Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ruslar gündogar sebitlere edýän hüjümlerini güýçlendirýär, ÝB liderleri Ukrainany maslahatlaşýar


Donbas sebiti. Ukrain esgerleri
Donbas sebiti. Ukrain esgerleri

Rus güýçleriniň gündogar Ukrainadaky hüjümlerini dowam etdirmegi bilen, Kiýewe berýän goldawlaryny görkezmekleri üçin, Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary duşuşýar. 30-njy maýda başlanýan iki günlük sammitiň, Germaniýanyň ykdysadyýet ministri Robert Habekiň Bileleşigiň agzybirliginiň "gowşap başlamagyndan" alada bildirmegi bilen, Bileleşigiň Ukrainanyň özüni goramak ugrundaky tagallalaryna goldaw bermek baradaky borçnamasyny ýene bir gezek gaýtalamagyna hem-de Kiýewiň ýarag we maliýe bilen üpjün edilmeginiň dowam etdirilmegine garaşylýar.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň sammite 30-njy maýda, wideo arkaly ýüzlenip, ÝB liderlerinden Russiýa garşy ykdysady sanksiýalaryň täze tapgyrynyň girizilmegini, esassyz urşuň bes edilmegi üçin Moskwa goşmaça basyş görkezilmegini talap etmegine garaşylýar.

ÝB ilçileri 29-njy maýda Ýewropa Komissiýasynyň geçirijiler arkaly getirilýän rus nebitini sanksiýalardan boşatmak baradaky teklibi boýunça ylalaşyga gelip bilmediler. Komissiýa biraz öň Russiýadan alynýan çig nebitiň ählisiniň importyny alty aý içinde gadagan etmegi teklip edipdi, emma Wengriýa bu hili çäre görülmegine garşy boldy.

Ýewropa Bileleşiginiň sammitinde bu meseläniň maslahatynyň gaýtadan açylmagyna, şol sanda rus nebit eksportyny bäş ýyl içinde bes etmek baradaky teklipleriň orta atylmagyna garaşylýar.

Rus goşunlary esasy ünsüni Luhansk we Donetsk sebitlerine, şeýle-de demirgazykdaky Harkow sebitine gönükdirip, Ukrainanyň günorta-gündogaryndaky Donbas sebitindäki hüjümlerini dowam etdirýär.

Ukrainanyň ikinji uly şäheri bolan Harkow prezident Zelenskiniň 29-njy maýda, fewralyň aýagynda doly gerimindäki rus hüjümleri başlanaly bäri Kiýewden daşaryk eden ilkinji saparyndan soň, güýçli top okuna tutuldy.

Rus goşunlary golaýdaky Liman şäherini ele geçirendigini aýdyp, Luhansk sebitindäki Sewerodonetsk we Lisiçansk şäherlerine edýän basyşlaryny güýçlendirdi. Ukrain resmileri goragçylaryň bu ýerlerde agyr şertlerde saklanýandygyny aýtdy.

Luhansk sebitiniň häkimi Serhiý Haýdaý 30-njy maýda rus goşunlarynyň "örän gazaply" söweşler arasynda Sewerodonetskiniň içine girýändigini aýtdy. Şeýle-de Haýdaý 1 million adamyň gazsyz we suwsuz galandygyny, parahat ilaty ewakuasiýa etmek tagallalarynyň dowam etdirilýändigini habar berdi.

Prezident Zelenski 29-njy maýda telewideniýede berlen çykyşynda Sewerodonetskdäki "binalaryň 90 göterimine zeper ýetendigini", "şäher jaýlarynyň üçden iki böleginden gowragynyň doly ýumrulandygyny" aýtdy.

Ol rus güýçleri üçin "Sewerodonetskini basyp almagyň esasy wezipe bolup durýandygyny” aýtdy. "Biz olaryň öňe süýşmegini togtatmak üçin elimizden gelenini edýäris" diýip, prezident sözüniň üstüni ýetirdi.

Zelenski bu sözleri biraz öň garaşylmadyk ýagdaýda Harkowa gelip, öň hatarda esgerler we Harkow şäheriniň häkimi Ihor Terekow, sebit dolandyryjysy Oleh Siniýehubow we harby serkerdeler bilen duşuşandan soň aýtdy.

"Siz biziň hemmämiz we ýurdumyz üçin janyňyzy howp astyna salýarsyňyz" diýip, Zelenskiniň edarasy prezidentiň ol ýerde söweşýän goşunlar bilen eden gürrüňine salgylanyp habar berdi.

Prezident edarasy soňky hepdelerde “Telegram” habarlaşma programmasynda Zelenskiniň ok geçmeýän keltekçe geýip, şäheriň töwereginde ruslaryň atan toplaryndan weýran bolan ýerlere aýlanşyny görkezýän wideo ýerleşdirdi.

“Roýters” habar gullugy Zelenskiniň saparyndan birnäçe sagat soň şäherde birnäçe partlamanyň eşidilendigini we şäher merkeziniň demirgazyk-gündogaryndan ullakan gara tüssäniň asmana galandygyny habar berdi.

Ukrainanyň adatdan daşary kömek gullugy rus toplarynyň ýurduň ikinji uly şäheri bolan Harkowyň töwereginde ýangyna sebäp bolandygyny aýtdy. Birnäçe hepde öň ukrain goşunlary tarapyndan şäheriň golaýyndaky pozisiýalaryndan yza çekilmäge mejbur edilen rus goşunlary Harkowy bombalamagy dowam etdirdi.

Urşuň başynda berk garşylyga uçran we Kiýewi almakdan geçen rus goşunlary soň bar güýçlerini Donbas sebitine gönükdirdiler.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 29-njy maýda fransuz telewideniýesine beren interwiýusynda, öz sözleri bilen aýdylsa, Ukrainanyň Donbas sebitini "azat etmegiň" Moskwa üçin "gürrüňsiz ileri tutulýan wezipe” bolup durýandygyny aýtdy. Ol Ukrainanyň beýleki sebitleriniň hem öz geljegini özleriniň kesgitlemelidigini öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG