Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Sýeweredonetsk ugrundaky söweşler ýitileşýär, Moskwa Slowýanskini nyşana alýar


Ukrain esgeri

Russiýanyň basybalyjy güýçleri Ukrainanyň gündogaryndaky Sýeweredonetsk şäherini ele geçirmek ugrundaky hüjümlerini ýaýbaňlatdylar. Bu barada 6-njy iýunda regional häkim Serhiý Haýdaý mälim etdi. Ol mundan bir gün öň, ukrain güýçleriniň garşylyk hüjümleri netijesinde basybalyjylary sebitden bölekleýin yza tesdirmegi başarandyklaryny mälim edipdi.

“Biziň goragçylarymyz belli bir wagt aralygynda garşylyklaýyn hüjümleri geçirip, munuň netijesinde şäheriň tas ýarpysyny azat etmegi başardylar. Emma ýagdaýlar biziň üçin ýene-de birneme agyrlaşdy” diýip, Luhansk regionynyň häkimi Serhiý Haýdaý döwlet telewideniýesinde çykyş etdi.

Haýdaý ruslaryň saýgarmazdan atýan artilleriýa toplarynyň mukdaryny iki esse dagy artdyryp biljekdigini duýdurdy. Ol bu urgularyň netijesinde şäheriň aglaba sebitiniň harabalyga öwrülendigini hem sözüne goşdy.

Russiýa Ukrainanyň möhüm demirýol gatnawlary bolan bu şäherine eýýäm ençeme hepde bäri hüjüm edýär. Haýdaý geçen hepde ruslaryň sebitiň 80%-ne dagy gözegçilik edendigini, emma muňa garamazdan şäheriň goragçylarynyň basybalyjylara gaýtawul berýändigini nygtady.

Bu aralykda, rus güýçleri Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk regionynyň Slowýansk şäherini hem nyşana alýarlar.

Mundan başga-da, rus goşuny Slowýanskiniň 20 km demirgazygyndaky Swýatyhorsk şäherine hem hüjümlerini ýaýbaňlatdylar. Ukrainanyň Baş ştabynyň maglumatlaryna görä, ruslar bu sebitde ýitgileri çekýärler.

Britaniýanyň aňtaw gulluklarynyň 6-njy iýundaky çaklamalaryna görä, ruslar ukrain güýçlerini gabawa salmak maksady bilen, Slowýanska tarap ilerleýärler.

6-njy iýunda ir bilen Ukrainanyň gündogaryndaky Mykolaýiw şäherinde hem partlamalaryň sesleri eşidildi. Bu barada şäheriň häkimi Oleksandr Senkewiç özüniň Telegram sahypasynda mälim etdi.

5-nji iýunda ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski günorta-gündogardaky Zaporožýe regionyna sapar edip, ukrain harbylary bilen duşuşdy we olara minnetdarlygyny bildirdi.

Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski Zaporožýe sebitinde. 5-nji iýun, 2022 ý.
Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski Zaporožýe sebitinde. 5-nji iýun, 2022 ý.

Şol bir wagtda, Britaniýa ABŞ-nyň mysalyna eýerip, Ukraina uzak aralyga niýetlenen raketa ulgamlaryny ýollajakdygyny äşgär etdi. Mundan öň, rus prezidenti Kiýewi ösen ýaraglar bilen üpjün etmezlik barada duýduryş beripdi.

Geçen hepde Birleşen Ştatlar Ukraina 80 km aralyga raketalary atyp bilýän HIMARS raketa toplumyny iberjekdigini mälim etdi. ABŞ prezidenti Jo Baýden bu ýaraglaryň Russiýanyň çägindäki nyşanalara garşy ulanylmajakdygy barada ynandyrylandan soň, Ukraina HIMARS ýaraglaryny ugratjakdygyny aýdypdy.

Putin 5-nji iýunda çykyş edip, eger-de Waşington Ukraina uzak aralyga niýetlenen ýaraglary berse, onda, aýdyňlaşdyrmazdan, täze nyşanalary urjakdygy bilen haýbat atdy.

5-nji iýunda ir bilen Ukrainanyň paýtagty Kiýewde hem partlamalaryň sesleri eşidildi. Britan Goranmak ministrliginiň 6-njy iýundaky maglumatlaryna görä, Russiýa Kh-101 kysymly raketalary Kiýewiň demir ýol ulgamlaryna garşy atyp, munuň bilen “Günbataryň ýarag serişdeleriniň ukrain harby bölümlerine barmagynyň öňüni almagy maskat edinýäne meňzeýär”.

Kiýewe soňky sapar 28-nji aprelde, ýagny paýtagta BMG-niň baş sekretary Antonio Guterres sapar eden mahaly hüjüm edilipdi.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG