Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Lysyçanske “heläkçilikli” zarba urýar


Rus basybalyjy güýçleriniň Ukrainadaky zarbalarynyň netijeleri
Rus basybalyjy güýçleriniň Ukrainadaky zarbalarynyň netijeleri

Russiýanyň basybalyjy güýçleri Ukrainanyň gündogaryndaky Lysyçanske we onuň ekiz şäheri Sewerodonetske zarbalary ýagdyryp, “heläkçilikli” zyýan ýetirmegini dowam etdirýärler diýip, ukrain resmileri aýdýarlar. Olar ýurduň gündogaryndaky ýagdaýlaryň “ýokary derejede agyrdygyny” hem belleýärler.

“Sewerodonetskiň senagat zolagynda çaknyşyklar dowam edýär. Lysyçanskde hem heläkçilikli weýrançylyklar dowam edýär” diýip, Luhanks regionynyň harby häkimi Serhiý Haýdaý 21-nji iýunda mälim etdi. Ol mundan bir gün öň rus harbylarynyň Lysyçankske agyr zarba urandygyny hem sözüne goşdy.

Haýdaý Lysyçanskde we Sewerodonetskde güýçli çaknyşyklaryň dowam edýändigine garamazdan, ukrain güýçleriniň şäherleriň goragyny dowam etdirýändiklerini hem nygtady.

Mundan öň, Haýdaý telewideniýede eden çykyşynda rus güýçleriniň Sewerodonetskiň aglaba sebitini ele geçirendigini, emma ýüzlerçe asuda ilatyň hem haraý tapan Azot himiki desgasyna gözegçilik etmeýändigini mälim etdi.
Ol Sewerodonetsk bilen Lysyçançki Bahmut şäheri bilen birleşdirýän ýoluň dowamly rus zarbalaryna duçar bolýandygyny hem aýtdy.

Şol bir wagtda, Haýdaý ruslaryň ukrain goşunyny gabawa almak tagallalarynyň başa barmaýandygyny we basybalyjylaryň “agyr ýitgileri çekýändigini” aýtdy.
Britan harbylarynyň 21-nji iýunda beren aňtaw maglumatlaryna görä, Günbataryň üpjün eden kämil ýaraglary eýýäm Ukrainanyň söweş meýdanlarynda ulanylyp başlanypdyr.

Britan Goranmak ministrligi geçen gepde ukrain güýçleriniň gämilere garşy Garpun toplumyny üstünlikli ulanmagy başarandygyny aýtdy.
“Hüjümiň nyşanasy Gara deňziň demirgazyk-günbataryndaky Ýylan Adasyna ýaraglary daşan Russiýanyň Spasatel Wasiliý Beh tirkeg gämisi boldy” diýip, britan aňtaw gulluklary mälim etdi.

20-nji iýunda Ukrainanyň iň iri deňiz porty Odessada rus raketasy azyk ammaryna gelip urdy diýip, ukrain harbylary mälim etdiler.

Moskwa tarapyndan anneksirlenen Krymyň rus dikmeleri 20-nji iýunda ukrain güýçleriniň kenarýakadaky nebit burawlaýjy desgalaryna amala aşyran hüjüminde, üç adamyň ýaralanandygyny we ýedisiniň hem dereksiz ýitendigini aýtdylar. Bu maglumaty garaşsyz çeşmelere tassyklatmak mümkin däl.

Bu aralykda, prezident Wolodymyr Zelenski rus güýçleriniň ýene-de Harkowa hüjüm etmäge taýýarlyk görýändiklerini aýtdy.

“Häzir Russiýanyň armiýasy Harkowa ýene-de hüjüm etmek üçin öz güýçlerini jemlemäge synanyşýar. Biz bu sebiti azat edipdik. Olar bolsa, täzeden öňküsini etmek isleýärler. Biz muny görýäris. Şäherde ýarym million töweregi ilat ýaşaýar” diýip, Zelenski 20-nji iýunda eden çykyşynda belledi.

Şol bir wagtda, Russiýanyň Interfax habar gullugy şu aýyň başynda Ukrainada ukrain güýçleriniň hatarynda söweşen wagty ele salnan iki amerikan raýatynyň häzirki wagt separatistleriň gözegçiligindäki Donbas sebitinde saklanýandygyny habar berdi.

20-nji iýunda Kreml saklananlaryň hakyna tutma söweşijilerdigini aýdyp, olar üçin Ženewa Konwensiýasynda göz öňünde tutulan ýagdaýlaryň degişli däldigini aýtdy.

Günbatar hökümetleri olaryň ukrain harbylarynyň hatarynda söweşýän wagty ele salnandygyny, şol sebäpli, Ženewa konwensiýasyna laýyklykda, olara uruş ýesiri hökmünde çemeleşmelidigini aýdýarlar.

Şu aýyň başynda, separatistleriň sudy Ukraina üçin söweşen iki britan we bir morokko raýatyny ölüme höküm edipdi.

Bu aralykda, ÝB-niň baş diplomaty Russiýany Ukrainadaky duran gallanyň çykarylmagyna mümkinçilik bermän, “hakyky uruş jenaýatyny” amala aşyrýandygyny aýtdy.

Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan esassyz urşunyň arasynda ýurduň deňiz portlaryny böwetlemegi bilen, dünýäniň esasy galla eksportýorynyň biri Ukraina toplan hasylyny daşary ýurtlara çykaryp bilmeýär.

Ukraina we Günbataryň köp hökümeti Russiýany dünýädäki azyk üpjünçiligi krizisini öz bähbitlerine ulanmakda aýyplaýarlar. Mundan öň, Moskwa halkara sanksiýalarynyň ýatyrylmagynyň öwezine, Ukrain galla hasylynyň eksport edilmegine mümkinçilik döretjekdigini aýdypdy. Emma Günbatar hökümetleri bular ýaly ädimi ret etdiler.

XS
SM
MD
LG