Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Täze dünýäden". Aşgabatda Dworžagyň eserleriniň konserti geçirildi


Çeh kompozitory we dirižery Antonin Dworžágyň eserleriniň konserti. Aşgabat. 2022-nji ýylyň 18-nji sentýabry
Çeh kompozitory we dirižery Antonin Dworžágyň eserleriniň konserti. Aşgabat. 2022-nji ýylyň 18-nji sentýabry

Dirižer we sazanda Rasul Glyjow aýdym-saz tematiki "döredijiligi" bilen tomaşaçylary haýran galdyrmagyny dowam etdirýär. Bu gezek onuň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri, "Täze dünýäden" atly konserte tomaşaçylary ýygnady. Bu, çeh kompozitory we dirižery Antonin Dworžagyň iň köp ýerine ýetirilen, soňky liriki-dramatiki "9-njy simfoniýasynyň" ady. 18-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen bu konserte Azatlygyň habarçysy hem tomaşa etdi.

Dworžagyň “Täze dünýäden” atly simfoniýasy 18-nji sentýabrda Aşgabatda uly üstünlik bilen ýerine ýetirildi. Tomaşaçylar ýa-da Rasul Glyjowyň ilkinji gezek atlandyryşy ýaly, "diňleýjiler" ýene-de aýdym-saz bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe boldular. Simfoniýada üflenip çalynýan gurallar möhüm rol oýnady. Diňleýjiler bu saz gurallarynda uy ussatlyk bilen ýerine ýetirilen sazdan doly lezzet aldylar.

“Täze dünýäden” simfoniýasynyň premýerasy 1993-nji ýylyň dekabrynda Nýu-Ýorkyň Karnegi konsert zalynda üstünlik bilen geçipdi. Klasiki aýdym-saz muşdaklary, Dworžagyň birnäçe ýyllap (1992-1995) Nýu-Ýorkyň konserwatoriýasynda müdir we dirižer bolup işländigini hem-de eserini "täze mümkinçilikler ýurdunda" aýdym-saza bolan täzeçe garaýyşynyň täsiri astynda ýazandygyny bilýärler. Sazandanyň özi-de "burny bar bolan her kim simfoniýada Amerikanyň täsirini duýmalydyr" diýip ýazypdy.

Hünärmenler "simfoniýa ýurduň milli sazyna esaslanýar" diýip belleýärler. Amerikanyň milli sazy näme? Bu, dürli medeniýetleriň wekilleriniň zor bilen ýa-da meýletin daşary ýurda göçüp, özleri bilen alyp baran aýdym-sazlarynyň mozaikasydyr. Kompozitor bu dürli aýdym-saz akymlaryny eşitmegi we duýmagy başardy.

Aşgabatda geçirilen konsertde "Täze dünýäden" simfoniýasy bir demde ussatlyk bilen ýerine ýetirildi, esasanam ajaýyp sazyň ýerine ýetirilişine doly berlen dirižer gaty köp energiýany sarp etdi. Belki, şonuň üçinem Amerikaly kompozitor Leonard Bernştaýnyň "Kandit" operasyndan öňünden yglan edilen eserler bu konsertde ýerine ýetirilmedi. Diňleýjiler ony belki-de başga bir gezek eşidip biler.

Aşgabat, 2022-nji ýylyň 18-nji sentýabry
Aşgabat, 2022-nji ýylyň 18-nji sentýabry

Ýöne Bernştaýnyň meşhur "Westside hekaýasy" eserinden aýdymlarynyň Bibijemal Amanowa we Nury Nurymow tarapyndan ýerine ýetirilmegi tomaşaçylaryň göwnünden turdy.

Bu, dünýäniň iň tanalýan sazlaryň biridir. Şekspiriň "Romeo we Juliýeta" kyssasy 20-nji asyryň ortalarynda Nýu-Ýorkuň Manhetten böleginiň günbatar tarapynda (Westside) gaýtalandy. Eser 1957-nji ýylda Brodweýde sahnalaşdyryldy we 732 gezek görkezilmeginden soň dünýä ýurtlaryna syýahat etdi. 1961-nji ýylda Leonard Bernştaýnyň sazy şol bir at bilen "Oskar" baýragyny gazanan filmde müdimileşdirildi. 2021-nji ýylda Stiwen Spilberg "Oskar" baýragyny gazanan öz filminde eseriniň üstünligini ýene bir gezek gaýtalady. Bu eseriň aýdymlary özbaşdak we meşhur eserlere öwrüldi.

Bibijemal Amanowa we Nury Nurymow
Bibijemal Amanowa we Nury Nurymow

Bibijemal Amanowa we Nury Nurymow aýdymlaryň käbirini iňlis dilinde ajaýyp ýerine ýetirdiler. Bibijemal Amanowanyň konsert köýnegi Şekspiriň stilindäki döwrüni ýada saldy.

Mýuzikldäki simfoniki tanslaryň ýerine diňe “Mambo” ýerine ýetirildi. Emma nähili! Rasul Glyjowyň özi dirižeryň münberinden çalasynlyk bilen aşak düşüp "tans edip başlady". Tomaşaçylaryň islegi bilen muny ýene gaýtaladylar. Şeýlelikde sazandanyň "Türkmenistanyň ýanyp duran ýaşlar simfoniki orkestri" bilen ýene bir duşuşyk tamamlandy. Ýaşlaryň kamera orkestri simfoniki orkestri bilen döredijilikli utgaşdy we sazandalar döredijilik güýjüni wepaly muşdaklary bilen paýlaşdy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG