Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýramalyda ýol heläkçiliginde dört adam ýogaldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda iki awtoulagyň birek-biregi bilen çaknyşmagy netijesinde dört adam heläk boldy. Bu ýagdaýlara şaýat bolanlaryň habarçymyza gürrüň bermegine görä, ‘Täze ýol’ geňeşliginiň golaýynda dörän bu ýol heläkçiliginiň sebitine halas ediş, şol sanda ýangyn söndüriji gulluklary has giç gelipdirler.

“25-nji oktýabrda iki ulagyň çaknyşmagy netijesinde, olaryň biriniň ýolagçylary ulagyň içinde gabaldylar. Ulag dessine ot alyp başlady. Ýangyn söndürijilere jaň etsek hem, olar diňe etrap merkezlerinde ýerleşýäni üçin, bu çetki ýaşaýyş nokadyna wagtynda gelip ýetişmediler. Adamlar gum sepip, öz güýçleri bilen ody söndürjek boldular. Emma bu başa barmady. Halas ediş, ýangyn söndüriji gulluklary gelende, eýýäm pajygaly iş boldy” diýip, şaýatlaryň biri 26-njy oktýabrda habarçymyza gürrüň berdi, şeýle-de ulagyň içinde ýangynda heläk bolanlaryň sesleriniň heniz hem gulagynda ýaňlanyp durandygyny sözüne goşdy.

Belläp geçsek, Azatlyk Türkmenistanda ýangyn howpsuzlyk gullugynyň ulaglarynyň ýangynyň ýa-da heläkçiligiň bolan ýerine has giç gelýändigi, kä halatlarda gelip ýetişse-de olaryň suwsuz barýandygy barada habar beripdi.

Marydaky habarçymyz ulagda heläk bolanlaryň şahsyýetini hem anyklamagy başardy. Onuň sözlerine görä, ulag ot alanda sürüji bilen ýene-de sebitiň orta hünär mekdebiniň talyplary hem heläk bolupdyr.

Baýramalynyň polisiýa müdirligi, şol sanda ýangyn söndüriji gullugy ýokarky heläkçilikli hadysa boýunça Azatlygyň soraglaryna jogap bermekden ýüz öwürdiler. Bu hadysa barada erkin maglumat akymyny berk çäklendirýän ýurduň habar serişdelerinde hem hiç zat aýdylmady.

Türkmen häkimiýetleri adam heläkçiligi bilen baglanyşykly betbagtçylyklar we tebigy hadysalar barada resmi taýdan habar bermeýär. Içeri işler ministrligi we polisiýa bölümleri ýol heläkçilikler barada habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryny kommentirlemekden boýun gaçyrýar.

Bellesek, Azatlyk bu heläkçilikli hadysanyň öňýany Marynyň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleriniň durmuş maksatly desgalara, hojalyk jaýlaryna we hususy eýeçilikdäki dükanlara aýlanyp, ýangyn döredip biljek enjamlary barlaýandygy, emma iş ýüzünde munuň ilatdan para almagyň ýene bir guralyna öwrülendigi barada maglumat beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG