Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain güýçleri gündogarda öňe süýşýär, Kiýew üstünden geçýan gaz akymyny togtadýar


Azow polkunyň söweşijileri

Ýurduň gündogaryndaky we günortasyndaky söweşleriň dowam etmegi bilen, Ukraina öz goşunynyň rus goşunlaryny Harkow şäherinden kem-kem daşlaşdyrýandygyny aýtdy, ABŞ Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň uzak urşa taýýarlanýandygyny duýdurdy. Şu aralykda Ukrainanyň tebigy gaz geçiriji operatory 11-nji maýdan başlap, rus gazynyň gündogardaky Nowopskow merkeziniň üsti bilen iberilmegini bes etjekdigini aýtdy.

Bu gaz geçiriji merkez Moskwa tarapyndan goldanylýan seperatistleriň gözegçiligindäki territoriýada ýerleşýär we Ukrainanyň üsti bilen Günbatar Ýewropa iberilýän rus gazynyň takmynan üçden bir bölegini öz içine alýar.

Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki tebigy gaz läheňi “Gazprom” bu görkezijini dörtden bir töweregine ýetirdi.

Prezident Wolodymyr Zelenski 10-njy maýda ukrain goşunlarynyň rus goşunlaryny Harkowyň golaýyndaky dört obadan çykaryp kowandygyny, olaryň uruş başlaly bäri bomba ýagdyrylan obalar bolandygyny aýtdy.

"Ýöne ähli halkymyzy ... aşa duýgulary ýaýratmazlyga çagyrmak isleýärin. Her hepde we hatda her gün ýeňişlere garaşylýan ýerde biz aşa ahlak basyşyny döretmeli däldiris" diýip, Zelenski öz wideo ýüzlenmesinde aýtdy.

Rus goşunlary günortadaky strategiki port şäherine, Mariupoluň soňky goragçylarynyň ýerleşýän “Azowstal” polat zawodyna edýän hüjümlerini dowam etdirdiler.

Şäher häkiminiň kömekçisiniň sözlerine görä, bu ýerden çykyp bilmän galan parahat ýasaýjylaryň sany azyndan 100 adam çemesi bolup biler.

Emma, Britaniýanyň Goranmak ministrliginiň gündelik çap edýän habarlarynda aýdylmagyna görä, Russiýa strategiki howa goragyny we kenarýaka goranyş gämileriniň raketalaryny ulanyp, Gara deňziň demirgazyk-günbatar böleginde, Ýylan adasynda ýerleşýän güýçlerini has-da güýçlendirmäge çalyşýar.

"Ukraina Russiýanyň howa goragyna we Gara deňizdäki üpjünçilik liniýalaryna pilotsyz uçarlar bilen gowy zarba urmagy başardy” diýip, britan aňtaw gullugynyň gündelik habarynda geçen aý “Moskwa” raketa kreýzeri gark bolandan soň, Harby deňiz güýçleriniň Kryma çekilmegi netijesinde, Russiýanyň üpjünçilik liniýalarynyň goragsyz galandygy hem bellenip geçilýär.

Russiýanyň raketa zarbalary hem, üpjünçilik arabaglanyşygyny kesmek üçin, günortadaky Odesa portuny nyşana aldy.

Şu aralykda ABŞ-nyň Wekiller öýi Ukraina berilýän kömegi artdyryp, rus çozuşyna garşy durýan kiýew hökümetini güýçlendirmek tagallalarynyň çäginde ýene 40 milliard dollardan gowrak kömek bermegi tassyklady. Bu kanun taslamasy indi, prezident Jo Baýdeniň gol çekmezinden ozal, Senatda tassyklanmaly.

ABŞ-nyň Milli aňtaw gullugynyň müdiri Awril Haýnes şu aralykda senat komitetine Birleşen Ştatlar Putiniň Ukrainadaky urşuň uzaga çekmegine taýýarlanýandygyna ynanýar diýdi.

Russiýanyň Moldowada Moskwa tarapyndan goldanylýan bölüniji sebite, Transdniestere guryýer geçelgesini gurmakçy bolýandygyny görkezýän alamatlar bar diýip, Haýnes Putiniň ara birneme wagt düşmegi netijesinde Günbataryň aýgytlylygynyň gowşamagyna bil baglaýandygyny aýtdy.

Şeýle-de, Haýnes komitete Putiniň etjek hereketlerini öňünden çaklamagyň has kyn boljakdygyny we onuň Russiýada harby kanuny hem yglan etmeginiň mümkindigini belledi.

BMG 10-njy maýda Russiýanyň fewral aýynda başlan sebäpsiz çozuşyndan bäri Ukrainada parahat ilatdan ölenleriň sanynyň 7000-e ýetendigini aýtdy.

Emma BMG-niň Ukrainada adam hukuklaryna gözegçilik edýän missiýasynyň başlygy ölen adamlaryň sanynyň has köpdügini aýtdy.

Zelenski paýtagtda häzir 36 sany daşary ýurt wekilhanasynyň işleýändigini we Kiýewdäki diplomatik işleriň dikeldilmeginiň "Ýewropanyň Ukrainanyň geljegine bolan ynamyny tassyklaýandygyny" aýtdy.

Prezident Jo Baýdeniň Ukrainadaky amerikan ilçisiniň wezipesine teklip eden weteran diplomaty Bridget Brink hem üç ýyl bäri boş duran möhüm orny eýelemek üçin basym Senatada tassyklanar öýdülýär.

Brink 10-njy maýda, senat tassyklanmasyndan öň Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň agzalarynyň öňünde çykyş edip, senatorlara ýüzlenip, eger-de tassyklansa, ABŞ-nyň Kiýewdäki ilçihanasyny doly açmak tagallasyna girişjekegini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG