Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahalyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynda bir adam öldi


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan

Ahal welaýatynyň gurluşygy dowam edýän täze edara merkeziniň meýdançasynda bir işçi öldi. Azatlygyň ýagdaýlardan habarly çeşmesi, munuň howpsuzlyk kadalarynyň bozulmagy sebäpli ýüze çykandygyny, şeýle-de bu iş bilen bagly birnäçe adama garşy jenaýat işiniň gozgalandygyny aýtdy.

“3-nji awgustda bir işçi gurluşygy alnyp barylýan bir binanyň sekizinji gatyndan gaçyp, heläk boldy. Ol Daşogzuň Akdepe etrabynyň ýaşaýjysydy. Ol 23 ýaşyndady. Ýerli häkimiýetler merhumyň ýakynlaryny Ahala çagyryp, onuň jesedini alyp gitmegini soradylar. Heläk bolan işçi üçin ýakynlaryna hiç hili ýardam hödürlenmedi” diýip, merhumyň kärdeşleri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdiler.

Azatlyk merhumyň ýakynlary bilen habarlaşyp, degişli rugsady alyp bilmändigi sebäpli, onuň doly şahsyýetini aýan etmekden saklanýar.

Şol bir wagtda, habarçymyz derňewçileriň bu pajygaly ýagdaýa häzirki Gökdepe etrabynyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň dowamyndaky howpsuzlyk kadalarynyň bozulmagynyň sebäp bolandygy baradaky netijä gelendiklerini hem belledi.

“Bu işiň anyk jikme-jiklerini doly anyklap bolmady. Emma munuň bilen baglylykda, bir sany kran dolandyryjysy we bäş gurluşykçy saklandy. Olara garşy jenaýat işi gozgalyp, bu Gökdepe etrap suduna geçirildi” diýip, ýerli hünärmenleriň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk bu hadysa barada dymýan ýerli häkimiýetlerden, şol sanda Gökdepäniň häkimliginden hem goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Bu aralykda, ýerli işçiler bu hadysadan soňra, ýurduň beýleki sebitlerinden gelen adamlaryň gurluşyk sebitinden zor bilen çykarylandygyny hem gürrüň berdiler.

“Bu hadysanyň yzy bilen gurluşykda işleýän içerki migrantlara Gökdepäniň çäginden çykmalydygy aýdyldy. Netijede, ýüzlerçe işçi Ahaldan Lebap we Mary welaýatlaryna ugradyldy. Munuň heläk bolan işçi bilen nähili baglanyşygynyň bardygy düşündirilmedi. Emma görnüşinden ýerli resmiler barlaglardan howatyr edip, gurluşykda näresmi ýagdaýda, has arzana işledilýän adamlary çykarmagy maksat edinýärler” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan işçileriň biri habarçymyza aýtdy.

Gökdepe etrabynyň çäginde gurulýan täze şäheriň düýbi 2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde, şol wagtky prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwründe tutulypdy. Şonda habar berilişine görä, bu ýerde 10 sany çagalar bagyny, 19 sany mekdebi, 400 töweregi ýaşaýyş jaýyny, 2 sany sungat mekdebini, Atçylyk boýunça ýokary okuw jaýyny, medeni binalary, şol sanda sirk we beýleki binalary gurmak göz öňünde tutulýar.

Deslapky meýilnama görä, bu şäheriň gurluşygyny 2022-nji ýylyň dowamynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Galyberse-de, Azatlygyň çeşmeleri bahasy resmi taýdan yglan edilmeýän bu şähere öňki döwlet baştutanynyň hormatyna onuň resmi lakamy bolan ‘Arkadag ‘adyny dakmak kararyna gelnendigini we munuň 29-njy iýunda Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününe gabatlap, yglan edilmegine garaşylýandygyny habar beripdi.

Emma bu habaryň metbugata syzmagyndan soň, türkmen resmileriniň bu niýetinden el çekendigi mälim boldy. Ýagdaýdan habarly çeşmelere görä, Arkadag adyny täze şähere dakmak baradaky planlaryň köpçülige mälim bolmagy Gurbanguly Berdimuhamedowyň göwnünden turmandyr.

Ýatlap geçsek, ondan öň prezident Serdar Berdimuhamedow täze şäheriň adyny saýlamaga halkdan kömek soramak barada çagyryş edipdi.

Şol bir wagtda, uly Berdimuhamedow iýunda täze şäheriň uly köçeleriniň birine öz aty Akhanyň adyny dakmagy teklip edipdi.

Türkmenistanyň öňki we häzirki prezidentleri gymmatbaha gurluşyklara milliardlarça dollar möçberinde pul sarp edýärkä, ýurduň ilaty ençeme ýyllap azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär we çörek satyn almak üçin gijelerine nobata durýar.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda ýüze çykan dürli heläkçiler, şol sanda tebigy betbagtçylyklar, olaryň ilata ýetirýän täsirleri bilen birlikde, alnyp barylýan gurluşyklarda heläk bolýan raýatlar barada hem habar bermekden saklanyp gelýärler.

Geçen ýyl türkmen häkimiýetleri Azatlygyň Türkmenistanyň gündogar sebitinde gurulýan desganyň gurluşyk meýdançasynda bir işçiniň ölendigi baradaky habaryna hem hiç hili reaksiýa bildirmändi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG