 400,000 töweregi ilaty bolan günorta şäheriň häzir jemi 100,000 töweregi parahat ýaşaýjysynyň bardygyny aýtdy.

100-e golaý ukrain raýatyndan ybarat topar Mariupoldan çykyp, häkimiýetleriň habaryna görä, 230 km uzaklykda ýerleşýän günorta-gündogar Zaporižýa şäherine gitdi.

Emma Russiýanyň “Azowstal” şäherine urýan zarbalaryny dikeltmegi sebäpli, 2-nji maýda asuda ilaty şäherden göçürmek tagallalary togtadyldy.

Strategiki port şäheri bolan Odesada we Ukrainanyň gündogarynda-da söweşler möwjeýär. Şäher geňeşiniň maglumatyna görä, Russiýanyň Odesa uran täze zarbasynda 15 ýaşly bir oglan öldürildi.

Moskwa 24-nji fewralda Kiýewe garşy sebäpsiz urşa başlaly bäri, rus goşunlary Ukrainanyň hiç bir uly şäherini doly basyp alyp bilmedi.

Birleşen Ştatlar Moskwanyň Ukrainanyň gündogaryndaky sebitleri resmi taýdan ele geçirmekçi bolýandygyny duýdurdy.

ABŞ-nyň ÝHHG-däki ilçisi Maýkl Karpenter Russiýanyň Kiýewdäki hökümeti agdaryp bilmän, referendum çäresini ulanyp, Ukrainanyň gündogaryndaky Donbas sebitiniň Luhansk we Donetsk topraklaryny ýakyn wagtda anneksiýa etmekçi bolýandygyny aýtdy.

Russiýa Kiýewiň we Çernihowyň töwereklerinde garaşylmadyk berk garşylyga duçar bolansoň, bu ýere jemlän goşunlaryny häzir söweşleriň möwjeýän ýerlerine, ýurduň günortasyna we gündogaryna çekmäge mejbur boldy.

Ukrainanyň gündogary we günortasy, 2014-nji ýylda bikanun anneksiýa edilen Krym bilen arada gury ýer baglanyşygyna şert döredensoň, Russiýa üçin esasy strategiki maksat bolup görünýär.

Moskwa bu maksatlaryň bu ýerde hem tamam bolman, Moldowanyň bölünip aýrylan we Russiýa tarapyndan goldanýan Transdniester sebitine, Ukrainanyň Dniester derýasynyň boýundaky günorta-günbatar serhetlerine çenli uzamak howatyryny ýokarlandyrdy. Bellemeli ýeri, Moldowa NATO agzasy bolan Rumyniýa bilen hem serhetleşýär.

Häkimiýetler 2-nji maýda Russiýanyň atan raketasynyň Odesa port şäheriniň günbataryndaky Dniester derýasynyň üstünden geçýän esasy köprä gelip urandygyny aýtdylar.

Rim papasy Fransis 3-nji maýda çap edilen interwýusynda, Ukrainadaky urşy duruzmak üçin, rus prezidenti Wladimir Putin bilen Moskwada duşuşmagy haýyş edendigini, ýöne entek jogap almandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG