Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa, içinde galan asuda adamlaryň çykarylmagy üçin, "Azowstalda" atyşygy togtatdy


 Mariupol görnüşi
Mariupol görnüşi

Russiýa gabalan şäherde, “Azowstal” zawodynyň aşagyndaky ýerzeminlerde galan raýatlaryň ewakuasiýa edilmegine mümkinçilik döretmek üçin, 5-nji maýdan başlap, atyşygy üç günlük togtatmak kararyna gelendigni yglan etdi. Ukrain harbylary Azow deňziniň boýundaky strategiki portda bir gün öň “ganly söweşleriň” bolandygyny aýtdylar.

Russiýanyň bu habary Mariupolyň beýleki ýerlerinden 300-den gowrak adamyň ewakuasiýa edilmeginiň yz ýanyna gabat geldi we ynamsyzlyk bilen garşylandy. Sebäbi mundan öňki yglan edilen atyşyk togtadylmalarynyň birnäçesi şowsuz gutardy we ukrain tarapy rus goşunlaryny öz hüjümlerini dowam etdirmekde aýypladylar.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 5-nji maýda eden çykyşynda Ukrainanyň öz tarapyndan Mariupolda atyşygyň kesilmegine taýýardygyny aýtdy.

"Adamlary ýerzeminlerden, ýerasty gaçybatalgalardan çykarmak üçin wagt gerek bolar. Häzirki şertlerde biz ol ýerdäki harabalary çykaryp aýryrmak üçin agyr enjamlary ulanyp bilmeris. Bularyň hemmesi el bilen edilmeli" diýip, Zelenski aýtdy.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň gündizlerine yglan eden atyşyk kesmesi üç gün dowam etmeli.

"Rus ýaragly güýçleri 5-nji, 6-njy we 7-nji maýda, Moskwa wagty bilen sagat 08: 00-dan 18: 00-a çenli “Azowstal” demir zawodynyň töweregindäki asuda adamlary ewakuasiýa etmek üçin ynsanperwerlik koridoryny açar” diýip, ministrlik aýtdy.

Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Ned Praýs Waşingtonda çykyp gürläp, Moskwanyň ok atmagy togtatmak barada ozal yglan eden şertlerini gaýta-gaýta bozandygyny ýatlatdy.

Azow polkunyň serkerdesi Denis Prokopenko zawodyň hiç wagt tabyn bolmajakdygyny aýtdy.

Prokopenko Telegramda rus güýçleriniň zawodyň çägine urup girmegi netijesinde agyr söweşleriň bolandygyny aýtdy. Zawoddaky ýagdaý adatdan daşary agyr we ukrain goşuny özüni goramagyny dowam etdirýär diýip, onuň çap edenbeýanatynda aýdylýar.

Dawid Arahamiýa, häzir Russiýa bilen togtadylan parahatçylyk gepleşiklerini geçiren ukrain delegasiýasynyň agzasy, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolup, ozal aragatnaşygyň ýitirilendigi baradaky habarlara garamazdan, ukrain häkimiýetleriniň zawody goraýanlar bilen aragatnaşygynyň bardygyny aýtdy.

Ukrainanyň premýer-ministriniň orunbasary Irina Wereşçuk “ýene bir kiçiräk ýeňşiň gazanylandygyny”, 4-nji maýda Mariupoldan 344 aýal-gyzyň, çagalaryň we garrylaryň sag-aman alnyp çykylandygyny aýtdy.

Wereşuk BMG-niň we Halkara gyzyl haç komitetiniň wekilleriniň bu operasiýa beren goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi. BMG Zaporižiýada 300-den gowrak parahat ýaşaýjynyň ynsanperwer kömegini alýandygyny tassyklady.

Sanksiýalar meselesinde bolsa, Ýewropa Bileleşiginiň 4-nji maýda Russiýanyň nebitine gadaganlyk girizmek barada eden teklibi Wengriýanyň sagçy lideri Wiktor Orban we rus energiýasyna has kän garaşly bolan bileleşik agzalary tarapyndan bada-bat ret edildi.

W. Orban rus prezidenti Wladimir Putiniň ÝB ýurtlarynyň içindäki iň ýakyn hyzmatdaşy hasaplanylýar.

Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň nebit embargosyna garşy çykmagynyň olary Russiýanyň Ukrainadaky jenaýatlaryna "şärik" etjekdigini aýtdy.

“Öňe sürýän delileleri name-de bolsa, eger-de olar nebit embargosyna garşy çyksalar, bu bir zady aňladýar: olar rus tarapynda oýnaýarlar. Olar Russiýanyň Ukrainada edýän ähli zatlary üçin jogapkärçiligi paýlaşýar” diýip, Kuleba twitterde ýerleşdiren wideo beýanatynda aýtdy.

Şu aralykda prezident Wolodymyr Zelenski, Ukrainanyň Russiýanyň esassyz başlan hüjümine gaýtawul bermegine we uruş gutarandan soň ýurduň täzeden gurulmagyna kömek etmek üçin global derejede maliýe serişdelerini toplajak saýta itergi berdi. Ol bu saýtyň dünýäniň dürli ýerlerinde ýaşaýan ýönekeý adamlaryň rus goşunlaryna garşy durmaga kömek bermegine ýol açjakdygyny belledi.

Zelenski 5-nji maýda Twitterde ýerleşdirilen wideoýazgysynda bu saýtda toplana serişdeleriň ählisiniň Ukrainanyň merkezi bankyna geçiriljekdigini we şol ýerden "degişli ministrliklere" beriljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG