Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sewerodonetskiň aglaba sebiti ruslaryň gözegçiligine geçdi


Kiýew Donbasdaky söweş hereketlerini “Ýewropadaky iň elhenç çaknyşyklaryň biri” hökmünde häsiýetlendirýär.
Kiýew Donbasdaky söweş hereketlerini “Ýewropadaky iň elhenç çaknyşyklaryň biri” hökmünde häsiýetlendirýär.

Ukrain resmileri Russiýanyň basybalyjy güýçleriniň ýurduň gündogaryndaky Sewerodonetsk şäheriniň aglaba sebitine gözegçilik edýändigini aýtdylar. Mundan öň, Donbas sebitinde barýan gazaply çaknyşyklaryň arasynda rus güýçleri bu möhüm şähere barýan ähli köprüleri weýran etdiler. Kiýew Donbasdaky söweş hereketlerini “Ýewropadaky iň elhenç çaknyşyklaryň biri” hökmünde häsiýetlendirýär.

Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň metbugat wekili Oleksandr Motuzýanykyň 13-nji iýunda beren maglumatyna görä, Sewerodonetskde gazaply çaknyşyklar dowam edýär, emma ruslaryň artykmaç artilleriýa we raketa zarbalary netijesinde, ukrain goragçylary şäheriň merkezinden yza çekilmäge mejbur bolupdyrlar.

Ol “Russiýanyň pyýada goşununyň uly ýitgileri çekýändigini”, emma artilleriýanyň we howa zarbalarynyň kömegi bilen öňe ilerlemegini dowam etdirýändigini hem sözüne goşdy.

Ukrain resmileri Sewerodonetsk bilen Lysyçansk şäherini birleşdirýän üç köpriniň ählisiniň weýran edilmegi bilen, şähere barýan ýollaryň ählisiniň ýapylandygyny, şeýle-de mundan soň ewakuasiýanyň mümkin bolmajakdygyny aýdýarlar.

Eger-de, Sewerodonetsk we Lysyçanks synsa, onda rus basybalyjy güýçleri tutuş Luhansk sebitine gözegçilik ederler. Mundan öň, bu sebitiň aglaba ýeri Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistleriň elindedi.

Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski 13-nji iýunda giçlik eden çykyşynda Donbas regiony ugrundaky söweşiň “Ýewropadaky we Ýewropa ugrundaky iň elhenç çaknyşyklaryň biri hökmünde harby taryha giriziljekdigini” aýtdy.

“Biziň üçin bu söweşiň bahasy juda uly. Bu gaty gorkunç. Biz her gün hyzmatdaşlarymyza Ukrainanyň Donbas regionyndaky Russiýanyň gynamalaryny bes etdirmek üçin, döwrebap artilleriýa ulgamlarynyň ýeterlik sany bilen üpjün edilmelidigine ünsi çekýäris” diýip, Zelenski belledi.

Zelenskiniň esasy maslahatçylarynyň biri Myhaýlo Podolýak Ukrainanyň Russiýa bilen mümkinçilikleriniň deňleşmegi üçin, has köp agyr ýaraglaryň we serişdeleriň ugradylmagyna çagyryş etdi.

Mundan öň, Luhansk regionynyň harby administrasiýasynyň başlygy Serhiý Haýdaý 13-nji iýunda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda rus goşununyň Sewerodonetskiniň gaz, suw we elektrik togy infrastrukturasyny weýran edendigini aýtdy. Ol sebitde saglygy saklaýyş bilen “uly meseleleriň bardygyny” hem sözüne goşdy.

Onuň sözlerine görä, rus armiýasy häzir Sewerodonetskiniň 70-80% sebitine gözegçilik edýär. Uruşdan öň bu şäherde 100 müňe golaý adam ýaşaýardy.

Gündogar Ukrainadaky Russiýanyň dikmeleriniň ýokary derejeli wekili 13-nji iýunda Sewerodonetskiniň daşynyň “de facto”, ýagny iş ýüzünde gabawa alnandygyny aýtdy.

Britaniýanyň aňtaw gulluklary Russiýanyň Harkow ugry boýunça hem, ençeme hepdeden soň, tapgyrlaýyn öňe gidişligi gazanana “meňzeýändigini” bellediler.

Mundan öň, ukrain harbylarynyň baş ştaby rus basybalyjylarynyň Sewerodonetskiniň 50 km günbataryndaky Bohorodyçne obasyna hem girendiklerini habar beripdi. Bu oba ele geçirilse, onda rus goşunyna has uly we möhüm Slowýansk şäherine hüjüm etmäge mümkinçilik döreýär.

Luhanskdaky separatistler Moskwa tarapyndan goldanylýan güýçleriň Slowýanksa garşy hüjüme geçendiklerini öňe sürdüler. Bu maglumaty garaşsyz çeşmelere tassyklatmak mümkin däl.

XS
SM
MD
LG