Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýa bar güýjüni gündogar Ukrainadaky hüjüme gönükdirýär; Galla eksporty howp astynda


Kiýewiň ýurduň bolup-bolmazlygyny kesgitläp biljek aýgytly söweş bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny duýdurmagy bilen, Russiýa ýurduň iki şäherinde ýerleşen ukrain güýçleriniň daşyny gabamak tagallasyny güýçlendirip, gündogar Ukrainadaky hüjümleriniň ählisine goşmaça güýç we enjam dökmegi dowam etdirýär.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski, Russiýanyň gündogar Ukrainadaky hüjümini güýçlendirmegi netijesinde, Donbasdaky ýagdaýyň “adatdan daşary kynlaşandygyny” aýtdy.

"Rus goşunlary şu güne çenli özlerinde galan ähli güýç-kuwwatlaryny şu hüjüme gönükdirdi” diýip, Zelenski 24-nji maýda eden gijeki ýüzlenmesinde aýtdy.

Siwerskiý Donets derýasynyň gündogar we günbatar kenarlarynda ýerleşýän goşa şähere, Sewerodonetsk we Liziçansk şäherlerine ünsi jemläp, rus goşunlary Donbasyň Ukrainanyň gözegçiliginde galan iň gündogar böleginiň daşyny gabajak bolup, üç ugurdan öňe dyzaýar.

"Duşman ähli güýjüni we tagallasyny Liziçansk we Sewerodonetsk şäherlerini gabap almak üçin edýän hüjümlerine gönükdirdi" diýip, bu iki şäheriň ýerleşýän Luhansk sebitiniň häkimi Serhiý Haýdaý aýtdy.

Şeýle-de Haýdaý 25-nji maýda, ruslaryň Sewerodonetsk şäherine atan toplary netijesinde, öten agşam parahat ilatdan alty ýaşaýjynyň öldürilendigini aýtdy.

Ukrain goşuny 24-nji maýda Donbasda Russiýanyň dokuz hüjümini yzyna serpikdirendigini, Moskwa goşunlarynyň uçarlary, raketa atyjy enjamlary, artilleriýany, tanklary, minomýotlary we raketalary ulanyp, azyndan 14 parahat ýaşaýjyny öldürendigini aýtdy.

Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň metbugat wekili Oleksandr Motuzýanik 24-nji maýda gündogar Ukrainada alnyp barylýan söweşleriň bu sebitiň geljegini kesgitläp biljekdigini aýtdy.

"Häzir biz Russiýanyň biziň ýurdumyza garşy ýaýbaňlandyran giň gerimli agressiýasynyň iň işjeň pursadyna syn edýäris" diýip, Motuzýanik telewideniýede halka görkezilen metbugat ýygnagynda aýtdy.

"(Gündogar) frontdaky ýagdaý adatdan daşary kyn, sebäbi bu ýurduň ykbaly häzir (şol ýerde) çözülýär" diýip, ol aýtdy.

Şu aralykda, britan aňtaw gullugynyň maglumatyna görä, Russiýanyň Ukrainanyň Odessadaky esasy portuny petiklemegi netijesinde, galla eksportynda gury ýerden iberilýän bugdaý ýükleri bilen öwezini dolup bolmajak galla ýetmezçiligi döredi.

Britan Goranmak ministrliginiň 25-nji maýda çap eden gündelik maglumatynda çaklanmagyna görä, Russiýanyň deňiz gabawy howpy ukrain portlaryndaky täjirçilik ýüklerine wehim salmagyny näçe köp dowam etdirse, "üpjünçilik ýetmezçiligi esasy azyk önümleriniň bahalarynyň gitdigiçe ýokary galmagyna şonça kän itergi berer”.

Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula won der Leýen 24-nji maýda Russiýanyň deňiz gabawy netijesinde Ukrainada öňi baglanan bugdaý eksportynyň ýoluny açmak barada Moskwa bilen gepleşik geçirilmegine çagyrdy.

“Russiýanyň Gara deňizdäki harby gämileri bugdaý we günebakar çigitleri ýüklenen ukrain gämileriniň ýoluny baglaýar” diýip, Won der Leýen 24-nji maýda, Şweýsariýanyň Dawos şäherinde geçirilýän Bütindünýä ykdysady forumyna ýüzlenip aýtdy.

Russiýa, edil energiýa pudagynda edişi ýaly, azyk önümlerini hem global täsirleri bolan ýarag hökmünde ulanýar diýip, Ýewropa Bileleşiginiň wekili won der Leýen aýtdy.

Uruş we Russiýa garşy girizilen Günbatar sanksiýalary gallanyň, nahar ýagynyň, dökünleriň we energiýa bahalarynyň ýokarlanmagyna alyp geldi.

Köp ýurt, şol sanda iň garyp ýurtlar, sarp edýän bugdaýynyň ýarysyndan gowragyny import etmekde Russiýa we Ukraina bil baglaýar. Bu iki ýurt dünýäde sarp edilýän bugdaýyň üçden birine golaýyny eksport edýär.

Zelenski ukrainalylara Russiýanyň enjamlar we ýaraglar boýunça artykmaçlygyny ýeňip geçmek üçin wagt bilen birlikde “adatdan daşary tagalla” etmegiň gerek boljakdygyny aýtdy hem-de şu sebäpden Günbatar ýurtlarynyň Kiýewi has agyr ýaraglar bilen üpjün etmegine çagyrdy.

Söweşleriň dowam etmeginiň arasynda, hüjümiň öz maksadyna ýetjekdigini wada berendiklerine garamazdan, ýokary derejeli rus resmileriniň ikisi Moskwanyň öňe süýşmeginiň garaşylýanyndan has haýal barýandygyny boýun aldy.

Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Nikolaý Patruşew rus hökümetiniň “soňky möhlete kowalaşmaýandygyny” aýtsa, goranmak ministri Sergeý Şoýgu öňki sowet respublikalarynyň rus ýolbaşçylygynydaky howpsuzlyk ýaranglarynyň ýygnagynda Moskwanyň, daşy gabalan şäherleriň ilatynyň ewakuasiýa edilmegi üçin, öz hüjümini bilkastdan haýýaladanýandygyny öňe sürdi.

Şeýle-de, rus resmileri Moskwanyň goşunlarynyň Mariupol suwlaryny minalardan arassalamagy tamamlandyklaryny, 25-nji maýda Ukrainanyň günorta kenarlaryndan 70-e golaý daşary ýurt gämisiniň çykmagyna mümkinçilik berjek ygtybarly koridoryň açyljakdygyny habar berdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG