Ýewropa Bileleşigi, Russiýanyň gündogar Ukrainadaky hüjümlerini güýçlendirmegine we goňşy Belarusyň birden giň gerimli harby türgenleşik geçirmegi buýurmagyna gabat, Russiýadan nebit importyny ýylyň aýagyna çenli gadagan etmek baradaky tutumlaryny yglan etdi we Moskwa garşy has köp bank sanksiýalaryny girizdi.
Ýewropa Bileleşigi Russiýanyň çig we arassalanan nebit önümlerini import etmegi şu ýylyň aýagyna çenli bütinleý gadagan eder diýip, Ýewropa Komissiýasynyň başlygy 4-nji maýda, Moskwanyň Ukraina goşun sürmegi sebäpli girizilýän sanksiýalaryň altynjy tapgyryny yglan edende aýtdy.
“Biz Russiýadan çig nebit almagymyzy alty aýyň içinde, arassalanan nebit önümlerini almagymyzy ýylyň aýagyna çenli bes ederis” diýip, Ursula won der Leýen Strasburgda, Ýewropa Parlamentine ýüzlenip aýtdy.
"Bu Russiýanyň ähli nebitine, deňiz üsti we geçirijiler arkaly getirilýän nebitine degişli bolup, çig we arassalanan nebit importynyň doly gadagan edilmegi bolar" diýip, ol aýtdy.
Won der Leýen bu gadagançylygyň kadadan çykmalary barada hiç zat aýtmady, emma Russiýanyň energiýasyna köp derejede garaşly bolan Wengriýa we Slowakiýa bu gadagançylyga garşydyklaryny aýtdylar.
"Bu aňsat bolmaz. Käbir agza döwletler Russiýanyň nebitine gaty garaşly. Ýöne biz munuň üstünde işlemeli bolarys" diýip, won der Leýen bu teklibiň güýje girmegi üçin Ýewropa Bileleşigine agza 27 ýurduň hemmesi tarapyndan tassyklanylmaly boljakdygyny, şu sebäpden bu meselede gyzgyn çekişmeleriň dörejekdigini hem sözüne goşdy.
ÝB ýurtlarynda Russiýanyň üç sany döwlet teleýaýlymynyň gepleşikleriniň efire berilmegi gadagan ediler, Şeýle-de ol Russiýanyň iň uly banky bolan Sberbankyň we ýene iki uly bankyň SWIFT bankara aragatnaşyk ulgamyndan aýryljakdygyny aýtdy.
Mundan başga, Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki üç teleýaýlymynyň gepleşikleriniň ÝB ýurtlarynda efire berilmegi gadagan ediler.
"Indiden beýläk, mazmunynyň haýsy görnüşde ýa-da keşpde bolandygyna garamazdan, kabel üsti bilen-de, hemra arkaly-da, internetde ýa-da smartfon programmalarynda hem, olaryň ýaýradylmagyna rugsat berilmez" diýip, won der Leýen ÝB kanun çykaryjylaryna aýtdy.
Şeýle-de ol, uruşdan soňky ýurt dikeldilişine kömek bermek üçin, Ukrainanyň dikeldiş paketine başlamagy teklip etdi.
"Bu paket zerurlyklar we zerur reformalar üçin gerek bolan ummasyz maýa goýumlaryny getirmeli" diýip, ol aýtdy. "Netijede, bu Ukrainanyň Ýewropa Bileleşiginiň içindäki geljegine ýol arçar" diýip, Ursula won der Leýen sözüniň üstüni ýetirdi.
Söweş meýdanyna gelsek, Donbas sebtine ilerlemek üçin, Moskwa gündogardaky Izýum şäheriniň golaýynda 22 batalýon ýerleşdirdi.
Britan Goranmak ministrliginiň 4-nji maýdaky maglumatyna görä, Russiýanyň maksady, “ukrain goranyşlaryny böwüsmäge dyrjaşýandygyna garamazdan”, gündogardaky Kramatorsk we Sewerodonetsk şäherlerini basyp almak bolup gşrünýär. Rus batalýonlary adatça 700-800 esgerden ybarat.
Britan aňtaw maglumatlarynda bellenmegine görä, bu iki şäheri ele almagy Moskwa Ukrainanyň demirgazyk-gündogaryndaky "rus harby gözegçiligini güýçlendirmek" müçmkinçiligini berer.
Şu aralykda, Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň maglumatyna görä, goňşy Belarusyň ýaragly güýçleri 4-nji maýda duýdansyz, uly göwrümli türgenleşiklere başlady.
Rus goşunlarynyň Awdiýiwka şäherinde bir himiýa zawodyny topa tutmagy netijesinde azyndan 10 adam ölüp, 15 adam ýaralandy diýip, Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk sebitiniň gubernatory aýtdy.
Pawlo Kyrylenko sebitdäki dört şäherde top oklarynyň ýene 11 adamy öldürendigini aýtdy.
8-nji aprelde Kramatorsk şäherindäki demirýol menziline edilen rus hüjüminden bäri, bir günde öldürilen adamlaryň sany 3-nji maýda iň köp ölüm sany boldy. Kramatorsk demirýol stansiýasyna edilen hüjümde 57 ölüp, 109 adam ýaraly bolupdy.
Ukrain resmileriniň aýtmagyna görä, rus goşunlary 3-nji maýda ýurduň demirýol infrastrukturasyny nyşana almagyny dowam etdirip, ýurduň merkezi we günbatar sebitlerinde alty demirýol menziline agyr zyýan ýetirdi.
3-nji maý güni giçlik Russiýa günbatar Lwow şäherini hem nyşana aldy. Lwowyň häkimi üç elektrik stansiýasyna zarba urlandygyny we şäherde elektrik togunyň kesilendigini aýtdy.
Mariupol şäher geňeşiniň habar bermegine görä, gabawdaky port şäheriniň polat zawodyndan ewakuasiýa edilen 150 gowrak adam Zaporižiýa geldi.
Ukrainanyň premýer-ministriniň orunbasary Irina Wereşçuk 156 adamyň ewakuasiýa edilendigini, zawodyň içinde ýene birnäçe ýüz adamyň, Maiupolda on müňlerçe aýal-gyzyň, çagalaryň we garrylaryň galýandygyny aýtdy.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.