Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mariupola epidemiýa howpy abanýarka, ukrain güýçleri möhüm şäherde garşylyk görkezýär


6-njy iýunda Russiýanyň gözegçiligindäki Mariupolyň Liwoberežnyi etrabynda bir adam harabalygyň içinde otyr.
6-njy iýunda Russiýanyň gözegçiligindäki Mariupolyň Liwoberežnyi etrabynda bir adam harabalygyň içinde otyr.

Sewerodonetskde gazaply söweş dowam edip, Russiýanyň ägirt uly möçberdäki goşuny we harby enjamy söweşe çekýändigine garamazdan, ukrain güýçleri möhüm şäheriň takmynan üçden birine gözegçilik edýär diýip, resmiler aýdýarlar. Bu wakalar Russiýanyň gözegçiligindäki Mariupol portunda holera epidemiýasynyň alamatlarynyň ýaýraýan mahaly bolýar.

Ukrain resmileri Ukrainanyň Russiýanyň ägirt uly artilleriýa artykmaçlygyna garşylyk görkezmek üçin Günbataryň öňde baryjy ýaraglarynyň çalt iberilmegine çagyrdylar. Bu çagyryş Ukrainanyň gündogaryndaky gyrgynçylyklarda her gün ýüzlerçe esgeriň öldürilýän ýa-da ýaralanýan mahaly edildi.

Ukrainanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Oleksiý Danilow 9-njy iýunda Sewerodonetskdäki ýagdaýyň “gaty çylşyrymlydygyny” we rus güýçleriniň ähli güýjüni sebite gönükdirýändigini aýtdy.

"Olar öz halkyny gaýgyrmaýarlar, diňe topa tutaryk adamlary iberýärler ... olar gije-gündiz harby güýçlerimize ot açýarlar" diýip, Danilow "Reuters" habar gullugyna beren interwýusynda aýtdy.

Sewerodonetskiň harby administrasiýasynyň başlygy Oleksandr Strýuk 9-njy iýunda beren maglumatynda şäherde "hemişe köçe söweşleriniň" bardygyny mälim etdi.

"Şäherdäki gumanitar ýagdaý diýseň aýgytly. Suw üpjünçiligi ýok" diýip, Strýuk ukrain telewideniýesinde eden çykyşynda belledi.

"Häzirki wagtda Ukrainanyň Ýaragly güýçleri şäheriň takmynan üçden birine gözegçilik edýär" diýip, ol sözüne goşdy.

Prezident Wolodymyr Zelenskiý günorta-gündogar Zaporižýa sebitinden käbir "oňyn" habarlary berdi. Ol bu ýerde ukrainleriň Russiýanyň bu sebiti tutuşlygyna basyp almak maksatly hüjüminden goranmagy başarandygyny belledi.

Zelenskiý 9-njy iýunda giçlik eden wideo ýüzlenmesinde ukrain güýçleri "topragymyzy azat etmek" üçin Harkow sebitinde ýuwaş-ýuwaşdan öňe gidişlik gazanýar hem diýdi.

Emma Zelenskiniň ýokary derejeli kömekçisi Mihaýlo Podolýak Russiýanyň agyr artilleriýada artykmaçlygy sebäpli Ukrainanyň her gün 100-den 200-e çenli esgeri ýitirýändigini aýtdy.

Podolýagyň öňe süren sanlary, goranmak ministri Oleksiý Reznikowyň Ukrainanyň günde 100 esgeri ýitirýändigi we başga-da 500 adamyň ýaralanýandygy barada 9-njy iýunda mälim eden çaklamalaryndan has ýokarydyr. Sanlardaky aratapawut, görnüşine görä, söweş meýdany barada takyk maglumat almak kynlygyny görkezýär.

Podolýak BBC-ä beren maglumatynda Ukrainanyň Donbasda Russiýa bilen deň şertlerde söweşmegi üçin Günbataryň ýüzlerçe artilleriýa ulgamy gerek diýdi.

Britaniýanyň Goranmak ministrligi özüniň 10-njy iýunda çap eden gündelik habar býulleteninde Russiýanyň gabawy astyndaky Mariupol portunda holera uçgunynyň döremek howpunyň bardygyny aýtdy.

Býulletende aýdylmagyna görä, geçen aýdan bäri Mariupolda holera keseliniň aýry-aýry ýagdaýlary barada maglumatlar hasaba alyndy. Şeýle hem iňlis aňtaw gullugy Russiýanyň Ukrainada basyp alan ýerleriniň ýaşaýjylaryny esasy jemgyýetçilik hyzmatlary bilen üpjün etmekde kynçylyk çekýändigini hem aýtdy.

"Arassa agyz suwunyň elýeterliligi kadasyz. Telefon we internet hyzmatlarynyň kesilmegi dowam edýär" diýlip, býulletende bellenilýär.

Zelenskiý, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron bilen frontdaky ýagdaýlar we ýakyn günlerde we hepdelerde konfliktiň bolup biläýjek ösüşi barada gürleşendigini aýtdy.

Şeýle hem, olar Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigine goşulmak baradaky arzasy we Ukraina hem-de tutuş Ýewropa üçin howpsuzlyk kepillikleri meselesi barada söhbet etdiler.

Ukrainanyň Russiýany goldaýan separatist sebitinde iki iňlis raýaty we bir marokkoly Ukrainanyň tarapynda söweşendigi üçin ölüm jezasyna höküm edildi. Moskwany goldaýan separatistler tarapyndan amal edilen bu jeza iňlis daşary işler ministri Liz Trussyň gahar-gazaba münmegine getirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG