Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Suw üpjünçiligi bilen bagly aladalaryň arasynda, türkmen prezidenti suw resmisine käýedi


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Güýzgeldi Baýjanowa “berk käýinç” yglan etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bu karar suw resmisiniň “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, Daşoguz welaýatynda suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, goşmaça gorlary döretmek we pudagyň desgalaryny netijeli ulanmak boýunça alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin” diýlip esaslandyryldy.

Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygyna berlen berk käýinç prezident Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna amala aşyrýan saparynyň dowamynda geçiren göçme hökümet mejlisinde yglan edildi.

Döwlet mediasyna görä, prezident 26-njy maýda ýurduň demirgazyk welaýatynda saparda boldy.

Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygyna berlen berk käýinç ýurtda suw üpjünçiliginiň ýabygorly ýagdaýy bilen bagly aladalaryň dowam edýän wagtyna gabat geldi.

Türkmen daýhanlary ýurtda ýyllarboýy yzygiderli ýaramazlaşýan suw üpjünçiliginden şikaýat edip gelýärler.

Türkmenistanyň esasy suw çeşmeleriniň biri öz gözbaşyny Hindiguş daglaryndan alyp gaýdýan Amyderýa bolup, soňky aýlarda Azatlyk Radiosynyň habarçylary derýanyň suwunyň ymykly çekilendigini habar berdiler.

Lebap welaýatynyň ençeme ýaşaýjylary apreliň ahyrlarynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeşlikde derýanyň suwunyň çekilmegini özleriniň alada bilen syn edýändiklerini gürrüň berdiler.

“Amyderýada suw az. Derýanyň akymy peseldi. Ol bir akaba ýaly akýar” diýip, lebaply ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

26-njy maýda Azatlyk Radiosynyň habarçylary ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiligi zerarly bu ýyl ýurduň sebitlerinde gök-bakja ekinleriniň bahalarynyň, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, has-da gymmatlandygyny habar berdi.

Türkmenistanda döwlet tabşyrygy esasynda her ýyl ýüzlerçe müň gektara gowaça ekilýär. Oba hojalyk hünärmenleri gowaça ekiniň köp suw serişdelerini talap edýändigini aýdýarlar.

Suw we oba hojalyk hünärmenlerine görä, Türkmenistanyň hökümeti ýurtda suw üpjünçiliginiň ýagdaýyny gowulandyrmak we suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak babatda anyk çäreleri durmuşa geçirip bilmeýär.

Ýöne bilermenlere görä, ekerançylyk suwlarynyň üpjünçiligi bilen bagly problemalar diňe bir Türkmenistana däl, eýsem tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň geljegine wehim salýar.

BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça edarasy geçen ýyl çap eden hasabatynda Türkmenistanyň suw resurslaryna agram düşýändigini duýdurdy.

Türkmen resmileri suw serişdelerine aýawly çemeleşmek we suw üpjünçiliginiň ýagdaýyny gowulandyrmak babatda daşary ýurt döwletleriniň hökümetleri, galyberse-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýändigini aýdýarlar.

Mundan göni bir ýyl ozal, geçen ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrlikleri Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara topary hakynda ylalaşyga gol çekdiler.

Daşoguzda geçirilen göçme hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow, “daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen Aral meselesi boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler” barada hasabat berdi.

Galyberse-de, Türkmenistanda suw üpjünçiliginiň ýagdaýy bilen baglylykda, ýerli kärendeçiler uzak ýyllaryň dowamynda gyrmançalardan dolan ýaplaryň, zeý kanallarynyň arassalanmaýandygy sebäpli hem ekerançylyk suwlarynyň üpjünçiliginiň bökdelýändigini aýdyp gelýärler.

Bu problema bilen baglylykda, 2019-nji ýylyň dekabrynda ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi “Smart Waters” programmasy arkaly Türkmenistanda zerur tehnikalary satyn almak üçin serişde goýberip, suw joşmalaryndan zyýan çekýän daýhanlara kömek goluny uzadýandygyny yglan etdi. Agentligiň maglumatlaryna görä, bu maksatnamanyň çäginde Murgap derýasyny gyrmançalardan arassalamaga kömek etjek ýörite gämi satyn almak üçin Türkmenistana 170 müň dollar möçberinde maliýe serişdesi bölünip berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG