Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda käbir rus telekanallary elýetersiz boldy


Türkmenistan metbugat azatlygy boýunça dünýäniň iň ýaramaz ýurtlarynyň biri
Türkmenistan metbugat azatlygy boýunça dünýäniň iň ýaramaz ýurtlarynyň biri

Türkmenistanda Russiýanyň ençeme, şol sanda “Rossiýa 1” we “Zwezda” telekanallarynyň ýaýlymy elýetersiz boldy. Bu telekanallar ýurduň ygtyýarlandyrylan aragatnaşyk operatorlarynyň biri bolan “Aşgabat şäher telefon ulgamy” (AŞTU) ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýaýlyma berilýärdi.

Şol bir wagtda, IP týuner arkaly 85-nji gradusda ýerleşýän Intelsat emeli hemra arkaly tomaşa edilen bu kanallar, görnüşinden, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda ýaýlymdan aýrylman, bu käbir rus kanallarynyň emeli hemra arkaly hödürlenýän kanallaryň sanawyndan çykarylmagy bilen bagly.

Bellesek, rus basybalyjy güýçleriniň Ukraina çozmagyndan soň, birtaraplaýyn maglumatlary berýän we gazaplylygy öjükdirmekde aýyplanýan Russiýanyň käbir habar serişdelerine, şol sanda žurnalistlerine garşy halkara sanksiýalar girizilipdi.

“Häzirki zaman” telekanalynyň Russiýanyň “Interfaks” habar agentligine salgylanyp berýän maglumatyna görä, AŞTU rus telekanallarynyň petiklenilmegini “daşary ýurt emeli hemralarynda ähli rus telekanallarynyň ýaýlyma berilmeginiň çäklendirilmegi” bilen düşündirdi.

TW ekranlarynda peýda bolýan bildiriş
TW ekranlarynda peýda bolýan bildiriş

“Biz häzirki wagtda ätiýaç ýaýlymy ýola goýmagyň üstünde işleýäris, şondan soň ýaýlym doly dikeldiler” diýip, TW ekranlarynda peýda bolýan bildirişde aýdylýar.

Metbugat azatlygy boýunça dünýäniň iň ýaramaz ýurtlarynyň biri Türkmenistanda daşary ýurt telekanallarynyň ýaýlymy kabel TW ýa-da IPTW arkaly alnyp görkezilýär. Bu hyzmatlar ýerli aragatnaşyk operatory tarapyndan hödürlenýär we Türkmenistandaky ýagdaýlar barada garaşsyz maglumat berip biläýjek kanallar, häkimiýetleriň görkezmesi esasynda, berk çäklendirilýär.

Azatlygyň habarçylary Intelsat emeli hemra arkaly 260 töwerek kanalyň hödürlenýändigini, onuň bir ýyllyk sada bukja töleginiň 450 manada, VIP bukja abuna töleginiň hem 500 manada deňdigini aýtdylar.

Şol bir wagtda, habarçylarymyzyň maglumatyna görä, häzirki wagtda häkimiýetler TürkmenÄlem 52°E satellit arkaly ýaýlymlary hödürleýän “Älem TV” hyzmatyny giňden ilerletmegi maksat edinýärler.

“Älem TV” arkaly 120 töweregi kanal hödürlenýär. Türkmen kanallary mugt. Galan kanallary görüp bilmek üçin sada bukja üçin ýyllyk 550 manat, VIP bukja üçin hem 600 manat tölemeli. Munuň Intelsata görä has gymmat bolmagyna hem garamazdan, hödürlenýän kanallaryň sanawy az we hili ýaramaz. Ip týuner üçin kart almaga baranymyzda, ýerli hünärmenler häkimiýetleriň mundan beýläk diňe ‘Älem TV’ bukjalaryny satmak barada görkezme berendiklerini aýdýarlar” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran Türkmenabadyň ýaşaýjylarynyň biri gürrüň berdi.

Mundan öň, türkmen häkimiýetleri ýurtdaky garaşsyz maglumat akymyny çäklendirmek ugrundaky tagallalarynyň çäginde, çanak antennalaryna garşy hem ýiti göreş alyp barypdylar. Hukuk toparlary türkmen hökümetiniň bu mejbury talaplaryny tankytladylar.

Bu aralykda, Azatlygyň sebitdäki habarçylary çetdäki şäherdir obalarda bu mejbury işleriň ýene gaýtadan güýçlendirilendigini belleýärler.

“Balkanyň şäherdir obalarynda, şol sanda Türkmenbaşyda we Balkanabatda çanak antenalary mejbury aýyrdylýar. Ýerli resmiler diňe döwletiň tassyklan kanallaryna tomaşa etmelidigini aýdýarlar. Raýatlar satellitler arkaly, şol sanda Azatlyk Radiosyny hem diňleýärdiler” diýip, balkanabatly ýaşaýjylaryň biri 30-njy maýda habarçymyza gürrüň berdi.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň Metbugat azatlygy boýunça çap eden soňky hasabatynda Türkmenistan dünýäniň 180 ýurdunyň arasynda 177-nji orunda ýerleşdirildi.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistanyň döwlet baştutany öz geçirýän hökümet mejlislerinde hemişe “işlemek üçin ähli şert döredilen” metbugat wekilleriniň ýurtda “gazanylan ägirt uly üstünlikleri” ýeterlik beýan edip bilmezliginden nägile bolup, ýygy-ýygydan metbugat ýolbaşçylaryny, şol sanda medeniýete we habar serişdelerine gözegçilik edýän orunbasaryny hem täzeläp durýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG