Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýerli söwda resmisi: Barlagçylar barlanmasa, korrupsiýa zynjyry dowam eder


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi korrupsiýada aýyplanýan 14 sany orta derejeli söwda resmisini "aglap toba edýän görnüşde” görkezenden birnäçe hepde soň, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurduň ýene bir sebitindäki döwlet dükanlarynda barlag-seljeriş işleriniň geçirilýändigini habar berýär.

Ýöne habarçymyz bilen söhbetdeş bolýan ýerli dükançylaryň käbiri barlag-seljeriş işleriniň töweregindäki “korrupsiýa zynjyryndan” şikaýat edip, “barlagçylaryň hem barlanylmalydygyny” aýdýarlar.

Redaksiýa habarçymyzyň howpsuzlygyny nazarda tutup, barlag geçirilýän sebitiň adyny bu gezek aýan etmekden saklanýar.

Maýyň birinji hepdesinde döwlet telewideniýesi arkaly köpçülige mälim edilen barlag-seljeriş işleri, resmi habarlara görä, Ahal welaýatynyň hem-de Aşgabat şäheriniň söwda dükanlarynda geçirildi.

“Döwlet dükanlarynda barlaglar dowam edýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy şu günler barlag dowam edýän sebitden maglumat berýär.

Türkmenistanyň söwda ulgamynda döwlet dükanlary ilat arasynda “paýok” atlandyrylýan subsidirlenen azyk önümlerini paýlamak işleri bilen borçlandyrylýar.

Ýöne ýurduň dürli sebitlerinde ýerli ýaşaýjylar paýok önümleriniň gijikdirilýändigini aýdýarlar. Köplenç paýtagt Aşgabatdan sebitlere iberilýän barlagçylar, göräýmäge, ilatyň azyk paýlarynyň wagtly-wagtynda paýlanylmagy bilen bagly meseleleri seljermeli.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy dükan işgärlerine salgylanyp, hatda barlagçylaryň hem "satyn alynýandygyny" habar berýär.

“Gelýän barlagçylary satyn alyp bolýar we ýetmezçilikleri paranyň üsti bilen ýapyp bolýar. Olara [barlagçylara] berilýän para gaty ýokary. Ortaça hasap bilen 10 müň amerikan dollaryny barlagçylara berseň, ähli düzgün bozulmalara göz ýumulýar” diýip, bir döwlet dükanynyň işgäri anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, bu möçberdäki para bilen barlagçylar “subsidirlenen iýmit önümleriniň ilata, hamala, wagtly-wagtynda paýlanandygy” barada hasabat düzýärler.

Bu aralykda, ýurduň dürli sebitlerinde Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar ilatyň azyk paýlarynyň gijikdirilýändigi, wagtly-wagtynda paýlanmaýandygy ýa-da hili pes önümleriň paýlanylýandygy barada şikaýat bildirýärler.

Ýerli söwda resmisiniň sözlerine görä, barlagçylar diňe bir pul bilen çäklenmeýär. “Ondan daşary, barlagçylar gowy ýerlerde dynç almaly, olary naharlamaly. Şeýle-de, olara dürli gymmat bahaly sowgatlary bermeli” diýip, söwda işgäri gürrüň berýär.

Ýerli söwda resmisiniň sözlerine görä, para diňe barlag-seljeriş döwründe däl eýsem döwlet dükanlaryndaky wezipe paýlanyşygynda hem uly rol oýnaýar. Söwda resmisi döwlet dükanlarynda bölüm müdirleriniň para bilen wezipe eýeleýändiklerini aýdýar. Ýöne bölüm müdiri, resminiň sözlerine görä, para bilen eýelän wezipesini para bilen dowam etdirmeli bolýar.

“Bölüm müdiri dükanlara gelýän harytlary hususy dükanlara satyp, puluň belli bir bölegini başlyklara eltip berýär. Ähli dükanlaryň bölüm müdirleri bu zynjyr boýunça işlemeli bolýar. Başlyklar öz gezeginde merkeze, ministrlige ibermeli. Welaýatlaryň üstünden aýlanýan barlaglaryň esasynda üýşürilen pullar [merkeze] gowşurylýar” diýip, ýagdaýdan habarly söwda resmisi gürrüň berdi.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesine görä, Türkmenistanyň baş prokurory Batyr Atdaýew Söwda we daşary aragatnaşyklar ministrliginde korrupsiýa hem-de parahorlyk bilen bagly ýol berlendigi aýdylýan jenaýat işleri boýunça derňew geçirilendigini aýdýar.

Onuň 6-njy maýda beren hasabatyna görä, Ahal welaýatynyň, Aşgabat şäheriniň söwda bölümlerinde, dükanlarynda geçirilen barlag-seljerme işleriniň netijesinde uny, ösümlik ýagyny açyk söwdadan gizläp, gymmat bahadan satan raýatlar ýüze çykaryldy. Munuň yz ýany, 14 raýatyň sekiz ýyldan 20 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilendigi mälim edildi.

Ýöne ýerli söwda resmileri barlag-seljeriş işlerinde hem para-bermitiň rol oýnaýandygyny aýdýar.

“Eger-de düzgün bozulmalary para bilen ýapyp bolýan bolsa, onda gelýän barlaglaryň üstünde hem barlaglar bolmaly. Hakykaty görýän, arassa, halal işleýän adamlar bolmasa, bu korrupsiýa zynjyry dowam eder” diýip, ýerli söwda resmisi atlandyrylmazlyk şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar boýunça Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden kommentariý alyp bilmedi.

Sebitlerde geçirilýän barlaglara köplenç prokuratura edaralary ýa-da Ýokary gözegçilik palatasy gatnaşýar.

Üç hepde töweregi ozal Ahal welaýatynyň hem-de Aşgabat şäheriniň söwda ulgamlarynda geçirilen barlaglardan soň, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň söwda toplumy boýunça orunbasary Çary Gylyjowa berk käýinç yglan etdi.

Türkmenistan halkara korrupsiýa hasabatlarynda dünýä ýurtlarynyň arasynda iň yzdaky orunlary eýeleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG