Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň ilatyna 2021-nji ýylyň dekabry üçin un 'paýogy' paýlanýar


Türkmenistanda un nobatyna duran adamlar. Illýustrasiýa suraty
Türkmenistanda un nobatyna duran adamlar. Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň käbir şäherlerinde, etraplarynda we obalarynda döwlet dükanlary ilata 2021-nji ýylyň dekabr aýy üçin un "paýogyny", aradan alty aý geçen soň, şu aýyň 20-lerine paýlap başladylar. Ýöne ýerli ýaşaýjylar ilata satylýan bu unuň hiliniň pesdigini, bitlidigini we tagamynyň ajydygyny aýdýarlar. Şol bir wagtda, welaýatyň käbir çetki obalarynyň ýaşaýjylaryna geçen ýylyň oktýabr we noýabr aýlary üçin un "paýogy" heniz hem berilmeýär. Maryda ilatyň "paýok" üpjünçiliginiň ýagdaýy barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, şu günler welaýatyň döwlet dükanlarynyň aglabasy ilata 2021-nji ýylyň dekabr aýy üçin un "paýogyny" doly paýlap, bu baradaky resminamalary degişli döwlet edaralaryna tabşyrmak işlerini güýçlendirdi.

"Şu sapar kim un paýogyny almadyk bolsa, onda olaryň un paýoklary köýýär. Biz plany ýapmaly we merkeze resminamalary ugratmaly bolýarys. Biz 'haçan un almaga gelerkä' diýip garaşyp oturmaly däl. Biz kagyz ýüzünde bolsa-da, doly paýladyk diýip görkezmeli bolýarys" diýip, habarçymyz Mary şäherindäki bir dükanyň işgäriniň ýaşaýjylara adýan sözüni sitirledi.

Habarçymyzyň sözlerine görä, dükan işgärleri indiki geljek un "paýogynyň" 2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň uny boljakdygyny hem duýdurýarlar.

Şol bir wagtda, ýerli ýaşaýjylar geçen ýylyň dekabr aýy üçin paýlanýan un "paýogynyň" hiliniň juda pesdigini aýdyp, bitli, ajy unuň satylýandygyny belleýärler. Olaryň sözlerine görä, käbir ýaşaýjylar uny açanyndan soňra hiliniň gowy däldigini görüp, döwlet dükanyna yzyna eltip, gohlaşyp gaýdýarlar.

"Paýlanýan unuň reňki gara we içi bitli, tagamy hem ajymtyk kakýar. Käbir adamlar döwlet dükanyna baryp, 'her aýda adam başyna berýäniňiz 5 kg un. Bizi malça göreňizokmy? Öz hojalyklaryňyza iýdirip gördüňizmi?' diýip gohlaşýarlar. Dükan işgärleri bolsa, 'berilýäni alyň, bolmasa şol hem ýok' diýip, ýaşaýjylaryň ýüzlerini alyp goýberýärler" diýip, maryly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Ýerli ýaşaýjylaryň habarçymyza gürrüň bermegine görä, mundan ozal Mary welaýatynyň döwlet dükanlarynda geçirilen barlaglaryň dowamynda ilata subsidirlenen önümler, şol sanda ýokary hilli un günde diýen ýaly paýlanypdyr.

“Welaýatdaky döwlet dükanlaryna barlagçylar gelen döwründe un, ýag we towuk budy günde diýen ýaly paýlandy. Hatda käbir subsidirilenen önümler iki esse köp, ýagny iki aý üçin paýlandy. Unuň hili birinji sortdy, käbir ýerlerde ýokary hilli un paýlandy. Ýöne barlaglar tamamlanandan soňra, döwlet dükanlary ilata pes hilli unlary paýok hökmünde hödürläp başlady" diýip, Türkmengala etrabynyň bir ýaşaýjysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Habarçymyza Marynyň döwlet dükanlarynda soňky sapar geçirilen barlaglaryň anyk senesi barada jikme-jik maglumat almak başartmady. Ýöne ýurduň dürli sebitlerinde ýerleşýän dükanlarda barlag işlerini geçirmek üçin Aşgabatdan welaýatlara wagtal-wagtal barlagçylar iberilýär.

Habarçymyz welaýatyň döwlet dükanlarynda geçen ýylyň dekabr aýy üçin un "paýoklary" paýlanýan mahaly, Mary şäheriniň käbir döwlet dükanlarynda ilata şu ýylyň ýanwar we fewral aýlary üçin un paýlarynyň berilýändigini hem habar berýär.

Ýöne ol welaýatyň käbir çetki obalarynda ilata geçen ýylyň oktýabr we noýabr aýlary üçin un "paýogyny" heniz-de paýlamaýan döwlet dükanlarynyň bardygyny hem aýdýar.

"Munuň sebäplerini hiç kim anyk bilmeýär. Käbir obalarda ýaşaýjylaryň köpüsi gol çekip bilmeýär. Şonuň üçin olar gol çekmeli ýere diňe özleriniň atlaryny ýazýarlar. Bu bolsa, dükan işgärleriniň "işlerini ýeňilleşdirýär". Olar gola derek oba ýaşaýjysynyň adyny ýazyp goýberýärler. Şol sebäpli dükan işgärleriniň resminamalara gol çekip, ýaşaýjylaryň un paýlaryny alandygy çaklanylýar" diýip, oba ýaşaýjysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ýerli edarasyndan kommentariýa alyp bilmedi.

Soňky aýlarda Türkmenistanyň dürli sebitlerindäki döwlet dükanlarynda ilatyň “paýok” üpjünçiliginiň ýagdaýy ýaramazlygynda galýar.

Geçen hepde Aşgabadyň döwlet dükanlary ilata subsidirlenen bahadan berilýän azyk önümleriniň käbir görnüşlerini, şekeri, towuk buduny we ýumurtgany gaýtadan paýlap başladylar. Ýöne olaryň käbiriniň bahalary hususyýetçilerdäkiden hem gymmat bolsa, käbiri bazar bahalary bilen deň nyrhda satylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG