Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yssy howa gowaçalara zarba urýar, suwsuz daýhan hojalyklar resmileriň 'göwnüni tapmaga' çalyşýar


Türkmenistan. Illýustrasiýa suraty. Ekerançylyk meýdany.
Türkmenistan. Illýustrasiýa suraty. Ekerançylyk meýdany.

Türkmenistanda dowam edýän yssy howa gowaça ösdürip ýetişdirýän kärendeçileri we daýhan hojalyk eýelerini alada goýýar. Gowaça ösdürip ýetişdirmek üçin amatly şert gözleýän kärendeçiler kadaly suw üpjünçiligini ýola goýmak üçin ýerli resmileriň “göwünini tapmaga” çalyşýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary welaýatynyň Türkmengala, Baýramaly we Garagum etraplarynda gyzgyn howanyň gowaça meýdanlaryna ýaramaz täsir edýändigini habar berýär. Bu aralykda, kärende ýerleri ozal ellerinden alnyp telekeçilere berlen daýhanlar daýhan hojalyklaryň eýelerini iş başarmazlykda aýyplaýar. Ekerançylyk ýerlerini kärendesine alan telekeçiler bolsa, daýhanlaryň zeýrenişleriniň we resmileriň gysyşlarynyň arasynda ekin meýdanlaryna ideg etmäge çalyşýarlar.

“Men şu ýyl gaty ýalňyşdym. Köp gektar gowaça meýdanyny şertnama bilen öz üstüme aldym. Emma gowaçalar boý alman, guramaga başlady. Sebäbi suw ýok” diýip, ençeme gektarlyk gowaça meýdanyny kärendesine alan telekeçi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýöne kärende ýerleri ellerinden alnyp, daýhan hojalyklara berlen özbaşdak daýhanlar telekeçileri iş başarmazlykdan aýyplaýarlar.

“Biz ençeme ýyl bäri potrada seredip, ýer dyrnap, çaga ekledik. Biziň kärende ýerlerimizi ‘eýgereňzok’ diýip, elimizden aldylar we telekeçilere paýladylar. Indi telekeçiler gowaça meýdanlaryny guradýarlar. Ol telekeçileriň ekinden başy çykmaýar” diýip, bir daýhan Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Yssy howa we suw ýetmezçiligi dowam edýän mahaly, resmiler hem telekeçileri ekin meýdanlaryny zaýalamakda aýyplaýarlar.

Daýhanlar, telekeçiler we resmiler birek-biregi aýyplaýan mahaly, dowam edýän yssy howa we suw ýetmezçiligi gowaça meýdanlaryna zarba urýar.

Daýhanlar etrap häkimliginiň gowaça meýdanlaryny yssy howadan goramak üçin teklip edýän çözgütleriniň netijesizdigini aýdýarlar.

Geçen ýylyň yssysynda etrap häkimi ‘gün almaz ýaly’ gowaçalaryň üstüniň ösümlik bilen örtülmegini tabşyrdy. Bu ýyl bolsa, 'gowaça meýdanlaryndan haşal otlary aýyrmaň, ýogsa yssyda gowaça ýetişmeýär' diýip, özboluşly çözgüt çykardy. Häkim köp telekeçä gowaça meýdanlaryny haşal otlardan arassalamazlygy maslahat berdi" diýip, garagumly bir daýhan Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Resmiler tarapyndan iş başarmazlykda aýyplanyp, kärende ýerleri ellerinden alnan daýhanlar özleriniň baý iş tejribeleriniň bardygyny we öz ýerleriniň telekeçilere berilmegine nägile bolandyklaryny aýdýarlar. Galyberse-de, daýhanlar telekeçileriň ýerleri kärendesine almak üçin resmilere para berendiklerini aýdýarlar.

Türkmenistanda 2018-njy ýylda täze oba-hojalyk reformasy kabul edildi we täze reformalara laýyklykda “düşewüntsiz daýhan birleşikleriň oba hojalyk ýerlerini alyp, has gowy işlemäge ukyply önüm öndürijilere bermek” kararlaşdyryldy.

Synçylar ‘türkmen prezidentleriniň dyrmyklarynyň obalarda büdreýändiklerini’ aýdýarlar we ýurduň oba hojalyk syýasatynyň netijesizdigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan telekeçi ýer eýeleri ‘demikdiriji’ döwlet gözegçiliginiň öndürijilige oňaýsyz täsir edýändigini aýdýarlar.

“Bizde özbaşdak suw nasos gurnamak, özbaşdak ýap gazdyrmak ýaly mümkinçilik ýok. Nasos gurjak bolsak hem häkimlikden rugsat almaly. Rugsat almak üçin iki sany nasosyň puluny para hökmünde bermeli. Ýapjagaz gazdyrmak üçin hem şeýle. Rugsat almak üçin ummasyz pul harçlamaly” diýip, bir telekeçi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi. Ol daýhanlaryň ýerleriniň ellerinden alynmagyny özüniň dogry hasaplamaýandygyny aýdýar.

Ýene bir telekeçi Azatlyk bilen gürrüňdeşlikde ‘ekerançylyk meselesi bilen baglylykda’ prokuratura işgärlerine para bermäge mejbur galandygyny gürrüň berýär.

Meniň şertnama baglaşyp alan kärende ýerime gelip, köp pagtaň çykmandyr, gowaçalaryň boýy kiçi, köp ýerleriň gurap barýar. Sen bu kärende ýerlerini ýörite zaýalamak üçin, biziň ýurdumyza zyýan ýetirmek üçin aldyňmy?’ diýdiler. Men ol prokuratura işgärlerine ‘iň uly mesele – suw, şony çözüň, suw bolsa ideg hem gerek däl, özi gögerýär’ diýdim. Ýöne şonda-da meni günäkärlemekden el çekmediler diýip, telekeçi kärende ýerine barlaga gelen häkimiýet wekilleri bilen eden gürrüňleri barada maglumat berýär.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysynyň 1-nji iýul güni iberen suratlarynda ‘gözgyny ýagdaýdaky’ gowaça ekin meýdanlaryny görmek bolýar.

“Meniň hojalygym bilen içinden çykman ideg eden kärende ýerim telekeçileriň ellerine geçenden soň, gaty gözgyny bolupdyr” diýip, öňki kärendeçi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG