Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ýewropa liderleri Kiýewe geldiler, Ukrainanyň gündogarynda söweşler ýitileşýär


Fransuz prezidentiniň edarasynyň maglumatyna görä, prezident Emmanuel Makron (ortada), german kansleri Olaf Şolz (sagda) we Italiýanyň premýer-ministri Mario Draghi bilelikde Polşadan Kiýewe aşypdyrlar.

Russiýanyň basybalyjy güýçleri Ukrainanyň gündogaryndaky Donbas sebitiniň möhüm Sewerodonetsk şäherini ele geçirmek ugrundaky hüjümlerini ýaýbaňladýarlar. Bu aralykda, Moskwanyň Ukraina rehimsiz dyzamagynyň fonunda, ýewropa güýçleri Kiýewe raýdaşlyk hökmünde ukrain paýtagtyna sapar edýärler.

Fransuz prezidentiniň edarasynyň maglumatyna görä, prezident Emmanuel Makron, german kansleri Olaf Şolz we Italiýanyň premýer-ministri Mario Draghi bilelikde Polşadan Kiýewe aşypdyrlar.

Rumyniýanyň prezidenti Klauk Iohannis hem bu ýokary derejeli resmilere Kiýewde goşuldy.

Makronyň Kiýewe geleninden soň žurnalistlere aýtmagyna görä, Ýewropa Bileleşiginiň iň iri üç ykdysadyýetiniň liderleri ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskä “Ýewropanyň raýdaşlygyny” äşgär etmegi maksat edinýärler.
Şolz bolsa, ÝB liderleriniň “Ukraina we ukrain halkyna özleriniň goldawyny belli etmek” isleýändiklerini aýtdy.

“Emma biz diňe raýdaşlygyň äşgär edilmegi bilen çäklenmek islemeýäris. Biz şeýle-de maliýe we ynsanperwer, şol sanda ýarag babatyndaky hemaýat boýunça guramalaşdyrýan tagallalarymyzy dowam etdireris” diýip, german kansleri belledi.

Ukraina Kiýewe doly goldaw bermekden saklanmakda we ýaraglary haýal üpjün etmekde Fransiýany, Germaniýany we belli bir pes derejede Italiýany tankytlapdy.


Bu aralykda, “Luhansk regiony üstündäki gazaply çaknyşyklar dowam edýär” diýip, ukrain baş harby ştabynyň kommandiri Waleriý Zalužny aýtdy. Ol rus güýçleriniň uçarlar we artilleriýa bilen hem zarba urýandygyny sözüne goşdy.

Ukrainanyň gündogaryndaky Donbas sebitinde ençeme hepde bäri söweş hereketleri dowam edýär. Luhanskyň iň iri şäheri Sewerodonetsk heniz hem Ukrainanyň gözegçiliginde galýar. Moskwanyň ony ele geçirmegi Slowýansk we Kramatorsk ugurlary boýunça öňe ilerlemegine mümkinçilik berer.

Bu aralykda, Ukrainanyň harbylarynyň başlygy Russiýanyň özüniň esasy güýçlerini Luhansk regionynyň demirgazygynda jemländigini, şeýle-de birdenkä dokuz ugur boýunça hüjüme geçmäge synanyşýandygyny aýtdy.

Britaniýanyň Goranmak ministrliginiň 16-njy iýunda çap eden gündelik aňtaw brifinginde Sewerodonetskiň goragçylarynyň juda agyr ýagdaýdadygy bellenilýär, şol bir wagtda, görnüşinden, Ukrainanyň bu şäherdäki goşununyň uly bölegini çykarmaga başarandygy aýdylýar.

BMG Sewerodonetskde 12 müň parahat ilatyň gabawda galýandygyna, şeýle-de olaryň zerur hajatlary üçin serişdeleriniň azalýandygyna ünsi çekdi. Gabawdaky ýaşaýjylaryň köpüsiniň şäheriň Azot himiki desgasynyň bunkerlerinde gizlenýändigi hem bellenilýär.

15-nji iýunda Russiýa Azot himiki desgasyndaky ukrain goragçylaryna, onuň öz sözleri bilen aýdylanda “bimany garşy duruşy bes etmegi we ýaraglary goýmagy” teklip etdi. Munuň öwezine, ol desgada esgerler bilen bile haraý tapan parahat ilat üçin “ynsanperwer geçelgäni” guramalaşdyrmagy wada berdi.

Kiýew bu ultimatumy ret etdi.

15-nji iýunda Birleşen Ştatlar Ukraina niýetlenen goşmaça 1 milliard dollarlyk ýaragy yglan etdi.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bu hemaýat barada Zelenskä telefon söhbetdeşliginiň dowamynda mälim edendigini aýtdy.

Ukrain prezidenti Zelenski has köp agyr ýaraglaryň iberilmegine, şeýle-de ÝB-niň Russiýa garşy has köp sanskiýa girizmegine çagyrdy.

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg 15-nji iýunda, NATO-nyň goranmak ministrleriniň Brýusseldäki duşuşygyndan öň eden çykyşynda, Kiýewe has kämil ýaraglary ugratmak boýunça “gyssagly zerurlygyň” bardygyny aýtdy. Şol bir wagtda, ol ukrain harbylarynyň bu görnüşli ýaraglary özleşdirmeginiň wagt talap edýändigini belledi.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Austin, Ukrainanyň Gorag habar toparynyň düzümine girýän onlarça döwletiň goranmak ministrleriniň öňünde eden çykyşynda, Günbataryň ýarag bilen üpjünçilik tagallalaryny has tijendirmelidigini aýtdy.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG