Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Uruş dördünji aýyna girdi. Russiýa Gündogar Ukrainadaky hüjümini güýçlendirýär


Sewerodonetsk
Sewerodonetsk

Moskwanyň Donbasdaky we günorta kenarlardaky eýelän ýerlerini giňeltmek we berkitmek tagallalarynyň çäginde, rus goşunlary 24-nji maýda Ukrainanyň gündogaryndaky Luhansk sebitine edýän hüjümlerini güýçlendirdiler.

Urşuň dördünji aýyna girmegi bilen, prezident Wolodymyr Zelenski ukrainlere öňdäki günleriň hususan-da Donbasda agyr boljakdygy barada duýduryş berdi.

Zelenski Dawosda geçirilen Bütindünýä ykdysady forumyna (WEF) ýüzlenip, Russiýanyň urşuň ilkinji üç aýynda Ukraina 1500-e golaý raketa atandygyny, 3000-den gowrak howa zarbasyny urandygyny aýtdy.

Britan aňtaw gullugynyň 24-nji maýda çap eden gündelik hasabatynda aýdylmagyna görä, ruslar Siwerskiý Donets derýasynyň kenarynda ýerleşýän 100 000 töweregi ilatly Sewerodonetsk şäheriniň daşyny gabamaga çalyşýar we şol bir wagtda-da bu sebitiň Lisiçansk we Rubižne taraplaryna gönükdirilen hüjümlerini tijeýär.

Şeýle-de hasabatda rus güýçleriniň sebitde, artilleriýa odunyň kömegi bilen, käbir ýerli üstünlikleri gazanandygy aýdylýar, emma ukrain garşylygy güýçli we Kiýewiň Bilelikdäki güýçleriniň operasiýa komandasy frontuň bu bölegindäki gözegçiligi elde saklady.

Russiýanyň Sewerodonetsk şäherini ele geçirmegi tutuş Luhansk sebitiniň rus basybalyjylygynyň ygtyýaryna geçmegi hökmünde görler diýip, britan maglumatynda bellenýär.

"Urşuň gelýän ýakyn hepdeleri kyn bolar we biz muny bilmelidiris" diýip, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 23-nji maýda özüniň gijeki çykyşynda, sebit ýolbaşçylary we ýaşaýjylar gündogardaky agyr bomba hüjümleri barada habar bereninden soň aýtdy.

"Şu günki günde iň kyn söweş ýagdaýy Donbasda" diýip, Zelenski aýtdy. Ol Ukrainanyň uruş tagallalarynyň çäginde, Popasna we Sewerodonetsk üçin möhüm çatryk bolan Bahmut şäheriniň iň agyr zyýan çeken şäher bolandygyny hem sözüne goşdy.

Luhansk sebitiniň gubernatory Serhiý Haýdaý ruslaryň Luhansk şäherini ele geçirmäge çalyşýan goşunlarynyň üstüniň 12,500 töweregi esger bilen ýetirilip, has güýçlendirilendigini aýtdy.

Haýdaý 24-nji maý güni irden Sewerodonetskiň rus bombalamalaryndan köp zyýan çekendigini we şäherdäki beýik binanyň topa tutulmagy netijesinde azyndan dört adamyň ölendigini aýtdy.

Eger ruslar üstünlik gazanyp, Donbas front liniýasynda günbatara tarap has ilerläp bilseler, britan aňtaw gullugynyň çaklamalaryna görä, bu ýagdaý rus aragatnaşyk liniýalarynyň çakdanaşa köpelmegine we logistika üpjünçiliginiň has-da kynlaşmagyna sebäp bolup biler.

Zelenskiniň biraz öň Dawosda geçirilýän ykdysady foruma WEF) ýüzlenip aýtmagyna görä, ukrainleriň "azatlyk we garaşsyzlyk üçin uly töleg töleýän" wagtynda berilýän harby kömegiň haýal ýetişmegi zerur bolmadyk ölüme sebäp bolýar.

Ol şu aýyň başynda ýurduň demirgazygynda, Desna şäherinde ýerleşýän harby baza edilen rus hüjüminde 87 adamyň ölendigini, munuň urşuň dowamynda hasaba alnan iň heläkçilikli zarbalaryň biri bolandygyny belledi.

Kiýew Russiýa bilen tussaglary alyşmaga hut “ertiriň özünde” hem taýýar diýip, Zelenski aýtdy we ýaranlaryny Moskwa basyş etmäge çagyrdy.

Şeýle-de Zelenski Moskwanyň dünýä ykdysadyýetinden kesilmegi baradaky talabyny gaýtalady, Russiýa garşy halkara nebit embargosyny girizmäge we rus banklarynyň ählisine garşy jeza çärelerini ulanmaga çagyrdy.

ÝB agzasy bolan 27 döwletiň köpüsiniň rus nebit-gazyna düýpli derejede garaşly bolmagy Kiýewiň bileleşigi Moskwa bilen aradaky energiýa üpjünçiligini togtatmakda haýal-ýagallyga ýüz urmakda tankytlamagyna sebäp boldy.

Ýöne Germaniýa 22-nji maýda Ýewropa Bileleşiginiň, Wengriýanyň garşylygyna garamazdan, rus gazyna embargo girizmek meselesinde “ýykyn günlerde” ylalaşyga gelmeginiň mümkindigini aýtdy. Wengriýa bu hili gadaganlyga razylyk bermezinden öň energiýa maýalarynyň berilmegini talap edip, aýak depýär.

Germaniýanyň ykdysadyýet ministri Robert Habek bu meselede ZDF telekanalyna beren interwýusynda "Birnäçe gün içinde ilerleme ederis” diýdi.

Emma muňa garamazdan, Habek bu gadagançylygyň Moskwa bada-bat zyýan ýetirmejekdigini duýdurdy. Onuň pikiriçe, nebitiň global bahasynyň ýokarlanmagy Moskwanyň az nebit satanda hem köp girdeji alýandygyny aňladýar.

Şeýle-de Habek ÝB bilen ABŞ-nyň, “adaty bolmadyk wagtda” “adaty däl çäre” görüp, nebitiň global bahasyny arzanlatmak baradaky teklibe seredýändiklerini aýtdy.

Russiýa ÝB-niň ulanýan tebigy gazynyň 40 göterimini we nebit önümleriniň 27 göterimini üpjün edýär we bu üpjünçilik üçin her ýylda takmynan 400 milliard ýewro (426 milliard dollar) alýar.

XS
SM
MD
LG