Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bank kartlaryny aldaw bilen ele geçirýän toparlar “köpelýär”


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň, nagt pul we azyk ýetmezçiliginiň arasynda raýatlaryň bank kartlaryndaky zähmet haklaryny we kömek pullaryny nagtlaşdyryp bilmän kösenýän döwri, maliýe serişdelerini nobatsyz nagtlaşdyryp bermek boýunça dürli näresmi hyzmatlar hödürlenip başlandy. Şol bir wagtda, raýatlaryň ynamyna girip, bank kartlaryny hilegärlik bilen ele geçirýän jenaýatçy toparlaryň hem hereket edip başlandygy bellenilýär.

“Lebabyň Farap etrabynda diňe “Daýhanbankyň” we “Halkbankyň” öňündäki bankomatlardan pullary nagtlaşdyryp bolýar. Emma bu adaty raýatlar üçin tas mümkin däl diýen ýaly... Sebäbi sebitiň kanun goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň garyndaşlary bankomatlara nobatsyz geçip, ellerindäki onlarça kartdan yzly-yzyna pul çekýärler. Olaryň ‘towugyna tok’ diýýän ýok" diýip, bu wakalara şaýat bolan faraplylaryň biri 15-nji sentýabrda ýerli habarçymyza gürrüň berdi.

Ol sözüni dowam etdirip: "Her bir kartdan 500 manat nagtlaşdyryp bereni üçin, olar ‘hyzmat haky’ hökmünde 50 manat tutup galýarlar. Olar köplenç bankomatlarda pul gutarandan soň gidýärler we netijede nobatdaky adaty raýatlara hiç zat galmaýar” diýip, belledi.

Ol onlarça bank kartlary bilen nobatsyz gelýänlere närazylyk bildiriljek bolanlaryda, gözegçilik edip duran polisiýa işgärleriniň “ses-üýni çykarmazlygy” tabşyrýandyklaryny, bolmasa tussag edip pagta ýygymyna ugratjakdyklary bilen haýbat atýandyklaryny hem sözüne goşdy.

“Adamlarda indi polisiýa işgärleriniň garyndaşlarynyň şular ýaly näresmi toparyna kartlaryny bermekden başga çäreleri galmady. Bolmasa, indi adaty ýagdaýda kartyňdaky puluňy eliňe aljak gümanaň ýok” diýip, Farabyň 50 ýaşlaryndaky ýaşaýjysy sözüni ýetirdi.

Şol bir wagtda, sebitde şular ýaly hyzmatlary hödürleýändigini öňe sürüp, soňy bilen dürli hilegärliklere baş goşýanlaryň hem köpelýändigi bellenilýär.

“Bular ýaly toparlar soňy bilen ‘kartyňy ýitirdim’ diýip, yza çekilmek bilen bolýarlar. Soňky günlerde onlarça raýat şular ýaly aldawa düşürildi. Olaryň käbiri bankyň üsti bilen kartyny wagtynda petikletmäge ýetişen bolsa, käbirleriniň hasaplaryndan eýýäm pul çekilipdir. Bu barada polisiýa şikaýat edilse hem, kanun goraýjy işgärler ‘kartlary keseki raýatlara bermezlik barada kartlaryň bukjalarynda duýduryşlaryň ýazylandygyny’ aýdyp, aldanan adamlaryň arzasyny kabul etmekden ýüz öwürýärler. Netijede, täze kart almak üçin arza ýazmaly bolýar. Bu hem ençeme aýa çekip bilýär” diýip, efirde adynyň üýtgedilip Yhlas diýlip tutulmagyny soran Farabyň ýaşaýjysy belledi.

Ýokarda beýan edilen ýagdaýlar boýunça Içeri işler ministrligiň Lebap welaýaty boýunça bölüminden kommentariýa ýa goşmaça maglumat almak başartmady.

Türkmenistan soňky ýedi ýylyň dowamynda, tapgyrlaýyn esasda, adamlaryň aýlyk haklarynyň, pensiýalarynyň, döwlet kömek pullarynyň nagt däl görnüşde tölenmegini ýola goýdy. Muňa laýykda, raýatlar pullaryny öz plastik bank kartlary esasynda diňe bankomatlardan nagtlaşdyryp bilýärler.

2016-njy ýyldan bäri Türkmenistan agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Şondan bäri Azatlygyň habarçylary türkmen raýatlarynyň manat nagtlaşdyrmak kynçylyklary barada yzygiderli habar berýärler.

Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky ykdysady kynçylyklary boýun almaýarlar we nagt pul ýetmezçiliginiň sebäpleri barada hiç bir düşündiriş hem bermeýärler. Muňa derek häkimiýetler bankomat nobatlaryny ýaşyryp, bu baradaky habarlara garşy göreşýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG