Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Prezident söwda toplumyna we oba hojalygy pudagyna gözegçilik edýän iki orunbasaryny işden boşatdy


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň oba hojalygy pudagynda we söwda toplumynda dowam edýän kynçylyklaryň arasynda, bu iki pudagyň degişlilikdäki ýolbaşçylary Esenmyrat Orazgeldiýewi we Çary Gylyjowy wezipelerinden boşatdy. Şeýle-de, Batyr Atdaýew başga işe geçýändigi sebäpli Türkmenistanyň baş prokurory wezipesinden boşadylyp, söwda toplumy boýunça wise-premýer wezipesine bellenildi. Bular barada TDH Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 4-nji iýunda geçirilen bilelikdäki mejlisinden habar berýär.

Döwlet metbugatyna görä, prezident Berdimuhamedow oba hojalyk ýolbaşçysyny wezipeden boşatmak baradaky kararyny obasenagat toplumynda ýol berilýän ençeme kemçilikler bilen esaslandyrdy.

Beýleki problemalar bilen bir hatarda “suw serişdelerini rejeli ulanmaga, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmäge we zeýkeş akabalaryny arassalamaga ýeterlik derejede üns berilmedi” diýip, döwlet metbugaty prezidentiň sözlerini sitirledi.

Şeýle-de, prezident Berdimuhamedow ýurduň oba hojalygyny we ilatly ýerlerini suw bilen üpjün etmegi gowulandyrmak meselesiniň ýaramaz çözülýändigini aýtdy.

“Bu kemçilikleriň ählisi Daşoguz welaýatyndaky ýagdaýda anyk ýüze çykdy” diýip, TDH ýazýar. Berdimuhamedow demirgazyk sebitde gowaça ekmek boýunça meýilnamanyň bellenen möhletde ýerine ýetirilmändigini hem belledi.

Bu problemalar bilen baglylykda Daşoguz welaýatynyň häkimi Nazarmyrat Nazarmyradowa berk käýinç berildi. Boldumsaz etrabynyň häkimi Begmyrat Arazow wezipesinden boşadyldy. Bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetirmek Boldumsazyň öňki häkiminiň orunbasary Gurbandurdy Baýramdurdyýewiň üstüne ýüklendi.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň oba hojalygy pudagyndaky problemalar, şol sanda suw ýetmezçiligi barada yzygiderli habar berip gelýär.

Galyberse-de, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýaňy-ýakynda Daşoguz welaýatyna amala aşyran saparynyň dowamynda sebitde suw serişdeleriniň üpjünçiligi bilen bagly meseleleri gozgap, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Güýzgeldi Baýjanowa “berk käýinç” yglan etdi.

4-nji iýunda geçirilen hökümet mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň başlygynyň obasenagat toplumy boýunça orunbasary wezipesine biraz öň prezidentiň Oba hojalyk meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellenen Annageldi Ýazmyradow bellenildi.

Türkmenistanda ilatyň azyk howpsuzlygy bilen bagly birnäçe ýyl bäri dowam edýän aladalaryň arasynda, prezident Serdar Berdimuhamedow hökümet başlygynyň söwda toplumy boýunça orunbasary Çary Gylyjowy wezipesinden boşatdy.

Gylyjow soňky döwürde garamagyndaky düzümlere gözegçiligi gowşatmakda aýyplanýar. Has ozal, 6-njy maýda Serdar Berdimuhamedow Çary Gylyjowa “berk käýinç” yglan etdi. Şondan bir gün ozal, 5-nji maýda Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi söwda pudagyndaky düzgün bozmalarda aýyplanýan elleri gandally 14 azyk resmisini aglap toba edýän görnüşde görkezdi.

Hökümet mejlisinde Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynyň önümleriniň öndürilişiniň haýal alnyp barylýandygyny we söwda toplumynda häzirkizaman üpjünçilik düzümlerini emele getirmek boýunça işleriň ýaramaz ýola goýulýandygyny aýtdy.

“Şonuň netijesinde söwda ulgamynda köp sanly düzgün bozmalara ýol berilýär” diýip, TDH hökümet mejlisine salgylanýar.

Şol bir wagtda, döwlet baştutany daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary öndürmek boýunça işleriň hem ýaramaz alnyp barylýandygyna ünsi çekdi.

“Bu ugurda entek uly mümkinçilikler bar” diýip, TDH prezidentiň sözlerine salgylanýar.

Hökümet başlygynyň söwda toplumy boýunça orunbasary wezipesine Türkmenistanyň baş prokurory Batyr Atdaýew bellenildi. Baş prokuror wezipesi Atdaýewiň öňki orunbasary Begmyrat Begmyradowa wagtlaýyn ynanyldy.

Türkmenistanyň ilaty soňky birnäçe ýyl bäri azyk önümleriniň ýetmezçiligini başdan geçirýär. Ýangyç serişdeleriniň bahalarynyň global arzanlamagy bilen, 2016-njy ýylda ýaramazlaşyp başlan ykdysady kynçylyklar global koronawirus pandemiýasynyň ykdysady täsirlerinden soňra has-da erbetleşdi. Geçen döwrüň dowamynda türkmen hökümeti ilata agram salan ykdysady krizisi aç-açan boýun almady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG