Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-özbek serehedindäki barlaglar geçişi uzaga çekýär


Türkmenistan we Öbegistan arasyndaky
Türkmenistan we Öbegistan arasyndaky

Türkmenistana Özbegistandan barýan ýolagçylar uzaga çekýän barlaglardan geçmeli bolýarlar. Wiza, koronawirus testi ýaly resmi düzgünlerden daşary, gümrük talaplary we adamlaryň el goşlarynyň barlaglary köp wagty alýar.

Goňşy Özbegistandan Türkmenistana barmak üçin Lebap welaýatynyň Farap gümrüginden geçýänleriň sany gün-günden artýar. Ýagdaýa syn edýän Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri ýolagçylaryň aglaba köpüsiniň Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Orsýet, Hindistan ýaly döwletlere baryp gelen adamlardygyny aýdýarlar. Olar adatça uçarly Özbegistana baryp, soň gury ýol ugry bilen Türkmenistana aşýarlar.

Ýerli habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ýolagçylaryň sözlerine görä, gelýänleriň köpdügi we koronawirus düzgünleriniň berjaý edilmegi adamlary serhetde ençeme sagatlap saklaýar.

"Serhetde gelýän raýatlardan COVID-19 garşy test alnyp, bu testiň netijesine 7 sagadan 10 sagada çenli garaşmaly bolýar. Lebap welaýatynyň keselleriň önüni alyş gullygy tarapyndan test alnyp, ol testler Türkmenabadyň merkezine 50 kilometr uzaklyga alnyp gidilýär we laboratoriýada barlanýar. Testiň netijesi anyklanýança şol Farap gümrüginde 7 sagat töweregi eglenmeli bolýar" diýip, çeşmeleriň biri gürrüň berdi.

Türkmenistana uçar arkaly we guryýer araçäklerden geçýän raýatlaryň ählisine COVID-19 testinden geçmek hökmany bolmagynda galýar. Testiň bahasy 120 manat, ýagny resmi kurs boýunça 34 dollar çemesi.

Şeýle-de, serhetde gümrük barlagy uzaga çekýär. Goşlarda çilim, derman we alkogol ýaly zatlaryň mukdaryna aýratyn üns berilýär.

"Migrasiýa gözegçiliginden geçen raýatlar Gümrük nokadyna gelende has güýçli barlaga sezewar bolýarlar. Gümrük gullugy adamlaryň ýanynda 2 gutudan köp çilim bar bolsa, 'bolanok' diýip, galanyny alyp galýar. Çilim aýal-gyzlaryň goşlarynda tapylsa, ony dessine hemmesini alyp galýarlar. Gümrük işgärleri derman we alkogol içgileri bolsa, Türkmenistana getirmek gadagan diýip alyp galýarlar" diýip, serhetde geçen ýerli çeşmeleriň ýene biri habar berdi.

Soňky günlerde serhetden geçenleriň birnäçesiniň sözlerine görä, gümrükde adamlaryň el goşlaryny jikme-jik dörýärler.

"Ähli el goşuňy ýekeme-ýeke açyp görýärler. 'Bu näme, bu näme?' diýip yzly-yzyna soraýarlar we hemme zada 'bolanok' diýýärler" diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýolagçy gürrüň berdi.

Türkmenistan global pandemiýanyň başynda, 2020-nji ýylda girizen hereket çäklendirmelerini gowşadyp, serhetleri ýuwaş-ýuwaşdan açyp başlansoň, soňky aýlarda Özbegistana sapar etmek isleýän türkmenistanlylar köpelýär.

Bu raýatlaryň käbirleri söwda etmäge ýa-da Özbegistanyň üsti bilen beýleki döwletlere aşmaga çalyşýan bolsalar, ýene-de ençemesi serhediň beýleki tarapyndaky dogan-garyndaşlary bilen uzak arakesmeden soň görüşmäge howlugýarlar.

Azatlygyň habarçylary türkmen häkimiýetleriniň türkmen raýatlarynyň Özbegistana gidende-de gözegçilik edýändigini habar beripdi.

Hususanda, Türkmenistandan Özbegistana gitmek isleýän raýatlaryň köpelýän mahaly, ýurduň Milli howpsuzlyk ministrliginiň Lebap welaýatyndaky işgärleriniň goňşy ýurda sapar edýän türkmenistanlylar bilen söhbetdeşlik geçirýändigini mälim boldy. Bu maglumaty söhbetdeşliklere çagyrylan raýatlaryň ençemesi bilen gepleşen Azatlygyň habarçysy 8-nji dekabrda berdi.

Söhbetdeşliklerde raýatlardan esasan Türkmenistan barada erbet gürlemezlik, negatiw sözleri aýtmazlyk talap edilipdir we olara Özbegistandaky türkmen diasporasynyň nähili şertlerde ýaşaýandygyny öwrenmek tabşyrylypdyr.

Bu aralykda Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňünde her gün ýüzlerçe adam nobata durup, özbek wizasyny almaga çalyşýar.

Özbegistan türkmen raýatlaryndan wiza talap edýär. Özbegistanda on gün galmaga rugsat berýän özbek wizasy $51, 20 günlük üçin $71 we 30 günlük üçin $91 durýar. Habarçylaryň maglumatlaryna görä, özbek ilçihanasy bu tölegleri manatda, dollaryň gara bazar nyrhynda kabul edýär. Serhetýaka, ýagny Farap, Darganata we Dänew ýaly etraplaryň ýaşaýjylary üçin käbir ýeňillikler göz öňünde tutulýar. Olar 850 manat, ýagny gara bazaryň kursunda $42 töläp, üç gün Özbegistanda bolup bilýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG