Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ilatyň paýok üpjünçiligi erbetleşýär


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Marynyň dürli sebitlerindäki döwlet dükanlarynda ilatyň “paýok” üpjünçiliginiň ýagdaýynyň ýaramazlygynda galýandygyny habar berýärler.

Synçylar Türkmenistanda iki aý mundan ozal geçirilen 12-nji mart irki prezident saýlawlaryndan soňra ilatyň azyk üpjünçiliginiň ýagdaýynyň, iň bolmanda gysga wagtlyk hem bolsa, kadalaşjakdygyna umyt baglady. Ýöne, ýurduň dürli sebitlerinde ilatyň azyk üpjünçiliginiň ýabygorly ýagdaýy saklanyp galýar.

Azatlygyň Mary sebitindeki habarçysyna görä, şu günler Mary welaýatynyň döwlet dükanlarynyň ençemesinde ilatyň azyk paýlary doly üpjün edilmeýär, subsidirlenen önümleriň elýeterli bolan dükanlarynda bolsa alyjylara hili pes önümler satylýar.

“Paýok hökmünde ilata iň pes hilli un paýlanýar. Unuň ep-esli bölegi kepekden ybarat. Içi bitli” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

Welaýatyň edara ediş merkezinden uzagrakda ýerleşýän Garagum, Sakarçäge we Türkmengala ýaly etraplaryň döwlet dükanlarynda ilatyň un paýlary yzygiderli paýlanmaýar.

Ýöne habarçymyza görä, mundan ozal Mary welaýatynyň döwlet dükanlarynda geçirilen barlaglaryň dowamynda ilata ýokary hilli un paýlanypdyr.

Marynyň döwlet dükanlarynda iň soňky sapar geçirilen barlaglaryň anyk senesi barada jikme-jiklik ýok, ýöne ýurduň dürli sebitlerinde ýerleşýän dükanlarda wagtal-wagtal barlag-seljerme işleri geçirilýär. Köplenç barlagçylar paýtagt Aşgabatdan iberilýär.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi Ahal welaýatynyň hem-de Aşgabat şäheriniň söwda bölümlerinde, dükanlarynda barlag-seljerme işleriniň geçirilendigini hem-de geçirilen barlaglaryň dowamynda käbir düzgün bozmalaryň üstüniň açylandygyny habar berdi. Uny, ösümlik ýagyny açyk söwdadan gizläp, gymmat bahadan satmakda aýyplanýan orta derejeli söwda resmileri elleri gandally, aglap toba edýän görnüşde döwlet telewideniýesinde görkezildi.

Munuň yz ýany, Azatlygyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolan maryly ýaşaýjylar döwlet telewideniýesinde görkezilen sahnany gözboýagçylyk häsiýetlendirip, şeýle çäreleriň asyl meseläni çözüp bilmeýändigini gürrüň berdiler.

“Mary welaýatyndaky döwlet dükanlaryna barlagçylar gelen döwründe ilata iň ýokary hilli unlary paýladylar” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran maryly ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berýär. Ýöne, onuň sözlerine görä, barlaglar tamamlanandan soňra, döwlet dükanlary ilata pes hilli unlary paýok hökmünde hödürläp başlaýar.

“Barlaglardan soňra goýberilýän paýoklaryň hili gaty peseldi. Ýene-de hemme adamlara ýetmeýär. Bu bolsa barlaglaryň bar döwründe azyk senagatyna degişli bolan müdirlikleriň gözboýagçylyk edýändigini aňladýar. Esasan çetki obalarda azyk paýlary doly ilata ýetirilmeýär” diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Azatlygyň habarçysyna görä, hususan-da oba ýerlerinde ilatyň azyk paýlarynda ýetmezçilik ýüze çykýar. Azyk paýlaryny wagtynda alyp bilmedik adamlaryň paýoklary bolsa köýýär.

Bu aralykda, 11-nji maýda Lebapdaky habarçymyz sebitiň döwlet dükanlarynda ilat arasynda ‘paýok’ atlandyrylýan, degişlilikde arzan bahadan we çäkli möçberde satylýan unuň indi iki aý bäri paýlanmaýandygyny habar berdi. Paýtagt Aşgabatdaky habarçymyz bolsa döwlet dükanlarynda heň ysly unuň satuwa çykarylandygyny habar berdi.

Pandemiýa bilen bagly girizilen çäklendirmeleriň fonunda, bir döwür, Türkmenistanyň dürli sebitlerinde döwlet dükanlaryndan iberilýän subsidirlenen azyk önümlerini raýatlaryň öýlerine eltip bermek hyzmatlary ýola goýlupdy.

“Eger-de, şol gün saý-sebäp bilen hojalykda hiç kim ýok bolsa, tutuş maşgala şol günki paýlanýan paýokdan mahrum bolýardy. Adamlaryň şol aý almaly şekeri köýýär. Bu azyk paýlary soňky aýlaryň azyk paýlaryna goşulyp berilmeýär” diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, hojalyklara paýlanmadyk azyk önümleri hususy dükanlarda satylýar.

“Bu ‘mahinasiýa’ eýýäm birnäçe wagt bäri dowam edýär” diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar boýunça Marynyň welaýat häkimliginden kommentariý alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG