Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mekdepleriň abatlaýyş işleri ene-atalara gymmada düşýär


Illýustrasiýa suraty. Aşgabatda bir mekdep howlusy.
Illýustrasiýa suraty. Aşgabatda bir mekdep howlusy.

Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde dowam edýän okuw ýyly ahyrlaýan wagtynda, mekdepleriň abatlaýyş işleri üçin okuwçylardan ýygnalýan pullar ene-atalara gymmada düşýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary welaýatyndan habar berýär.

Oguz han etrabynyň Şatlyk şäherçesiniň bir mekdebinde, ene-atalaryň sözlerine görä, mekdebi abatlamak üçin ähli okuwçylardan pul toplanýar. Kiçi klas okuwçylar 100 manat möçberinde, uçurym boljak uly klas okuwçylar 300 manat möçberinde synp ýolbaşçylaryna pul bermäge mejbur edilýärler.

Ene-atalar mekdep administrasiýasynyň okuwçylardan pul toplamagyndan nägile bolýarlar. Ýöne mekdebiň abatlaýyş işlerine maddy goşant goşmakdan ýüz öwürýän okuwçylar pes bahalar bilen jezalandyrylýarlar.

“300 manat pul talap edilýär. 300 manat gaty köp. Ene-atalar 300 manat bermekden ýüz öwürýär” diýip, birnäçe ene-ata Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Ýöne ene-atalaryň tassyklamagyna görä, pul bermekden ýüz öwürýän okuwçylar çärýek jemlenende 4-lik, 5-lik bahalardan mahrum edilmek haýbatyna sezewar bolýarlar.

Türkmenistanda häkimiýetler “dürli bahanalar” bilen mekdep okuwçylarynyň ene-atalaryndan, mekdep we beýleki bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärlerinden, mugallymlardan, galyberse-de beýleki býujet işgärlerinden yzygiderli görnüşde pul ýygnaýar. 9-njy maýda Azatlygyň habarçylary ýerli ýaşaýjylardan, şol sanda telekeçilerden we kärendeçilerden zeýkeş gazmak üçin toplanýan pullar barada habar berdi. Has ozal, türkmen häkimiýetleri Marynyň obalarynda Babadaýhan atly mifiki şahsyň hatyrasyna daýhanlardan sadaka toplady. Ýaňy-ýakynda Azatlygyň habarçylary Balkan we Mary welaýatlarynda guruljak täze metjitleriň gurluşygy üçin ýerli ýaşaýjylardan toplanýan sadaka pullary barada habar berdi. Galyberse-de, resmileriň aýry-aýrylykda amala aşyran ilatdan pul toplamak çäreleri mundan ozal “tebigaty goramak üçin”, “tigir satyn almak üçin”, “prezidentiň portretlerini satyn almak üçin” diýen ýaly esaslar bilen delillendirildi.

Ýöne Marynyň Şatlyk şäherçesinde okuwçylaryň ene-atalaryndan toplanýan pullar, mugallymlaryň sözlerine görä, her ýyl gaýtalanýan abatlaýyş işlerine harçlanar.

Pul bermäge isleg bildirmeýän ene-atalar öz çagalaryna atylýan pes baha goýmak haýbatyny adalatsyzlyk hasaplaýarlar.

“Köp hojalykda çagalara egin-eşik almaga pul ýok. Köp hojalygyň saçagynda bir gün çörek bolsa, ikinji gün çörek ýok. Mundan habarlary ýok. Biziň hojalygymyz üçin 300 manat uly pul. Biziň köplenç çagalarymyza depder, ruçka, egin-eşik satyn almaga ýagdaýymyz ýok, köplenç tanyşlardan pul karz alýarys. Çykdajylardan ýadap, ‘sag-aman okuwlaryny gutarsalar’ diýýäris. Köp hojalygyň saçagy boş bolansoň, çaga dogrup, şol çaga berilýän döwlet kömek puly bilen hojalyk eklemäge çalyşýan maşgalalar bar. Biziň ýurdumyz ‘baý-garyp’ boldy diýsek ýalňyşmarys” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Ýöne ene-atalaryň sözlerine görä, mugallymlar döwlet syýasatyny wagyz etmek bilen meşgul bolýarlar, olar ýaş çagalara özleriniň garaşsyz we bitarap ýurtda, ösen ýurtda, arassa asmanyň astynda ýaşaýandyklaryny wagyz edýärler. Ýöne ykdysady we durmuş kynçylyklaryndan ejir çekýän ene-atalar mekdeplerde okuwçylaryň aňyna guýulýan wagyzlara şübheli çemeleşýärler.

“Biz bolelin durmuşda ýaşaýan bolsak, onda näme üçin biz ‘paýok’ bilen gün görmeli!?” diýip, döwletiň subsidirlenen azyk önümlerine garaşly galan birnäçe ene-ata Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda ýaş çagaly enelere döwlet kömek pullary berilýär, şeýle-de ýurt raýatlary döwletiň subsidirlenen iýmit önümleri bilen üpjün edilýär. Ýöne ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda ýurduň dürli sebitlerinde döwletiň ilata hödürleýän subsidirlenen azyk önümleri gijikdirilýär.

Mekdebiň abatlaýyş işleri üçin çagalardan pul toplaýan mugallymlar, ene-atalaryň sözlerine görä, hususan-da orata mekdebi tamamlap, ýokary okuw jaýyna girmäge isleg bildirýän okuwçylara 300-500 manat pula ‘göz ýumup’, attestatlaryndaky bahalaryny düzetmegi, tölenýän pullaryň öwezine 4-lik, 5-lik bahalar almagy teklip edýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanda mekdep mugallymlarynyň iş we aýlyk şertleri, olardan tutulýan pullar we mugallymlaryň köpçülik çärelerine mejbury çekilmegi barada yzygiderli habar berýärler.

“Meniň çagam öz güýjüne ýokary okuw jaýyna girer diýem umydym bardy. Emma entek orta mekdep gutarmanka puluň sesi gelip başlady. Bizde olara bermäge pul ýok. Şol sebäpden biziň gyzymyz öz güýjüne okuwa girer diýen umydymyz häzirden kesilýär” diýip, ene-atalar adalatsyzlykdan şikaýat edýärler.

Azatlyk Radiosy ene-atalardan toplanýan pullar boýunça Oguz han etrabynyň bilim bölüminden kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanda orta mekdepleri abatlamak işlerine köplenç tomsuň başlarynda badalga berilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary mundan ozal, Türkmenistanyň döwlet býujeti düzülende orta mekdepleriň abatlaýyş işleri üçin goşmaça maliýe serişdeleriniň bölünip berilmeýändigini habar berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG