Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

100-den gowrak türkmenistanly heniz-de Stambulyň aeroportunda garaşýar


Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki habarçylary müňe golaý türkmenistanlynyň Stambulyň aeroportuna jemlenip, ýurduna ugradylmagyny talap etmegi barada goşmaça maglumatlary öwrenmegi başardylar. Habarçylarymyzyň 18-nji iýulda beren maglumatlaryna görä, watanyna dolanmak isleýän 100-den gowrak türkmen raýaty heniz hem Stambulyň aeroportunda garaşýar.

17-nji iýulda irden Türkiýeden Türkmenistana ugraýan "Türkmenistan" howaýollary kompaniýasynyň çarter uçaryna münmek tamasy bilen müňe golaý adam Stambulyň aeroportuna bardy. Türkmen hökümeti tarapyndan guramalaşdyrylan uçarda ýer tapmadyk adamlaryň arasynda nägilelik döredi we dawa turdy. Türkmen raýatlarynyň basyşy astynda şol günüň dowamynda Türkmenistan tarapyndan ýene bir uçar ugradyldy.

Aeroporta üýşen adamlaryň ençemesiniň habarçylarymyza gürrüň bermegine görä, türkmen raýatlary bu ýere guramaçylykly ýygnanmadylar. Olar "Flight radar" saýtynda türkmen uçarynyň Stambula gonandygyny görýärler we ähli goş-golamlaryny alyp, aeroporta barýarlar.

"Adamlar Türkmenistandan uçaryň gelendigini biri-birinden eşitdiler. Birinji uçara münüp bilmedik adamlar sanaw esasynda ýolagçylary uçara alýan konsulhana işgärlerine nägilelik bildirip başladylar. Konsulhana işgärleri olary köşeşdirmäge synanyşdy. Ýöne adamlar olary diňlemän, olara topuldy. Konsulhana işgärleri gaçyp gitdi. Adamlary aeroportuň howpsuzlyk işgärleriniň kömegi bilen köşeşdirdiler we olara günüň dowamynda adatdakysyndan tapawutlylykda Stambuldan Türkmenistana ikinji uçaryň guramalaşdyrylýandygyny aýtdylar. Adamlar birneme bolsa-da köşeşdiler, ýöne olaryň ählisi uçara münüp bilmedi" diýip, habarçy aýtdy.

"Flight radar" saýtynyň maglumatyna görä, 17-nji iýulda öýlän sagat 15:29-da "Türkmenhowaýollarynyň" Boeing-737 kysymly uçary Stambuldan gaýdypdyr. Emma onuň barjak ýeri maglumatda görkezilmändir.

Habarçymyzyň sözlerine görä, ikinji çarter uçarynda müňe golaý adamdan 150-den gowrak türkmen raýaty Türkmenistana uçmagy başardy.

"Galan adamlaryň köpüsi alaçsyz aeroporty terk etdi. Sebäbi olaryň arzyny diňlejek hiç kim ýokdy. Ýöne 100-den gowrak türkmen raýaty heniz hem Stambulyň aeroportunda ýatyp turýar. Bu adamlaryň başga gitmäge ýeri bolmansoň, şu taýda garaşýar. Olaryň arasynda bir aýa golaý wagt bäri aeroportda ýatyp turýan adamlar, şol sanda syrkaw ýaşulular hem bar. Olaryň bu ýerde ýuwunmak ýaly esasy zerurlyklary berjaý etmek mümkinçiligi hem ýok" diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, bu ýerdäki raýatlara Stambulda kafedir restorany bar bolan türkmenistanlylar wagtal-wagtal nahar iberýärler. Käbir türkmen raýatlary bolsa, gazanda palaw bişirip, gurbanlyk sadakalaryny aeroportdaky türkmenistanlylaryň arasynda paýladylar. Habarçymyzyň gürrüň beren bu ýagdaýlaryny sosial ulgamlarda çap edilen, aeroportuň içinde düşürilen käbir wideolarda hem synlasa bolýar.

Pandemiýanyň başyndan bäri öz çäginde koronawirusyň ýeke hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny öňe sürýän Türkmenistan, wirus sebäpli 2020-nji ýylyň martynda ähli halkara uçuşlary ýatyrypdy. Türkmen hökümeti Türkiýä gatnawyny henizem dikeltmedi. Hökümet tarapyndan guramalaşdyrylýan seýrek çarter uçarlary Türkiýeden Türkmenistana gitmek üçin ýeke-täk mümkinçilik bolup durýar.

Uçara Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň düzýän sanawy esasynda münüp bolýar. Sanawa azyndan müňlerçe adam ýazylyp, watanyna gitmek mümkinçiligine garaşýar. Türkiýeden Türkmenistana aýda bir ýa-da birnäçe gezek guramalaşdyrylýan uçarlar talaby kanagatlandyrmaýar.

Habarçylarymyz müňe golaý raýatyň Stambulyň aeroportunda nägilelik bildirmeginiň ýene bir sebäbiniň bardygyny aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, "konsulhananyň işgärleri bilen aragatnaşygynyň bardygyny" aýdýan adamlar Türkmenistana gitmäge kömek etmegi wada berip, onlarça raýatdan $400-$1000 aralygynda pul alypdyr.

"Bu adamlar soňra ýitirim bolupdyrlar. Olaryň mobil telefonlary öçürilipdir. Aeroporta üýşen adamlar konsulhananyň işgärlerine bu 'talaňçylaryň' türkmen resmileri bilen ilteşiginiň bardygyny aýtdylar. Şeýle-de, olardan ýa uçara goýbermegi, ýa-da pullaryny yzyna bermegi talap etdiler. Türkmen konsulhanasynyň işgärleri olar bilen ilteşikleriniň ýokdugyny aýdyp, bu aýdylanlary ret etdiler" diýip, türkmen raýaty anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasyndan telefon arkaly kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 18-nji iýulda ikindine çenli eden synanyşyklary netije bermedi.

Mundan ozal Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň ençemesi Stambuldaky türkmen konsulhanasyndaky adamlaryň, Türkmenistana dolanmaga kömek etmek üçin, özlerinden müňlerçe amerikan dollary möçberinde para soraýandygyny gürrüň beripdiler.

Türkmen hökümeti ýaňy-ýakynda halkara uçar gatnawyny dikeldip başlady. Türkmenistandan 30-njy maýdan Dubaýa, 1-nji iýundan Gazana we 1-nji iýuldan Moskwa adaty uçar gatnap başlady. 11-nji iýunda türkmen hökümeti beýleki ýurtlara adaty uçar gatnawyny dikeltmek planyny mälim etdi, emma takyk sene görkezmedi.

Türkiýe türkmen raýatlarynyň gazanç etmek hem-de ýokary bilim almak üçin iň köp ýykgyn edýän ýurtlarynyň biri hasaplanýar. Türkiýäniň Migrasiýa gullugynyň resmi sanlaryna görä, ýurtda 200 müňden gowrak türkmenistanly kanun esasda ýaşaýar. Garaşsyz çeşmeler hakyky sanyň birnäçe esse köpdügini aýdyp, türkmenleriň köpüsiniň bikanun esasda ýaşaýandygyny aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleri pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda galan türkmen raýatlarynyň sany baradaky statistikany köpçülige äşgär etmeýär. Döwlet metbugaty hem, ýurt raýatlarynyň daşary döwletlerde ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada habar bermeýär.

Bu aralykda, Türkmenistandan gidýän we daşary döwletlerden watanyna dolanýan raýatlaryň hassahanalaryň ýokanç keselleri bölüminden we dermatologiki- wenerologiýa barlaglaryndan geçmeli boljakdygy barada habarlar peýda boldy.

Garaşsyz neşir "Türkmenistanyň Hronikasynyň" öz ýurt içindäki habarçylaryna salgylanyp, 14-nji iýulda çap eden maglumatyna görä, bu talap awgust aýyndan güýje girer.

Azatlyga bu aýdylanlary öz ýurt içindäki habarçylaryna we çeşmelerine tassyklatmak ýa inkär etdirmek häzirlikçe başartmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG