Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fin liderleri rus-ukrain urşunyň arasynda 'haýal etmän' NATO goşulmak isleýär


Fin esgerleri

Russiýa bilen uzak araçägi bolan Finlýandiýa 12-nji maýda, gündogar Ukrainadaky agyr söweşleriň dowam edýän wagtynda öz eýerýän syýasy ýörelgesinde ullakan öwrülişik edip, onlarça ýyl eýeren bitaraplygyndan çykmak bilen, NATO-a goşulmak üçin ýüz tutmakçy bolýandygyny aýtdy.

"NATO agzalygy Finlandiýanyň howpsuzlygyny güýçlendirer. NATO-nyň agzasy hökmünde Finlandiýa tutuş goranyş bileleşigini güýçlendirer. Finlandiýa haýal etmän NATO agzalygy üçin ýüz tutmaly. Biz bu karary kabul etmek üçin zerur milli ädimleriň gelýän birnäçe gün içinde, çalt ädiljekdigine umyt edýäris” diýip, Finlandiýanyň prezidenti Sauli Niinisto we premýer-ministr Sanna Marin 12-nji maýda bilelikde eden çykyşynda aýtdy.

Şu aralykda Ukrainanyň harby güýçleri gündogarda alyp barýan garşylykly hüjümleriniň çäginde rus güýçlerini yza serpikdirendiklerini habar berdiler. Synçylar munuň söweşdäki ýagdaýyň başga tarapa üýtgemeginiň başlangyjy bolup biljekdigini belleýärler.

Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň Baş ştabynyň aýtmagyna görä, Harkow şäheriniň demirgazygynda, esasy awtoulag ýolunyň ugrunda ýerleşýän Pitomnik obasy yzyna alyndy.

Angliýanyň Goranmak ministrliginiň gündelik habarlarynda bellenmegine görä, rus güýçleriniň Harkow sebitinden çykarylmagy, bu ýerlerde ilatyň has az garşylyk görkezmegine garaşan Russiýanyň esasy ukrain şäherlerini basyp alyp bilmejekdigini görkezýär.

Niinsto we Marin öz eden beýanatlarynda ýörite komitetiň 15-nji maýda Helsinkide, Finlýandiýanyň agzalyk islegi barada gelen resmi kararyny yglan etjekdigini aýtdylar.

Russiýa bilen 1340 kilometr araçägi we dartgynly gatnaşygy bolan Finlýandiýa Russiýa 2014-nji ýylda Krymy bikanun anneksiýa edeli bäri NATO bilen aradaky hyzmatdaşlygyny güýçlendirdi.

Finlýandiýa 1939-njy we 1944-nji ýyllar aralygynda Sowet Soýuzy bilen iki gezek uruşdy, basyp almak synanyşygyny yzyna serpikdirdi, ýöne soň baglaşylan parahatçylyk şertnamasynda özüne degişli bolan territoriýanyň ondan birini ýitirdi.

Finlýandiýa uruşdan soňky döwürde bitaraplyk durumuna eýerip, wagtal-wagtal Moskwa bilen Günbataryň arasynda araçylyk hem etmeli boldy.

Ýene bir demirgazyk ýurdy, öňden gelýän bitaraplygy bilen tanalýan Şwesiýanyň ýakyn günlerde, Russiýanyň Ukraina sebäpsiz çozmagy netijesinde, Ýewropanyň howpsuzlyk arhitekturasynyň düýpgöter üýtgedilmeginiň arasynda, NATO goşulmak niýetini yglan etmegine garaşylýar.

Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary 12-nji maý güni irden Russiýanyň dünýä tertibine "iň gönümel howp" bolup durýandygyny duýdurdylar we, ýurduň gündogarynda we günortasynda barýan agyr söweşleriň dowam edýän wagtynda, Moskwanyň Ukraina çozmagyny "wagşylyk" diýip atlandyrdylar.

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula won der Leýen Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişel bilen bilelikde Ýaponiýada bolup, 12-nji maýda Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kişida bilen Moskwanyň Ukraina eden hüjümi barada gepleşik geçirdi.

Russiýa "häzirki wagtda Ukraina garşy alyp barýan wagşyçylykly urşy we Hytaý bilen aradaky aladaly şertnamasy arkly dünýä tertibine iň gönümel howp bolup durýar" diýip, won der Leýen Kişida bilen duşuşandan soň aýtdy.

Ukrainanyň günortasynda we gündogarynda barýan söweşleriň dowam edýän wagtynda Germaniýanyň Goranmak ministrligi takmynan 60 ukrain esgerine iň kämil howitser toplaryny ulanmak boýunça, Panzerhaubitze 2000 artilleriýa ulgamynda tälim bermäge başlady. Germaniýa öz öndürýän iň kämil top ulgamlarynyň ýedisini ýakyn wagtda Ukraina ibermek wadasyny berdi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski şu aralykda german kansleri Olaf Şolz bilen gürleşip, Berliniň Ukraina rus çozuşyny yzyna serpikdirmek üçin berip biljek kömekleri barada özara maslahat edendigini aýtdy.

Soňky maglumatlara görä, Russiýanyň "Gazprom" konserni 11-nji maýda Ukraina bilen 72 million kub metr gaz geçirmek barada ylalaşyga geldi.

Ukrainanyň gaz geçiriji ulgamynyň operatory bir gün öň Russiýa tarapdar separatistler tarapyndan ele salnan kompressor stansiýalarynyň birinden gaz geçirmegi bes etjekdigini aýtdy.

“Interfaksyň” habaryna görä, “Gazprom” we Ukrainanyň GTS-i 11-nji maýda tranzitiň Ukrainanyň gözegçiliginde galýan “Sudža” gaz stansiýasynyň üstünden geçirilmeginiň dowam etdirilmegi barada ylalaşyga geldiler.

Basylyp alnan “Sohranowka” gaz ölçegi stansiýasynyň üstünden geçirilýän gaz togtadyldy.

“Gazprom” bilen baglaşylan şertnama laýyklykda Ukraina günde 109 million kub metre çenli gaz geçirip bilýär. Ikinji gün “Sudžanyň” we “Sohranowkanyň” üstünden 88,2 million kub metr gaz geçirilmelidi. Şu aýda üstaşyr geçirilen gazyň iň ýokary derejesi 2-nji maýda - 98,9 million kub metr boldy.

Şu aralykda ABŞ-nyň Döwlet departamenti Russiýadaky amerikan ilçisi Jon Salliwanyň rus resmileri bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň “bärinäçe” meselesini ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy.

Ukrainanyň Baş prokuraturasy 11-nji maýda asuda adamy öldürmekde aýyplaýan rus esgerine garşy geçiriljek uruş jenaýaty seljermesi barada habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG