Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain güýçleri Sewerodonetskiň merkezinden yza tesdirildi


Ukrain esgeri
Ukrain esgeri

Ukrain güýçleri ýurduň gündogaryndaky Donbas sebitiniň Sewerodonetsk şäheriniň merkezinden yza çekilmäge mejbur boldular diýip, ukrain harbylary mälim etdiler. Eýýäm ençeme hepde bäri bu möhüm şäheriň gözegçiligi ugrunda Ukrainanyň we Russiýanyň güýçleriniň arasynda gazaply çaknyşyklar dowam edýär.

Ukrain harbylarynyň Kiýewdäki baş ştabynyň maglumatyna görä, Russiýanyň Sewerodonetskiň merkezine artilleriýa toplaryny atmagy netijesinde, ukrain goragçylary ol ýerden yza çekilmeli bolupdyrlar.

Bu beýanatdan birnäçe sagat öň, prezident Wolodymyr Zelenski Sewerodonetsk goragçylarynyň şäheriň “her bir metri” üçin söweşýändigini, şeýle-de rus basybalyjy güýçleriniň sebitdäki möhüm köprüni partladyp, parahat ilatyň we esgerleriň mümkin yza çekilmek ýollaryny böwetländigini belledi.

“Basybalyjylaryň taktiki maksady üýtgemedi. Olar Sewerodonetske basyş edýärler. Ol ýerde sözüň doly manysynda şäheriň her bir metri üçin gazaply çaknyşyklar barýar” diýip, Zelenski belledi.

Ol rus harbylarynyň Donbasa ätiýaçdaky esgerleri ugratmak ugrunda hem tagalla edýändiklerini aýtdy.

Zelenski Russiýanyň ýeterlik tälim almadyk ýaş esgerleri “juda gazaply” çaknyşyklaryň barýan sebitlerine ugradyp, olary “topa tutaryk” hökmünde ulanýandygyny nygtady.

“Ukrain topragynyň her bir metri gana boýaldy. Bu diňe biziňki däl, bu basybalyjylaryň hem [gany]” diýip, Ukrainanyň regional häkimi Serhiý Haýdaý 12-nji iýunda çykyş etdi.

Ol rus güýçleriniň gabawdaky Sewerodonetsk şäheri bilen Siwerskiý Donets derýasy bilen serhetleşýän Lysyçansk şäheriniň arasyndaky üç köpriniň ikinjisini hem ýarandyklaryny mälim etdi.

Barha agyrlaşýan ýagdaýlara garamazdan, ukrain prezidenti Zelenski erjellik bilen garşy durmagyny dowam etdirýär. Ol ukrain güýçleriniň ýurduň gündogar sebitlerini gysga wagt içinde basybalyjylaryň ele geçirmegine pursat bermändigini aýtdy.

“Ýadyňyzdamy, Russiýa maýyň başynda [Ukrainanyň gündogaryndaky] Donbas sebitini tutuşlygyna basyp almagy umyt edipdi? Häzir eýýäm urşuň 108-nji güni, eýýäm iýun. Donbas henizem garşylyk görkezýär” diýip, Zelenski belledi.

Sewerodonetsk ugrundaky söweşler eýýäm ençeme hepde bäri dowam edýär. Rus basybalyjy güýçleri, fewralda Ukraina sebäpsiz hüjüm etmeginden soň, ýurduň beýleki sebitlerinden yza tesdirilmegi netijesinde, häzir bar ünsüni Sewerodonetske gönükdirdi. Kiýew bu şäher ugrundaky söweşiň urşuň geljekki ykbalyny kesgitläp biljekdigini duýdurýar.

Rus harbylarynyň zarbalary netijesinde şäheriň aglaba bölegi harabalyga öwrüldi. Sewerodonetskdäki ýagdaýlar port şäheri Mariupolyň ykbalyny ýada salýar. Uzak wagtlap dowam eden ganly çaknyşyklardan soň, geçen aý şäher ruslaryň eline geçipdi.

Haýdaý 11-nji iýunda Sewerodonetskde, ýüzlerçe adamyň gizlenip oturan, Azot nitrogen himiki desgasyna hem zarba urlandygyny aýtdy.

Moskwa tarapyndan goldanylýan separatistler desganyň daşynyň gabalandygyny we ol ýerdäki ukrain goragçylarynyň binanyň içinde galandyklaryny aýtdylar.
Bu maglumatlary garaşsyz çeşmelere tassyklatmak mümkin däl.

Zelenski 12-nji iýunda giçlik eden çykyşynda Günbatar döwletlerini Ukraina üçin ýarag üpjünçiligini tizlendirmäge çagyrdy, şeýle-de Russiýanyň Donbasdaky her bir şäheri, şol sanda Donetski we Luhansky ýer-ýegsan etmek isleýändigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG