Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen prezidenti Eýrana sapar edýär


Prezident Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 14-nji iýunda iki günlük resmi sapar bilen Eýrana geler. Bu barada Eýranyň MEHR agentligi ýurduň hökümetiniň metbugat wekiliniň sözlerine salgylanyp habar berýär.

“Şu gün gije biz Türkmenistanyň prezidentini garşylaýarys” diýip, Bahadori Jahromi aýtdy.

Maglumata görä, sapar Eýranyň prezidenti Saýed Ebrahim Raisiniň çakylygy esasynda amala aşyrylýar.

Saparyň jemleri boýunça ençeme dokumente gol goýulmagyna garaşylýar.

Bu Serdar Berdimuhamedowyň prezident hökmünde Eýrana amala aşyrýan ilkinji sapary bolar.

Göz öňünde tutulýan sapar barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda häzirlikçe maglumat ýok.

Türkmenistan, goňşy ýurt bilen aradaky gaz tölegleri üstünde turan dawa esasynda, 2017-nji ýylyň ýanwarynda Eýrana gaz ibermegini bes etdi.

2018-nji ýylda taraplar bir-biriniň üstünden Halkara arbitraž kazyýetine şikaýat etdi.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG