Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatda käbiri bazar nyrhyndan-da gymmat subsidirlenen önümler satylyp başlandy


Aşgabadyň döwlet dükanlarynyň biriniň öňünde şeker satyn almak üçin nobata duran adamlar. Arhiw suraty

Aşgabadyň döwlet dükanlary ilata subsidirlenen bahadan berilýän azyk önümleriniň käbir görnüşlerini, şekeri, towuk buduny we ýumurtgany gaýtadan paýlap başlady. Ýöne olaryň käbiriniň bahalary hususyýetçilerdäkiden hem gymmat bolsa, käbiri bazar bahalary bilen deň nyrhda satylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan maglumat berdi.

"Häzir paýok önümlerini aýda iki sapar getirýärler. Onuň düzüminde bir kilogramy 16 manatdan towuk budy bar. Towuk budunyň gaplanan bir pakedi 25-29 manada düşýär. Şeýle-de, subsidirlenen bahadan, ýagny her biri 1 manatdan 20 sany ýumurtga satylýar. Bir kilogramy 18 manatdan şeker hem hödürlenýär. Dükan işgärleri bu önümleri öýlere getirip berendikleri üçin-de 3 manat alýarlar" diýip, paýtagtly ýaşaýjylaryň biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Habarçymyz köp ýaşaýjynyň şekeri we towuk buduny satyn almakdan ýüz öwürýändigini aýdýar. Sebäbi olary hususyýetçilerde, şol sanda bazarlarda has arzan ýa-da şol bir bahadan satyn alyp bolýar.

"Şeker bazarlarda 12-16 manat aralygynda satylýar. Onuň esasan iki görnüşi bolup, ownuk şeker 16 manatdan, iri şeker 12-14 manatdan satylýar. Şekeriň ownuk dänelisi has süýji bolsa-da, ykdysady kynçylyklar sebäpli güzeran eklenji kynlaşan köp maşgala iri däneli şekeri satyn alýar. Towuk budy bazarlarda-da 16 manatdan satylýar. Şeýle-de, onuň hili hem gowy, adamlar islän wagty bazardan satyn almagy makul hasaplaýarlar" diýip, ýaşaýjy aýtdy.

Şol bir wagtda, habarçymyz bu nyrh we hil tapawudyna garamazdan, býujet işgärleriniň aglabasynyň subsidirilen azyk önümleriniň hemmesini satyn almagy dowam etdirýändigini hem aýtdy.

"Ýumurtgany hemmeler satyn alýar. Paýtagtyň käbir döwlet dükanlarynda-da ýumurtga peýda boldy. Bu ýerde-de her bir adam 15 sany ýumurtga satyn alyp bilýär. Onuň her biri 1 manatdan satylýar. Bu ýumurtga Parahat etrapçalarynda irden, beýleki, meselem, 30-njy etrapçada giçlik satylýar" diýip, ýaşaýjy belledi.

Ýerli ýaşaýjylaryň käbiri bu "azyk bolçulygynyň" haçana çenli dowam etjekdiginiň belli däldigine ünsi çekip, häkimiýetleriň bu çäresini "ilatyň gözüni boýamak" diýip häsiýetlendirýärler.

"Ilki subsidirlenen azygy paýlamagy ýatyrdylar, bahalary gymmatlatdylar. Indem, hamana, ähli zat gowulaşan ýaly käbir önümleri gaýtadan satyp başladylar" diýip, başga bir paýtagtly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Türkmenistanda garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri ilata un, duz ýaly azyk önümleriniň belli bir möçberi subsidirilenen bahadan satylýar. Soňky dört ýyl çemesi wagtyň dowamynda, ýagny ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, häkimiýetler bu harytlaryň hataryna şeker, ösümlik ýagy, towuk budy ýaly harytlary hem goşdy. Ýöne şu ýylyň başynda häkimiýetler bu harytlaryň aglabasyny tapgyrlaýyn esasda bazar bahalary bilen deňleşdirdi.

Soňky aýlarda ýurt raýatlary subsidirilenen bahadan çörek we uny, käbir sebitlerde pagta ýagyny satyn alyp bilýärdiler. Ýöne türkmen häkimiýetleri bu azyk önümleriniň satuwyny hem kadaly üpjün etmekde kynçylyk çekýär. Döwlet dükanlaryna getirilýän çöregiň möçberiniň azdygy sebäpli nobata duran adamlaryň ählisi çörek satyn alyp bilmeýär.

Şu ýylyň başyndan bäri häkimiýetler kesgitlenen möçberden "artyk" çörek satyn alan raýatlary anyklamak esasynda çörek gytçylygynyň "öňüni almaga synanyşýar". Aprel aýynda döwlet dükanlarynyň öňünde gözegçilik edýän kanun goraýjylar artyk çörek satyn alanlaryň 15 günlük tussag ediljekdigini duýdurdy.

Türkmen häkimiýetleri ne ykdysady kynçylyklary, ne-de azyk ýeter-ýetmezçiligini boýun alýar. Resmi metbugat ilatyň problemalaryny agzaman, "bolçulyk" reportažlaryny yzygiderli efire berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG