Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa Mariupolda 1,700 adamyň ‘tabyn' bolandygyny aýdýar, rus serkerdeleri wezipelerinden 'boşadylýar'


Russiýanyň Goranmak ministrligi günorta port şäheri Mariupolda, Ukrainanyň iň soňky berkitmesine öwrülen “Azowstal” polat zawodynda soňky 24 sagadyň dowamynda 771 ukrain söweşijisiniň tabyn bolandygyny aýtdy, Gyzyl haç komiteti 16-njy maýdan bäri tabyn bolan “ýüzlerçe” adamy hasaba almaga başlap, olaryň sanyny 1730-a ýetendigini aýtdy.

Ministrlik tabyn bolanlaryň 80 sanysynyň ýaralydygyny aýtdy. Olaryň ählisi, aýdylmagyna görä, Ukrainanyň Russiýanyň goldawyndaky separatistler tarapyndan dolandyrylýan gündogar çägine ýerleşdirildi.

Bu sanlary garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmaýar we polat zawodynyň bukularynda we söweş meýdanynda galan söweşijileriň ykbaly barada hiç hili maglumat ýok.

“Azowstaldan” çykarylan ukrain söweşijileriniň sany barada Moskwa we Kiýew dürli-dürli maglumat berdi.

Ukrainanyň Goranmak ministriniň orunbasary Hanna Malýar 18-nji maýda Maiupoldan alnyp gidilen söweşijileri boşatmak boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini aýtdy.

Halkara Gyzyl haç komiteti Russiýanyň “Azowstal” zawodyndan, Ukrainanyň daşy gabalan port şäheri Mariupoldan alyp giden ýüzlerçe uruş ýesirini hasaba alyp başlandygyny aýtdy.

"Soňky 2 günde Mariupoldaky “Azowstal” zawodyny terk eden ýüzlerçe söweş ýesirini hasaba aldyk. Uruş ýesirlerini hasaba almak biziň işimiziň esasy bölegi bolup durýar. Olaryň hasaba alynmagyny we adamkärçilikli, mertebeli çemeleşilmegini üpjün etmek örän möhüm" diýip, HGHK 19-njy maýda ýazan twitinde aýtdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi 18-nji maýda zawodda 1000-e golaý ukrain söweşijisiniň “tabyn bolandygyny” aýtdy, şol bir wagtda “Azowstalyň” içinde galandyr öýdülýän ýüzlerçe adamyň ykbaly barada gepleşikler alnyp barylýar.

HGHK hasaba alyş işiniň çäginde adamlaryň atlary, doglan seneleri we iň ýakyn garyndaşlary ýaly şahsy maglumatlaryň toplanylýandygyny aýtdy.

"Bu HGHK-a ýesir alnanlaryň yzyny yzarlamaga we olara maşgalalary bilen aragatnaşyk saklamaga kömek bermäge mümkinçilik berýär" diýip, beýanatda aýdylýar.

Ženewa konwensiýasyna laýyklykda, HGHK-a uruş ýesirleri bilen “şaýatsyz” söhbetdeşlik geçirmek rugsady berilýär we olaryň ýanyna baryp görmek “bikanun çäklendirilmeli däl” diýip, beýanatda aýdylýar.

Ukrain harbylarynyň aýtmaklaryna görä, rus güýçleri serhede çenli kowlup çykarylanlarynda ýitiren ýerlerini yzyna almak üçin Harkowyň töwereginde garşylyklaýyn hüjüme başlady.

Şu aralykda, aýdylmagyna görä, Ukrainanyň ikinji uly şäherini ele geçirmegi başarmandyklary üçin, Russiýanyň saýlama tank bölüminiň serkerdeleri wezipelerinden boşadyldy.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň 19-njy maýda beren habaryna görä, rus güýçleri Welika Komişuwaha obasynda ep-esli ýitgi çekdi we ozal basyp alan ýerlerinden yza çekilmäge mejbur boldy.

Russiýanyň Kursk sebitiniň gubernatory 19-njy maýda Ukrainanyň serhet ýakasyndaky bir oba eden hüjümi netijesinde bir adamyň ölendigini, beýlekileriň bolsa ýaralanandygyny aýtdy.

Britan Goranmak ministrligi 19-njy maýdaky gündelik habarynda 1-nji Gwardiýa tank goşunyna serkerdelik eden general-leýtenant Serhiý Kiseliň, Harkowy ele geçirip bilmänligi sebäpli, wezipesinden aýrylandygyny aýtdy.

Britan aňtaw hasabatynda aýdylmagyna görä, Kisel soňky hepdelerde, Ukraina garşy başlanan urşuň irki döwürlerinden bäri eden işleriniň ugursyzlygy sebäpli wezipesinden boşadylan ýokary derejeli rus ofiserleriniň diňe biri bolup durýar.

Wezipesinden boşadylan rus serkerdeleriniň arasynda Russiýanyň Gara deňiz flotuna serkerdelik eden wise-admiral Igor Osipow hem bar diýip, britan aňtaw gullugy habar berdi.

Russiýanyň harby güýçleriniň baş ştabynyň başlygy Waleriý Gerasimow wezipesinde galdyrylýana meňzeýär, ýöne onuň prezident Wladimir Putiniň ynamyny gaýtadan gazanyp biljegi ýa-da däldigi aýdyň däl diýip, aňtaw gullugy ýazýar.

XS
SM
MD
LG