Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukrain güýçleri gündogarda rus goşunynyň ilerlemesini saklaýana meňzeýär


Mariupolda rus goşunynyň weýran eden binalary

Russiýanyň basybalyjy güýçleriniň Ukrainada garşylyk hüjümleriniň netijesinde has köp yza çekilýäne meňzeýär. Bu aralykda, Russiýanyň Ukraina sebäpsiz çozmagyndan bäri Moskwa barha köp uruş jenaýatlary boýunça aýyplamalar bildirilýär.

13-nji maýda Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň beren maglumatyna görä, ukrain güýçleri Donbasda rus esgerleriniň bir derýadan geçmek synanyşygynyň öňüni almagy başarypdyrlar.

Maglumatda bellenilişi ýaly, haçanda rus goşuny Sewerodonetsk şäheriniň günbataryndaky Siwerskýi Donets derýasyndan geçjek bolanda edilen hüjümde, ýaragly serişdeler we köprüleri çekmek üçin niýetlenen panton ulgamy ýok edilipdir. Mundan başga-da, rus güýçleriniň sebitde möhüm öňe gidişligi gazanyp bilmändigi aýdylýar.

Beýanatda bu sebäpli rus ýolbaşçylarynyň komandirlerine basyş edýändigi, munuň netijesinde hem söweş meýdanynda barha köp töwekgelçilikli strategiýalaryň ornaşdyrylýandygy bellenilýär.

Şeýle-de, Ukraina Gara Deňizdäki möhüm gözegçilik nokady bolan Ýylan Adasynyň golaýynda Russiýanyň harby deňiz güýçleriniň logistiki gämisine zeper ýetirilendigini aýdýar.

Ukrainanyň milli habar agentligi Ukrinformyň regional harby kommandowaniýeniň metbugat wekiliniň sözlerine salgylanyp beren maglumatyna görä, gürrüňi gidýän gämi oda berlipdir. Maglumatda bu hüjümde rus harby deňiz güýçleriniň Wsewolod Bobrow adyndaky gämisini ýitirendigi hem bellenilýär.

Ukrainanyň Gara Deňizdäki Ýylan Adasynda weýran edilen binalary we harby serişdeleri görse bolýar. 12-nji maý, 2022 ý.
Ukrainanyň Gara Deňizdäki Ýylan Adasynda weýran edilen binalary we harby serişdeleri görse bolýar. 12-nji maý, 2022 ý.

Bu maglumaty garaşsyz çeşmelere tassyklatmak mümkin däl. Russiýa Gara Deňizde gämilerine zeper ýetendigi barada hiç hili maglumat ýaýratmady.

11 hepde bäri dowam edýän uruşda Russiýanyň güýçleri wagşyçylykda, şol sanda ýaragsyz parahat ilaty öldürmekde, gynamalarda, jynsy zorlukda dagy hem aýyplanýar.

Bu hadysalary dokumentleşdirmegiň çäginde, 12-nji maýda BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşi (UNHRC) rus güýçleriniň Ukrainanyň bolan sebitlerinde amal edilendigi öýdülýän bidüzgünçilikleri derňemek boýunça rezolýusiýany kabul etdi.

Geňeşiň ýolbaşçysy, BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Mişelle Baçelet rus goşunlarynyň Kiýewiň eteklerinden çekilmeginden soň müňlerçe jesediň tapylandygyny, munuň hem uruş jenaýatlaryna delil bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

Geňeşiň bu baradaky kararyndan öň, CNN we BBC rus esgeriniň iki ukrainaly parahat ýaşaýjyny arkasyndan atýandygy baradaky howpsuzlyk kamerasyna düşen ýazgylary görkezdiler. Bu hadysa 16-njy maýda Kiýewiň eteginde ýüze çykdy. Maglumata görä, pidalaryň bir şol ýerde heläk bolýar, beýlekisi hem eýýäm keselhanada ýogalýar.

Şol bir wagtda, rus güýçleri ýurduň günortasyndaky port şäheri Mariupoldaky metallurgiýa zawodyna hüjümlerini dowam etdirýärler. Bu şäheriň garşy duruş güýçleriniň soňky berkitmesidigi adylýar.

Ukraina Azowstal polat zawodyndaky agyr ýaralylary Russiýanyň uruş ýesirleri bilen çalyşmagy teklip etdi.

Ukrainanyň premýer-ministriniň orunbasary Iryna Wereşçýuk ýaralylary çykarmak boýunça gepleşikleriň dowam etdirilýändigini aýtdy. Ol bu boýunça dürli pikirleriň orta atylýandygyny, emma olaryň “hiç biriniň kämil däldigini” hem sözüne goşdy.

Russiýa bu gepleşikler barada häzirlikçe çykyş etmedi.

Resmileriň soňky hepdelerde beren maglumatyna görä, Mariupolda 100 müň töweregi adam gabawda bolmagynda galýar. Uruşdan öň bu şäheriň ilaty 400 müňe golaýlaýardy.

Russiýa we Ukraina parahat ilaty ewakuasiýa etmek üçin ok atyşyklary bes etmek barada ylalaşsalar-da, köp ýagdaýda bu ugurdaky tagallalar puja çykypdy.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG