Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze çäkler: Türkmenistanda haýsy etraplar ýatyrylýar, haýsy ilatly sebitleriň atlary üýtgedilýär?


Illýustrasiýa suraty. Bäherden etrabynyň Arçman obasy. Maý, 2022 ý.
Illýustrasiýa suraty. Bäherden etrabynyň Arçman obasy. Maý, 2022 ý.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany Türkmenistanyň täze dolandyryş-çäk bölünişigine düşünmäge synanyşýar.

22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary, welaýat häkimleri we käbir ministrlikleriň ýolbaşçylary mejlis geçirip, beýleki käbir meseleler bilen bir hatarda ýurduň dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgetmegi maslahat etdi.

Ýygnagy Halk Maslahatynyň başlygy, eks-prezident Gurbanguly Berdimuhamedow alyp bardy.

Ýurduň parlamentiniň aşaky öýüniň, Mejlisiň başlygy Gülşat Mämmedowa hem-de Halk Maslahatynyň başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýew duşuşygyň dowamynda welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meseleleri boýunça işlenilip düzülen teklipler barada çykyş etdiler.

Täze çäkler: Türkmenistanda haýsy etraplar ýatyrylýar, haýsy ilatly sebitleriň atlary üýtgedilýär?
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Eýsem, ýurtda nähili dolandyryş-çäk bölünişigi işlenilip düzüldi? Haýsy etraplara ýa-da geňeşlikler haýsy ilatly nokatlara berkidildi? Haýsy ilatly nokatlara taryhy atlary gaýtarylyp berildi? Haýsy ilatly nokatlar ýatyryldy, haýsy ilatly sebitlere täze status berildi?

Dünýä Türkmenleriniň bu sany Türkmenistanyň täze dolandyryş-çäk bölünişigine düşünmäge synanyşýar.

Döwlet metbugatyna görä, täze teklipler bilen ýurduň dolandyryş-çäk gurluşyny munda beýläk-de kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Täze üýtgetmeler bilen ýurtda 28 million manat möçberinde pul serişdesini tygşytlamak meýilleşdirilýär.

Bu tema girişmezden ozal, Türkmenistanyň häzirki dolandyryş-çäk gurluşyna gysga nazar aýlaly.

Kanunçylyk

“Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda” 2009-njy ýylyň 18-nji aprelinde kabul edilen kanun ýurduň ilatly nokatlarynyň hukuk durumyny kesgitleýär.

Türkmenistanyň çägi welaýatlara, welaýat hukukly şäherlere, etraplara, etrap hukukly şäherlere, etrapdaky şäherlere, şäherçelere, geňeşliklere we obalara bölünýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda bir sany welaýat hukukly şäher bar – ol hem ýurduň paýtagty Aşgabat şäheri bolup durýar.

Ýurduň dolandyryş-çäk gurluşyna Ministrler Kabinetiniň rekomendasiýalary boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan garalýar.

Türkmenistanda bir oba. Arhiw suraty. 2014 ý.
Türkmenistanda bir oba. Arhiw suraty. 2014 ý.

Türkmenistanyň ilatly ýerleri şäher we oba ilatly ýerler hökmünde ikä bölünýär, şäher ilatly ýerlere şäherler we şäherçeler, oba ilatly ýerlere bolsa obalar degişli bolup durýar.

Türkmenistanda üç görnüşli şäher bar – olar welaýat hukukly şäherler, etrap hukukly şäherler we etrapdaky şäherler bolup durýar.

Haýsydyr bir ilatly nokadyň şäher, şäherçe, geňeşlik ýa-da oba hasaplanmagy üçin nähili şertler bar?

Meselem, Aşgabat şäheri hukuk durumy boýunça kanun taýdan welaýat hukukly şäher hasaplanýar. Näme üçin?

Welaýat we etrap hukukly şäherler

Türkmenistanda haýsydyr bir şäheri welaýat hukukly şäher yglan etmek üçin onuň ilaty 500 müň adamdan az bolmaly däl, we welaýat hukukly şäher yglan edilýän ilatly ýer ýurduň ykdysady, syýasy we medeni merkezleriniň biri bolmaly. Bu talaplary häzirki wagtda ýurduň diňe paýtagty, Aşgabat şäheri berjaý edip bilýär.

Haýsydyr bir şäheriň etrap hukukly şäher yglan edilmegi üçin, onuň ilaty azyndan 30 müň adam bolmaly. Galyberse-de, etrap hukukly şäher welaýatyň ykdysadyýet we medeniýet taýdan esasy merkezleriniň biri bolmaly. Muňa garamazdan, kanunçylyk kähalatlarda ilat sany 30 müň adamdan az bolan, ýöne senagat, durmuş-medeni we dolandyryş taýdan möhüm ähmiýetli hasaplanýan ilatly sebitleriň etrap hukukly şäher yglan edilmegine rugsat berýär.

Meselem, Tejen şäheri, ýa-da Köneürgenç şäheri şu wagta çenli etrap hukukly şäher hasaplanýardy. Ýöne soňky üýtgetmeler bilen bu şäherleriň hukuk derejeleri etrapdaky şäher derejesine düşürildi. Soňky üýtgetmeler başga-da birnäçe şäherleriň hukuk derejesine täsir etdi. Bular barada, gepleşigiň dowamynda giňişleýin gürrüň ederis.

Etrapdaky şäher

Eýsem, etrapdaky şäher derejesi üçin nähili şertler talap edilýär? Haýsydyr bir ilatly ýeriň etrapdaky şäher yglan edilmegi üçin, onuň ilaty azyndan 8 müň adam bolmaly. Ýöne durmuş taýdan ösen şäherçelere, hatda olaryň ilaty 8 müň adamdan az hem bolsa, kadadan çykma görnüşinde etrapdaky şäher derejesi berlip bilinýär.

Meselem, soňky teklipler bilen etrap hukukly Serdar, Tejen we Köneürgenç şäherleriniň hukuk derejesi etrapdaky şäher deresine düşürildi.

Şäherçeler we obalar

Şäherçeleriň azyndan 2 müň adamdan ybarat ilaty bolmaly. Ýöne, bu ýerde hem kadadan çykma görnüşinde möhüm durmuş desgalaryny özünde jemleýän obalara hem, ilat sanyna garamazdan şäherçe hukugyny bermäge ygtyýar berilýär.

Türkmenistanda şu wagta çenli 1700 töweregi oba bardy. Eýsem, ilatly nokadyň oba hasaplanmagy üçin nähili şertler gerek? Ilat sany wajyp. Obanyň ilat sany azyndan 50 adam bolmaly we oba ilaty kowçum bolup ýaşaýan bolmaly, ýagny öýler bir ýere çugdamlanan gurluşda bolmaly.

Döwlet häkimiýetiniň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary

Welaýat, etrap we şäher häkimlikleri Türkmenistanda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary bolup durýar. Türkmenistanda welaýat, etrap, we şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary we olaryň orunbasarlary prezident tarapyndan wezipä bellenilýär.

Welaýatlarda, şäherlerde we etraplarda döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli edaralary hereket edýär. Welaýat, şäher we etrap halk maslahatlary döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary bolup durýar.

Welaýatlarda, etraplarda we şäherlerde ýerli halk maslahatlary döwlet häkimiýetine wekilçilik edýär, häkimlikler ýerine ýetiriji häkimiýete wekilçilik edýär, bular bilen bir hatarda ýurtda ýerli geňeşler hem bar. Eýsem, olaryň wezipesi näme? Geňeş, kanun taýdan, etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň çäginde ýerli öz-özüni dolandyryş wezipesini amala aşyrýar we wekilçilikli edara hasaplanýar. Geňeşliklere arçynlar ýolbaşçylyk edýär. Arçynlaryň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyl bolup, kagyz ýüzünde, Türkmenistanda, arçynlar geňeş agzalary tarapyndan gizlin ses bermek arkaly saýlanýar.

Oba ilatly ýerlerde döredilen geňeşlikler birnäçe obany öz içine alýar.

Soraglar

Temadan daşlaşman, Türkmenistanyň täze dolandyryş-çäk bölünişigine dolanyp gelsek, şeýleräk bir sorag ýüze çykýar, eýsem, näme üçin Türkmenistanda Tejen, Köneürgenç we Serdar, häzirki ady bilen Gyzylarbat ýaly etrap hukukly şäherleriň hukuk derejesi bir diş peseldilip, olara etrapdaky şäher derejesi berildi? Eýsem, bu şäherleriň ilat sany azaldymy, ýa-da degişli ilatly sebitlerde möhüm durmuş ähmiýetli desgalar, senagat kärhanalary azaldymy? Bu soraglaryň jogaby aýdyňlaşdyrylmaýar. Bu şäherler aslynda etrapdaky şäher derejesinde bolsa, ozal näme sebäpden olara etrap hukukly şäher derejesi berlipdi? Ýa-da Türkmenistanyň kanun namalarynda etrap hukukly şäheriň ýa-da etrapdaky şäher derejesiniň kriteriýalaryna üýtgetmeleri girizmek göz öňünde tutulýarmy?

Sanlar

Mejlisiň başlygy Gülşat Mämmedowanyň sözlerine görä, häzirki wagtda Türkmenistanda 6 etraby, 5 sany etrap hukukly şäheri, 1 sany şäherdäki etraby, 2 şäherçäni, 36 sany geňeşligi ýatyrmak we 36 sany obany dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýyrmak göz öňünde tutulýar. Şeýle-de, döwlet metbugatyna görä, ýurtda şäherleşme derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, 6 oba şäherçe derejesini bermek, 19 obany we 3 sany şäherçäni şäherçelere birikdirmek, galyberse-de, 6 sany ilatly ýere oba derejesini bermek meýilleşdirilýär. 2 etrabyň, 3 şäheriň, 4 şäherçäniň, 3 geňeşligiň hem-de 21 obanyň adyny üýtgetmek göz öňünde tutulýar. Häzir bu sanlara ýakyndan serederis!

Türkmenistanda bir oba. Arhiw suraty. 2012 ý.
Türkmenistanda bir oba. Arhiw suraty. 2012 ý.

Ahal welaýaty

Birinjilik bilen, Ahal welaýaty boýunça teklip edilýän dolandyryş-çäk üýtgetmeleri: Ozalam aýdyşymyz ýaly, Ahalda etrap hukukly Tejen şäheri etrapdaky şäher derejesine düşürilýär we Tejen şäheri Tejen etrabynyň merkezi hökmünde galýar.

Ak bugdaý etrabynda Bagabat şäherçesi, Kasamly jülge obasy, Guryhowdan obasy, Birleşik obasy dolandyryş-çäk birlikleriniň sanawyndan aýrylýar. Şeýle-de, Ak bugdaý etrabynyň Akýaýla obasy we Balykçy obasy Ýaşlyk şäherçesine geçirilýär, Akýaýla geňeşligi ýatyrylýar. Ak bugdaýyň Gäwers geňeşligi ýatyrylýar, onuň düzümindäki Gäwers we Gäwers bekedi obalary Bereketli zaman şäherçesine geçirilýär.

Sarahs etrabyndaky Döwletabat obasy we Garaman obasy Sarahs şäherine birikdirilýär we bu obalar dolandyryş-çäk sanawyndan aýrylýar.

Umuman aýdylanda, täze tekliplere laýyklykda, Ahal welaýatynda Ak bugdaý, Babadaýhan, Bäherden, Gökdepe, Kaka, Sarahs we Tejen etraplary, jemi ýedi etrap welaýatyň çäginde galdyrylýar.

Balkan welaýaty

Balkan welaýatyndaky iri üýgeşmeler barada aýdylanda, Hazaryň ýakasynda ýerleşýän Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etraby ýatyrylýar. Şeýle-de, etrap hukukly Gumdag we Hazar şäherleri şäherçe derejesine düşürilýär we bu şäherçeler Balkanabat şäheriniň tabynlygyna geçirilýär. Balkan welaýatynda ýene-de bir möhüm üýtgeşme, bu hem, Serdar etrabynyň taryhy adynyň gaýtarylyp berilmegi bolup durýar. Serdar etrabyna Gyzylarbat ady gaýtarylyp berildi. Şeýle-de, etrabyň dolandyryş merkezi bolan etrap hukukly Serdar şäherine, ýagny häzirki etrap hukukly Gyzylarbat şäherine etrapdaky şäher hukuk derejesi berildi.

Umuman, Balkan welaýatynda Bereket, Esenguly, Etrek, Magtymguly, Gyzylarbat we Türkmenbaşy etraplary welaýatyň çäginde galdyrylýar.

Daşoguz welaýaty

Daşoguz welaýatynda Gubadag etraby Boldumsaz etrabyna, Gurbansoltan eje etraby Akdepe etrabyna birikdirilýär. Akdepe etrabynyň dolandyryş merkezi Gurbansoltan eje şäherine göçürilýär. Gubadag we Gurbansoltan eje etraplary ýatyrylýar. Şeýle-de, welaýatdaky S.A Nyýazow adyndaky etrabyň ady Şabat etraby hökmünde üýtgedilýär.

Umuman aýdylanda, täze üýtgeşmeler bilen Daşoguz welaýatynda Akdepe, Saparmyrat Türkmenbaşy, Şabat, Boldumsaz, Görogly, Köneürgenç we Ruhubelent etraplary, jemi ýedi etrap galdyrylýar.

Lebap welaýaty

Lebap welaýaty barada aýdylanda, sebitiň Döwletli we Farap etraplary ýatyrylýar. Döwletli etrabynyň Döwletli şäherçesi Hojambaz etrabyna, Dostluk şäheri, Amyderýa we Kerkiçi şäherçeleri hem-de Daşrabat, Burguçy, Ýalkym, Türkmenistan we Serdar geňeşlikleri Köýtendag etrabyna birikdirilýär. Farap etraby Çärjew etrabyna birikdirilýär. Halaç etrabynyň Garabekewül şäheri, Yslam şäherçesi we başga-da birnäçe geňeşlikleri Saýat etrabyna geçirilýär.

Umuman aýdylanda, Lebap welaýatynda Çärjew, Darganata, Dänew, Halaç, Hojambaz, Kerki, Köýtendag we Saýat etraplary galdyrylýar.

Mary welaýaty

Mary welaýatynda hem iki etrap ýatyrylýar. Welaýatyň Oguzhan we Serhetabat etraplary ýatyrylýar. Serhetabat etraby tutuşlygyna Tagtabazar etrabyna geçirilýär. Oguzhan etrabynyň bir bölegi (Şatlyk şäheri, Döwletli zaman, Parahat şäherçeleri, Altyn zaman, Aýhan, Daghan, Gökhan, Günhan, Merdana we Ýyldyzhan geňeşlikleri) Sakarçäge etrabyna; beýleki bir bölegi (Deňizhan, Oguzhan şäherçeleri we Deňizhan, Dostluk geňeşlikleri) Murgap etrabynyň düzümine geçirilýär.

Umuman aýdylanda, Mary welaýatynda Baýramaly, Garagum, Mary, Murgap, Sakarçäge, Türkmengala, Tagtabazar, Wekilbazar we Ýolöten etraplary, jemi dokuz etrap galdyrylýar.

"Tygşytlamalar"

Täze teklipler bilen tutuş Türkmenistan boýunça 37 etrap, 6 sany etrap hukukly şäher, 5 sany şäherdäki etrap, 42 sany etrapdaky şäheri, 68 şäherçe, 469 geňeşlik we 1690 oba galdyrylýar.

Soňky sapar Türkmenistanda ilatly ýerleriň dolandyryş-çäk bölünişigi 2018-ýylda iri üýtgeşmeleri başdan geçirdi.

Yglan edilen soňky planlar bilen 28 million manat möçberinde býujet serişdesiniň tygşytlanylmagyna garaşylýandygy aýdylýar. Şeýlelikde, walýutanyň gara bazar nyrhy bilen 1,4 million dollar, resmi alyş-çalyş kursy boýunça 8 million dollar möçberinde pul serişdesiniň tygşytlanylmagyna garaşylýar.

Ýöne ýerli hünärmenler bu tygşytlamalaryň peýda däl, gaýtam, uzak möhletde zyýan getirjekdigini aýdýarlar.

“Men bu mesele dogrusynda hökümetiň düzüminde häzir işleýän we ozalky ykdysadyýetçileriň ençemesi bilen söhbetdeş boldum. Hökümetiň dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgetmek boýunça soňky planlarynyň netijesinde býujetden aýlyk alýan 17 müň adamyň işini ýitirmegine garaşylýar. Olar şeýdip pul tygşytlajak bolýarlar. Emma iş ýüzünde, uzak möhletde Türkmenistanyň azyndan iki milliard manat ýitirmek howpy bar. Bu girdeji däl-de, tersine zyýan” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran Türkmenistandaky ozalky bir ykdysadyýetçi täze teklipleriň yglan edilmeginiň yz ýany Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Galyberse-de, soňky üýtgeşmeleriň ady üýtgedilen ilatly sebitlerde ýaşaýan adamlary goşmaça çykdajylara sezewar etmegine garaşylýar.

“[Balkan welaýatynyň] Serdar etrabyna ozalky Gyzylarbat adynyň gaýtarylmagy elbetde begendirmän duranok. Emma häkimiýetler mundan soňky işler üçin hem çykdajylary azaltsalar ýa-da ýeňillikleri döretseler gowy bolardy. Sebäbi etrabyň 200 müňe golaý ýaşaýjysy indi özleriniň şahsy dokumentlerini hem üýtgetmeli. Diňe bir içerki pasporty täzelemek üçin resmi ýagdaýda 150 manat çykarmaly, onuň üçin soralýan parany aýdyp hem durjak däl. Bu biziň maşgalamyzyň 2 günlük iýmit puly” diýip, anonimlik şertinde habarçymyz bilen söhbetdeş bolan balkanly ýaşaýjy täze teklipleriň yglan edilmeginiň yz ýany gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG