Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşme: Geçen hepde Türkiýeden müňe golaý türkmenistanly yzyna getirildi


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistan Türkiýede galan raýatyny artdyrylan çarter uçarlary bilen ýurda dolaýar. Türkmen häkimiýetleriniň Türkiýe ugry boýunça dowamly uçar gatnawlaryny iki ýyldan hem aşa wagt ýola goýmaýandygy sebäpli, bu ýurtda müňlerçe türkmenistanly agyr şertlerde galmaly boldy. Azatlygyň ygtybarly çeşmesi halkara uçar gatnawlarynyň aglabasyny kabul edýän Türkmenabadyň aeroportuna soňky wagtdan bäri her dört günden Türkiýeden uçarlaryň gonýandygyny, şeýle-de diňe geçen hepdäniň dowamynda müňe golaý türkmenistanlynyň getirilendigini aýtdy.

Çarter uçarlaryň biri bilen Türkmenistana gelen we hökmany karantinde oturyp çykan raýatlarynyň biriniň Azatlyga aýtmagyna görä, her uçar bilen ortaça 300 töweregi adam getirilýär. Ol bularyň arasynda Türkiýede dünýä inen çagaly eneleriň hem bardygyny, olara karantinden soň çagalaryny ýerli edaralarda hasaba aldyrmak talap edilýändigini belledi.

“[Türkmenistanyň] Migrasiýa gullugy bu ýaş enelere we çagalaryna 5 ýyl möhlet bilen ýurtdan çykmazlyk barada möhür goýýar. Türkiýede doglan çagalary ýerli edaralarda, şol sanda Nikany hasaba alyş bölüminde, Ýaşaýyş jaý gaznasynda dagy hasaba goýdurmak we ýerli Dogluş hakynda şahadatnamany almak talap edilýär” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolandygyny aýdýan söhbetdeşimiz belledi.

Türkiýeden getirilen raýatlaryň ýene biri Türkmenistana gonanlaryndan soň, ýerli gümrük işgärleriniň aýal maşgalalara, olaryň gymmat baha şaý-sepleri sebäpli hem, basyş edendiklerini gürrüň berdi.

“Gümrük işgärleri aýallaryň boýnunda birden artyk altyn zynjyr görseler, diňe birini galdyryp biljekdiklerini aýdýarlar. Galan şaý-sepler olaryň ellerinden alynýar, deklarasiýa doldurylýar we diňe degişli gümrük paçlaryny tölänlerinden soň, birnäçe günden soň yzyna alyp biljekdikleri aýdylýar” diýip, mundan iki hepde ozal Türkiýeden dolanan raýat gürrüň berdi.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli şahsyýetini aýan edip biljek maglumatlary aýan etmezligi soran söhbetdeşimiz, käbir gümrük işgärleriniň eglişige gidýändigini hem belledi.

“Gümrük işgäri biz bilen bir uçarda gelen aýal maşgalanyň boýnundaky üç sany altyn zynjyryny, barmaklaryndaky dört ýüzügini geçirmejek boldy. Ol zenan bu şaý-sepleri gyzyna, gelnine niýetläp öz puluna satyn alandygyny we degişli töleg kwitansiýalarynyň bardygyny düşündirjek boldy. Biraz wagtdan soňra bu uly goh-galmagala ýazyp başlady. Görnüşinden, gümrük işgäri dawa-jenjelden howatyr edip, ol aýaly şaý-sepleri bilen geçirdi” diýip, söhbetdeşimiz nygtady. Şol bir wagtda, ol köp halatlarda goh-galmagala hem garamazdan aglaba adamlaryň gymmat baha şaý-sepleriniň alnyp galynýandygyny sözüne goşdy.

Bu ýagdaýlar boýunça Türkmenistanyň Gümrük gullugyndan we Türkmenabadyň Halkara aeroportundan düşündiriş ýa goşmaça maglumat almak başartmady.

Türkmenistanyň Türkiýedäki raýatlaryny yzyna getirmegini ýygjamlaşdyrmagy, türkmen häkimiýetleriniň, ozal 30 gün möhlet bilen bu ýurtda wizasyz galyp bilen, türkmen raýatlary üçin wiza düzgünini ornaşdyrmagyny soran we Türkiýäniň bu baradaky degişli karary kabul eden döwründe bolup geçýär.

Türkmen häkimiýetleri wiza düzgünini girizmeginiň Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýä syýahat etmek mümkinçiligine nähili täsir etjekdigi barada resmi düşündiriş bermedi.

Türkiýe ozalky ýeňilleşdirilen wiza düzgünleri we dil umumylygy sebäpli Türkmenistanyň raýatlary üçin zähmet migrasiýasynyň esasy ugruna öwrülipdi. Türk Migrasiýa Gullugynyň habaryna görä, 200 müňden hem aşa türkmenistanly bu ýurtda kanuny esasda ýaşaýar.

Emma garaşsyz çeşmeler hakyky sanlaryň birnäçe esse köpdügini aýdyp, türkmen hökümetiniň raýatlarynyň daşary ýurt pasportlaryny degişli wekilhanalarda täzeläp bermeýändigi we diňe kesgitli pasportlaryň möhletini 2024-nji ýyla çenli uzaldýandygy sebäpli, türkmenleriň köpüsiniň bikanun esasda ýaşaýandygyny aýdýarlar.

Bellesek, Türkmenistanyň öz raýatlary üçin wiza düzgüniniň ornaşdyrylmagyny soranyndan soň, Türkiýede bikanun türkmen migrantlaryny ele salmak we gysga wagtyň içinde olary yzyna deportasiýa etmek tagallalary hem güýçlendirildi.

Soňky ýyllarda, hususan-da global koronawirus pandemiýasy döwründe Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylaryň syýasy we raýat işjeňligi ýokarlandy. Eklenç aladalary sebäpli Türkiýede ýaşaýan türkmen migrantlary öz hökümetleriniň Türkmenistandaky durmuş-ykdysady problemalara çözgüt tapmaýşyndan nägile bolup, Stambulyň dürli sebitlerinde ençeme protest aksiýalaryny geçirdiler.

Türkmen migrantlarynyň arasyndaky protest hereketiniň işjeňleşmeginiň yzysüre, häkimiýetler Türkiýedäki migrantlary nyşana alyp başladylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG